| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Mart 10, 2012 | 0 teswir | 951 okalan

Bugün düýnüm hakynda ir-daňdan ýazyp otyryn. Düýn... Geçen gün... Dolanmajak söýgüli ýaly... Hernä her günümize söýenimiz derejesinde garamaýanymyzam gowy zat. Bu wagtyň gadyryny bilmezlik däl. Bir wagtlar ölen günlerim diýip gündelik ýöredipdim. Günlerimi öz elim bilen jaýlapdym. Biz adamlary hem jaýlaýarys ahyryn. Dostlarymyzy, ýakynlarymyzy, ene-atalarymyzy, örän beýik ynsanlaram jaýlaýarys. Ýüregimiz gyýym-gyýym bolsa-da, bu bize Allanyň goýan dessury. Günlerimizem şeýle. Wagty saklap bolmaýar. Saklamak bolmaýar. Oňa ýetişibem bolanok, ondan gijä-de galynmaýar. Çüki, ýetişeniň ýa gijä galanyň işiňdir, borjuňdyr, etsem-petsemleriňdir. Hatda özümiz bu dünýä wagtynda gelip, wagtynda-da gitmeýäris. Wagtymyz gelen pursadymyzdan biziň üçin başlanýar, gidemizde-de iziň üçin tamam bolar. Howlugybam oturma, gijä galdym diýibem gynanma. Edenleriňe begen, etjekleriňe ýaltalyk etme. Sen wagtyňy ýele sowurýandyryn öýtme, özüň ýele sowrulýaň. Sen gelip meniň wagtymy alaňok, ömrümden gädýäň. Wagt sagadyň dili. Ol aýnaň aýňyrsynda arkaýyn aýlanyp dur. Tutmaýaram, tutdurmaýaram. Biziň oňa gözümiz gidýär. Onça bolup bilmeýänimize gahar edýäris. Oňa bahylçylygymyz oýanyp, özümize azar berýäris. Ýaryşa goşulan at bellenilen aralygy näçe minutda geçjekdigini bilenok, asla bilibem biljek däl. Emma elinden gelenini edip çapýar. Sagat tutup oturan seýis onuň aralygy näçe wagtda geçenini hasaplaýar. Eger at wagty bilen başagaý bolsady çapyşyna täsir ederdi. Kimine gowy, kimine erbet. Biz elbetde at däl, wagtyň bardygyny, bize berlen nygmatdygyny, ony boş geçirmeli däldigimizi bilýäris. Emma, çapuw ýodasyna düşdükmi, goý wagtyň pikirini. Toýnagyňy ýere batly ur, bar güýjüň bilen öňe omza. Seýisiň senden razy bolsun.

Düýnüm şeýle-de geçdi. Şu günümiňem şeýle geçerini dileýän. Her günümi şeýle geçirmegi arzuw edýän...  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.