Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzdygyna ýene bir gezek şükür etdim. Muňa geň bir wakasebäp boldy. Gündeliklerime bir agzadan hat gelipdir. Ol meniň bilen bir etažda işleýän eken. Täret alamda görýän bolmaga çemeli. Ol tualetdäki el ýuwulýan rakowinalar döwülýär siziň täret alýanyňyz üçin diýýär. Her gezek elini ýuwjak bolanda rakowina gopup aýagyna gaçaryndan gorkýan eken. Men oňa gorka döwülmez diýäýsemem, gorkjak diýip jogap berse gerek. Sebäbi onuň aladasy rakowina däl, biziň täret alýanymyz bolmaga çemeli. Garaşsyzlygymyz nähili gowy. Indi biz öz dinimizi arkaýyn ýöredip bilýäris. Bu biziň konstitusion hukugymyz. Her bir türkmenistanlynyň namaz okamaga hukugy bar. Elbetde, siziň konstitusiýa garşy çykmak meýliňiz ýokdur. Ýöne, kärdeş sizden bir haýyşym bar. Siz örän görgür, jemgyýetçiligiň aladasyny edýän adama meňzeýärsiňiz. Şonuň üçin eger mümkinçiligiňiz bar bolsa, muňa güýjüňiz ýetýän bolsa, namaz okaýan kärdeşleriň hakynda hem aladalanyp, olar üçin täret almaga, synja kylmaga amatly şertleriň döredilmeginiň hm aladasyny edäýseňiz.
Ine, dostlar, şeýleräk işdeş ýoldaşlarymam bar.
Hepdäň ahyrynda Hydyr bilen, ýakyn dostlarymyz, has ýakyn ýegenimiz bilen çöle, çomuja gidýäris. Ýazam çykdy. Agaçlaryň ýalaňaç şahalary barha çala bildirýär. Dünýä ýaşyllaşýar. Toý lybasyny geýýäne meňzeýän baglaryň arasynda ýerleşýän bir öýe ýasa bardyk. Içimden bu ne alamat diýdim. Ýa agaçlar ýas tutanda ýaşyl geýinýärmikä? Bu pikirlerimi ýasa bile giden ýoldaşymyz bozdy. Agşamlaryna hokkeý görýän eken. Dinamo Moskwa SKA s.Peterburgy 6:0 edip utupdyr. Şony gürrüň berdi. Beýleki bir ýoldaşymam ýaşyňyz 60-dan geçipdir hokkeý görmäge wagt tapýaňyzaý diýdi. Olam näme tapman, gyzykly oýunlar bolýar diýişdirdi. Beýleki ýoldaşymam "Adamyň wagty kändirem welin, namaz okamaga-ha şol wagt ýetenok" diýdi. Menem gürrüňgyykdyrmak hem netijeli bolryny isläp: "Namazdan näme peýda bar? Ondan hokkeý göreniňem gowa, şeýle dälmi ýaşuly?" diýdim. Olam gülüp jogap bermedi. Men ýene: "Ýa namaz peýdalymyka?" diýdim. Ýaşuly: "Iýere zady ýok agzyny beklär, edere işi ýok namaz okar" diýip güldi. Menem oňa pahyr bolan başga bir işdeş ýoldaşymyz hakynda gürrüň berdim. Bende ölmeziniň bir hepde öňýanlarynda kelemesini çöwürmäni, kulhuallany, alhamy öwrenjek bolup kösenipdi. Hatda telefonda-da sorardy. Ajal kekirdegiňe münenden soň adam pahyr nämäň peýdalydygyny (hokkeýiňmi ýa namazyň) bilýärem welin giç bolýar diýdim. Olam maňa şol ýogalan işdeş ýoldaşymyzyň arak içişini gürrüň bermäge durdy. Ýöne gürrüňi özüne ýakmady. Biz aýrylyşdyk - her kim öz kabinetine gitdi.
Hawa, bu ýaz günleri her dürli wakalardan doly.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.