Gündelik ýatdan çykyp gidipdirä. Ýogsa günler gaty doly geçýär. Işde-de, öýde-de. Kinomyz resmi edaralaryň hemmesinden geçdi. alynyp başlanjak. Güneşli howa gerek, hemem ssenariýni ýene biraz güýçlendirmek isleýäs.
Akmyrat agaň ogly Hytaýda uşudan ýeňiji bolup geldi. Ýeke özem däl 3 altyn ýene 3 kümüş, şonça-da bürnç alypdyrlar öýdýän. Bir gyz uşuçymyz, türkmen gyzy, ady Jeren aňyrda terminator lakamyny alypdyr. Çykanyny derrew ýeňýär. Elinden zordan alýarlar. Finala çykan garşydaşy özündenem daýaw, uzyn. Şunam ýeňermikä diýsem, onam derrew ýenjip ugrady. Şeýle bir çalasyn hem batyr uruşýar welin, oň öňünden oglan bolubam çykar ýaly däl. Başga bir finalistimiz garşydaşyny 5 sekuntda ýeňdi. Ýumruk iýen hytaýlyny araba mündürip äkitdiler. Akmyrat agaň oglam garşydaşlarynyň baryny ýeňipdir. Hezil edip widiolaryny gördüm. Türkmenler uşudan Hytaýda ýeňiş gazanýan bolsa türkmen futbolçylaram Ispaniýada, Angliýada şeýdip ýeňiş gazansalar gerek diýýäň. Arman bu boş hyýala meňzeýär. Sebäbi biziň uşuçylarymyz ýaly futbola ýüregi bilen ýapyşýan ýok ýaly. Gurban Berdiýew bärde bolsady. Sport hakynda gowy makala ýazasym gelýär. Näme ýazjagymam bilýän, arman wagt ýok diýen ýaly. Işde işiň derdi ýetik. Öýde-de bir gowy zady terjime edip žurnala bermegiň aladasynda. Kinonam gutardym etmeli. Hydyr bu gün kinoçylar bilen athanalara aýlanyp gelipdir, ýadapdyr. Men işden sypyp bilmän gidip bilmedim.
Howaň üýtgeýändenmi ýüregimem azar berjek bolýar. Gündeliklere girýän dostlarym, tanyşlarym. Biraz gyzykly hem peýdaly zatlary okasyňyz gelýändir. Men bolsa ýetişip bilenmokdan başga zat ýazamok. Bagyşlaweriň....
Teswirler (4 sany)
Ýok, meniň pikirimçe futbolumyz SSSR döwründe futbolda oýun, sudýa satyn almak ýaly zatlary öwrenip ýoly ýalňyş tutdular. Ökde öňe çyksyn diýmediler. Gurban aga ýlylar gitmeli boldular. Uşuda häzirä oňatçylyk. Şol federasiýany açan adam häzirem başlygy, ýygyndy komandaňam treneri.
Futbol uşu garanyňda kollektiw oýun. Uşuda ýeňiş üçin esasan, sportsmeniň we treneriň yhlasy ýetik. Futbol üçin bolsa pesinden 15 adam agzybir bolup oýnamaly. Ol ýerden bul ýere ýaryşa gitmek üçin 15 adamyň, ýa-da ondanam köp adamyň çykdajysy gerek. TM resmileri top kowalap ýörenlere onça çykdajy edesi gelenok. Şonuň üçinem bizde futbol ösenok. Hany, Köpetdag, hany Nisa? Eger birden zehinli futbolçy çykaýsa-da, ol daşary ýurda oýnamaga gider. Sebäbi TM-de olara bary-ýogy 300 $ berýärler. Uşu-çylar daşary ýurda gitmez. Sebäbi uşuda futbol ýaly hakyna tutma oýunçy alnanok.
Gurban Berdiýew bärde bolsady diýýäň. Hiç zadam edip bilmeýär Berdiýew. Ýadyňa düşýän bolsa, Nisa öz öýünde özbelkeň komandasyny 5-0 utdy. Gurban Berdiýew bolsa, TM-de özüne az hak tölenýänine gahar edip, oýnuny satdy. Özbekleň komandasy öz ýerinde Nisany 6-0 utdy. Hakyny tölemeli. Sporty ösdürmek barada mediada boş gürrüň etmän, hakykatdan tüýs ýürekden ösdürmäge çalyşmaly. Ana, şonda TM futboly öser.
Mümkin futbola has köp pul gerekdir. Ýöne mesele pula direse çözjek oglanlar bizde ýokmuka? Futbolumyzyň ösmegini çynym bilen isleýän. Ýöne stadionlarda gyzylgyran bolunjak bolsa däl.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Uşu bilen futbol barada gürrüni azajyk gineltmek isledim. Uşuda gazanan üstünligimizi futbolda gazanyp bilmeyanligimiz futbolyn topar bolup oynalyandygyndanmyka?