02.05.12 | Gündelik | Ylýas Amangeldi

02.05.12

Maý 02, 2012 | 0 teswir | 958 okalan

Ýene bir aýa başladyk. Daş-töwerek ümsümlik, Hudaýa şükür, asudalyk. Kellämde-de bir ullakan dert-azar, gaý-tupan ýok. Muňa begenmelimi-dalmi – onam bilemok. Dogrusy, tereziniň iki tarapam deň gelýär. Alp Arslan türkmen dostumyň gündelikleri belli bir temalara bagyşlamak pikiri ýüregime ýakyn geldi. Şonuň üçin, şu gün ata-perzent meselesi barada käbir düşünjelerimi orta atasym gelýär. Ýöne bu pikirlerimiň gutarnykly, daşa ýazylan ýaly kararlar däldigini, ýagny, şu gün bu meselä şeýle garap, ertir düýbünden garşy gidýändigimi öňünden aýdaýyn. Geň görmäň, ynsan diýlen pikirleriniň tolkunynda ondan-oňa urunyp ýören bir mahluk-da... (elbetde, hemmesi däl).

Maňa ömrümboýy azar beren zat özümiň uly abraýly adamyň, köp ýerde tanalýan, işbitiren ýaşulynyň ogludygym boldy. Beýle bir abraýa sähelçe bolsa-da şärik bolmak, belki, köpleriň ýetip bilmeýän arzuwydyr. Elbetde menem “pylanylar” diýillip, il arasynda känbir halanmaýan adamyň perzendi däldigime begenýän. Ýöne näme üçindir ýaşulymyzyň abraýy hemişe meniň depämden basdy. Iň bärkijesi, akylym goýaldygyça “Men pylanyň ogly” diýen düşünjäm adaty adamlara goşulyp, adaty hereketleri etmegime, adaty sözleri (mysal üçin sögünçleri) dilime almagyma päsgel berdi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, köplenjem menden kimiň ogludygymy soraýardylar, menem utanyp ýere girýärdim. Bu näme öz kakaň bilen basdaşlykmy ýa-da oňa bahyllykmy? Bilmedim. Ýöne kakam ýaly bolmaga hemişe höwes edýärdim, häzirem şol höwesim öçenok. Ýöne bilýänsiňiz halk arasynda “Otdan kül dogan”, “Ineriň döli bolmaz” diýen ýaly nakyllar ýörgünlidir. Köplenjem abraýly adamlaryň çagalary öz atalaryndan pes bolýarlar. Muňa näçe isleseňiz mysal getirip bilersiňiz. Ýöne Magtymguly “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýýär. Belki, bu meniň iň gowy görýän setirimdir. Sebäbi men owal akan ýerden akýan bir aryk. Meniň çagalarymam, agtyklarymam, belki çowluklarymam kakamyň adyny göterýär. Bu mende olaryň arasyndan kakam ýaly bir kişiniň döremegine umyt döredýär. Elbetde, “Her tiräň öz tentegem bar” bolmalam.

Näme üçin zor adamlaryň ogullaram edil kakalary ýaly zor, edenli bolmaýarka? Näme üçin Şaja Batyrdan ýene bir Şaja dogulmadyka? Elbetde, bu Allaň islegi. Ýöne bu meseläniň bize bagly tarapam barmyka? Hawa, beýle kakalaryň ogullaryny terbiýelemegiň derdine düşmäge wagtlary bolýan däldir. Sebäbi olar iliň derdi bilen dertli adamlar. Ýöne meni kakamyň ors mekdebine saljak bolany ýadyma düşýär. Hudaýa şükür, men şol wagtlar ýekeje ors sözünem bilmeýän ekenim. Emma, kakam, herbir kakalar ýaly, öz perzentleriniň edenli, işbitiren adamlar bolamagyny islärdi. Mysal üçin, men sazçylyk uçilişesine okuwa girjek bolamda (azowlak dutar tyňňyldadardym) “Bagşy halky gedaý bor” diýip goýbermedi. Obahojalyk instituna girmek islämde-de begendi. Düşünýän ol meni özi ýaly edesi gelýärdi. Kakamyň bizi özi ýaly edesi gelmek islegi diktatorlyk görnüşinde däldi. Uly meselelerde-de (mysal üçin öýlenmek), ownuk meselelerde-de (hiç wagt ýakymsyzlyk, garagollyk edenim üçin ýenjilmedim) kakam bizi berk tutmaýardy. Emma, tää mekdebi gutarýançak saç goýbertmäge rugsat bermedi. Hiç wagt tä özüm aýlyk alyp başlaýançam jübüm pully bolmady. Hatda awtobusa dört köpügimiň bolmaýan wagtly kän bolardy, özümem student, şeýle adamyňam körpe ekiz oglunyň biridim. Kursdaşym bardy, o-da başlygyň ogludy, ýöne ol GAZ-21 “Wolgaly” okuwa gelýärdi. Köp gezek meni maşynyda öýmüze düşüripdi. Menem hiç wagt “Kaka maňa-da maşyn äber, pylanyň oglunda maşyn bar” diýmedim. Kakamam özünden bilip äbermedi. Diýäýen bolsamam megerem, äbermezdi. Asla kakamyzdan ýekeje manadam dilemezdik (Ylýas ikimiz). Ýekeje gezek ýadyma düşýär ogullarymy arap diline, tölegli okuwa saldym. Bir aýyna-da pulum ýetmedi. Kakamdan dilejek bolup ýanynda köp oturdym, ahyram kakamyň özi “Pul gerekmi?” diýdi. Menem ýagdaýy aýtdym. Çykaryp berdi.

Yzyny soň ýazaýyn, ýogsa köp görüp, okaman durmaň, wagtyňyzy almaýyn.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.