Düýn bir goşgy ýazdym. Agşam namazymy okap irkilipdirin. Galasym gelmedi. Ýassymy okamaga turmalydygymy welin bilýän. "Merdiwana" "men bir diwana" ýaly söler kellämde kapýalaşyp ugrady. Bolmanda gowy kapiýany belläp alaýyn, köpden bärem goşgy ýazamok diýip kompýuteriň başyna geçdim. 1 sagadyň dowamynda goşgyny ýazyp boldum. Kynçylyksyz ýazyldy. Emma temasy agyrdy. Ömrümiň iň soňky merdiwanyna çykdym. Onuň gurruk guýa alyp barýanynam bilemok, howada gaýdyrýanynam... Gowsy men ony häzir goşgulara goýaýyn. Özüm bu setirleri näme üçin ýazdymkam diýip oýlandym. Soň öz goşgymyň täsirinden bir hili süňňüm gowşap gitdi. Dogrudanam soňky merdiwan. Bolaýsa 15-20 basganjagy bar. Hernä jennede alyp çykjak merdiwanym bolsun. Bu merdiwan belki saplanmakdyr. Dowzahda görmeli jebriňi bärde görmekdir. Sebäbi iň soň, jemleýji ýyllar. Kömege mätäçlere kömek etmäge çalyşaýyn. Özümi bilmeýän bolaýmaýynam diýýän. Özüme aşa baha berýän bolaýmaýynam diýýän. Ýöne soňumyzyň ýakynlany görnüp dur. Allahym kömek et! Aýaklarymy dürs basdyr, dilime artykmaç zatlary diýdirme, akylymy diňe Seniň ugruňdan barýan ýolda ilerlemegim üçin ulanmaga kömek et. Ýüregimden saplygy alma. Kyn güne goýsaň, agyr pikrleri getirseň diňe päklenmegime ýönelen bolsun.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.