| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Aprel 25, 2012 | 1 teswir | 1058 okalan

Aprel gutaryp barýar. Ýazyň iň gowy aýy. Maý aýynda eýýäm howa gyzar. Geçen ýyllarda bu wagta tudanalar bişerdi. 10 gün töwereginde bişse gerek. Bu günler her gün irden 30 minutlyk gezim edýän. Obadan çykyp, tutluklaryň gyrasy bilen. Saglygyma gaty gowy ýaraýar. Kelläm durlanýar. Nesil gazetine bir hekaýa berdim. Atlarymyz barada. Iki günde ýetişdiräýseň diýdiler. Goşgy ýazylan ýaly ýazylyp gitdi. Redaksiýadakylar gowy gördük diýdiler. Bir hepde öňünden aýdan bolsak dagy gör nähilisini ýazardyň, iki günde şuny ýazypsyň diýişdiler. Bir hepde wagtym bolan bolsa, dogrudanam has gowam bolup bilerdi. Ýöne bolmanam bilerdi. Wagt bärde uly zat däl. Ýazylsa sähel salymda ýazylýar oturberýär. Ýazylmasa-da hiç ýazylanok. Terjimelerimiň gidişem gowy. Umuman işlerim erbet däl, şükür. Bölümime bir gowy işgär gerek. Tapyp bilmän ýörün. Gowy biri bolanda işim hasam ýeňlejek. Oglanlara haýran galýaryn. Gaty ýalta bolupdyrlar ýa-da etmeli işi edere hiç wagtlary ýok.

Birazajyk ýürek gysdyryjy meselelerem çykýar. Olaram çözüler gider-le inşalla. Alp Arslan diýip bir okyjy geçen gündelikleriň birinde "arassa nebis" diýenimi geň görüpdir. Beýle zady eşitmändim diýýär. Dogrudanam, gara nebis diýişimiz ýaly, arassa nebis diýip ýörmeýäris. Ýöne, meniň göwnüme bolmasa şeýle düşünje bar ýaly. Bäbegiň enesini emmek islegi ondaky arssa nebisden gaýdýar. Adamda eger şeýle nebis bolmasady, ol hiç zada höwesem etmezdi.Emma, öljek bolup ýatyrkagam biziň azajygam bolsa ýaşasymyz gelýär. Jany süýji edýän zadam şol arassa nebis bolaýmasa. Elbetde, ony başgaça-da atlandyrmak bolar. Ýaşamaga bolan höwes, instinkt, isleg we ş.m. Men ony düşnükli bolsun diýip arassa nebis  görnüşinde alaýdym. Bu düşünjämi giňitseňiz şat bolaryn.

Egoizm, özüňi söýmek diýibem bir geň duýgy bar. Dünýäde egoist däl adamlar gaty üýtgeşik, welilere meňzeş adamlar, weliler bolsa gerek. Her kim başga birine "Diňe öz bähbidini bilýär" diýýärkä-de, öz bähbidiniň bilinenini isläp diýýäne meňzeýär. Egoist däl adamy tanamagam gaty kyn. Häzir dünýe atly teatrda şeýle bir ussat aktýorlar ýaşaýar welin, diýer aýdar ýaly däl. Özümem şol teatryň artistine öwrülip barýan ýaly bolup durun. Ýogsa artislik edip, kiçi dilinden bärden gürleýänler, hereket edýänler ýek ýigrendigim. Özem ýaş ösdürimler bu artistligi ussatlarça başarýarlar. Muny başarmak üçin diňe ýüzüň berkligi, maskaňy häli-şindi çalşyp durmakdanam beter ýüregiň gatylygam gerek. Aý, bolýar. Bu dünýäň özüniň ýalanlygam ýeterlikkä, bizem ýalançy ýaly bolup ýaşasak nähili aýp. Dünýede 17-16 ýaşlyjalaryň bardygam bir gowy zat. Olaryň päkligini görüp, olaryň ýanynda-da bir topar "aýplylary" görüp inim tikenekläp gidýär. Dogrusy, aýplary edil hapa ýuwan ýaly ýuwjak bolmaly. Muňa düşünýänem. Ýöne päkizelere kir suwunyň syçyraryndan gorkýaryn. Allaň özi gowsuny etsin. Şu meselede-de biri-birimize maslahat bereliň. Men-ä şol maslahata mätäç. Gowular bilen gowy gürrüňler edip otursa bolýar. Emma seni diňlemän, diňleýänlerden bolup oturanlara nädip täsir etmeli?      

Teswirler (1 sany)

Dowlet:
28 Aprel, 2012

Arassa nebis meselesi barada, Yslam edebiýatynda nebis barada has giňişleýin ýazgylary tapmak mümkin. Umuman tasawwufda nebsiň üç görnüşi barada aýdylýar. Ilkinjisi (nebsi emmare) ýagny terbiýe edilmedik nebis, diňe erbetlik islär, gowy zatlary islemez. Ikinjisi (nebsi lawamme) ýagny terbiýe gören nebis emma entek doly arassalanmadyk, erbetlik islär, ýöne erbetlik edensoň puşmanlyk hem duýýar. Üçinjisi (nebsi mutmainne) ýagny doly terbiýe gören, kanagata ýeten nebis, erbetlik islemez, hatda gowy we peýdaly zatlary islär. Nebsi emmare ýönekeý adamlardaky nebisdir. Nebsi lewamme gowy adamlarda, belli bir terbiýe gören adamlar, alymlar, abidlerde görülýär. Nebsi mutmainne bolsa welilerde görülýär. Bu nebis derejeleri hem öz içinde ýene derejeleri bar. Herkimiň nebsi Allaha ýakynlygy derejesinde arassadyr. Iň arassa nebis pygamberleriň nebsidir. Pygamberimiziň (s.a.w.) nebsi meselem kiçi ýaşlaryndaka perişdeler tarapyndan arassalanýar. Bu gysgaja mazmuny. Eşidip diňlemeýän adamlarda käbir üýtgeşik halatlar ýüze gelip ýürekleri ýumşap eremese bir üýtgeşiklik bolmagy kynrak. Ýürekler başga zat bilen dolandyr, ýada ölendir. Munyň direlmegi üçin bir ölüm ýaşalmasa kyn. Ýagny nebis tarapyndan dünýä garşy isleglerde bir ölüm, ýada ölümi ýatlatjak nesihatlar, wakalar. Şeýleräk, pikir galyplarynyň üýtgemegi ýaş ulaldygyça kyndyr. Köp gürledim, bagyşlarsyňyz.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.