On gün töweregi bolandyr her gün irden ýarym sagatlyk meýdanda gezim edýän. Tudanalar bişipdir. Gülleriň ysy. Ýöne bu ýl gurak geldi. Otlar çalt gurajak. Adamyň endigi hakynda pikir etdim. Endik edilýän zatlar gowy bolanda adam dutarçyň barmaklarynyň öz-özi barmaly perdä baryp durşy ýaly, adamam kösenmän haýyr işlerde ýaşap biljek ýaly. Hatda nädip haýyr edeninem bilmängalyp ýaşap ýörjek ýaly. aýyr etmek üçin özüni köseýänleriň niýetinde azajygam bolsa kir bar bolmagy ahmal. Iňlisçe gürläp endik eden adam, hatda pikrlenende-de iňlisçe pikirlenmäge başlaýar. Edil şonuň ýaly islendik işde ilki aklyňa haýyr emek gelýän bolsa, diýmek niýetiň päklenip başlapdyr. Niýeti päklemegem amaly päklemekden başlanýarmyka diýýän. Ýöne başmaksat elbetde ilki gelmelidir. Baş maksadymyza eýermek üçin edýän iri-ownuk ähli hereketlerimiz endige öwrülip bizi şol maksadymyza ýakynlaşdyrýar. Men bu ýerde hemmämize düşnükli zatlaryň pikirini öwrüp otyryn. Elbetde ilki niýet. Ýöne käbir niýetler adamda amallaryň üsti bilen gelýär. Adamyň bir meselede çuňlaşmagy üçin şol işiň başyna barmagy geek. Mysal üçin, goşgy ýazmak köp ýazdygyňça öwrenilýär. Adam bismilla diýip ýerinden galany bilen diňe haýyrly hereket etmegiň pikirinde bolsa, olary yzygider edip dursa, şonça-da gowlanýar. Emma, diňe niýet edip oňup, haýyrly işleriň başyna barmasa, niýeti ýarym döwletliginde galýar. Biziň düşünjämizde haýyrly ýaşamagyň hökmandygy, ony niýetiňde saklamalydygy, niýetiň päk bolmalydygy... ýaly pikirler kän. Emma herekete gezek gelende... ýalňyşanymyzy bilmän galýas. Şol aňymyzdaky gowy niýetimiz aňymyzda-da galyberýär. Belki-de biz "ony ederin, muny ederin" diýip hiç zadam etmän ýörenleriň uçran keseline ýolugandyrys? Olam diline alman ediberse, etjek diýenlerini belki has aňsat ederdi. Emma, bar energiýasyny "etsem-petsem"-lerine berip, etmäge gezek gelende-de myssaryp galýar.
Meniňem hyýalymdaky zatlar, hakyky edip ýören zatlarymdan kän. Belki, bolmalysam şeýledir? Çünki hyýal etmek hem aňsat, hem köp zatlar şol hyýallardan başlanýar. Emma, hyýal edenlerimiň näçesine ýetip bildim? Munuň hasabyny çykarmagym gerek. Hatda hyýallary azaldyp, bitirilen işleri köpeltmegim gerek. Ýogsa 18 ýaşly oglan ýaly hyýallaryň kölünde gark bolup ýörün.
"Atdaşlar" hekaýamy Bedew baýramçylygy güni "Nesil" çap etdi. Gowy gördük diýdiler. Olara ýene bir zatlar ýazyp berdim. Şujagaz herekedem adamy ruhlandyrýar. Ýogsa hekaýa-da, soňky ýazanymam kän kösenilmän "bolşuna görä" ýazylan zatlar. Şeýle ýazgylary şu gündeligi ýazmaga sarp eden wagtym ýaly wagtyň içinde ýazyp biljek. Emma ýokarda aýdanym, hyýal bar-da, hereket az. Beýdip ýazyp otursaň goruňam gutaryp biler. Ýöne beýle bolmaýar. Ýazdygyňça ýazylýar. Haýyr işi köp etdigiňçe ol endigiňe öwrülýär. Haýra endik etmekden gowy zat barmy näme? Ýagşylygy ýagşylyk edeniňe bilmän etmek, sogap ýagyşynyň aşagynda galmak ýaly bir zat bolup görünýär gözüme. Alla muny bize nesip etdirsin.
Teswirler (3 sany)
Alp Arslan Türkmen, seniň aýdanlaryň bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Men bu meselä ýagşylyga, sogaba ýakyn durmak, ony endik edinmek, oňa şeýle bir ýakyn durýanyň üçin, seniň eden ýagşylygyňy başga biri etjek bolsa ep-esli ýerden "ylgap, sojap" gelmeli. Sen bolsaň oňa ýakyn derrew edýäň. Belki-de 1000 manatlyk 10 mnadyndan geçmesi ýaly däldir. Emma kömege mätäç gelip seniň gapyň agzynda aýlanar. Bu uly zat. Onsoňam pul bilen ölçenmeýän ýagşylyk, ýagny jübüden däl-de ýürekden çykmaly ýagşylyk, garybyňam, baýyňam edip biljek ýagşylygy has gymmatly görünýär maňa. Şoňa ýakyn durmak ýüregiň baýlygyny talap edýär.
1.Sozin asyl manysyna gora seretsek, "yagshylyk"hic wagt jubiden ya yene bir yerlerden chikmayar,dine yurekden chikyar.
2. ynsanyn hiyalam,yagshilik diyse,amalam yagshilik diyse,akylam yagshilik diyse munda yazgariljak zat yok.yone elbetde yagshilik dine hiyalda bolsa gowi dal,ikiyuzlulige menzeyar.
3.kim bolsa bolsun,yagshilik etmeli mesele,onun gowshak yeri bolsa yureginden sogrulan yali edyar shol yagshiligi,yada edenok gachyar,ozune answtjak gelyan bashga bir yagshiligi edyar we sho eden yagshiligi bilenem ozunem towereginem aldajak bolyar.emma asyl mesele,yagshilikda ihlasin,dine Allah uchin edilmeginde,yagni niyet. eger adam ozune kin gelende gachyan bolsa bilmedimda...
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Хер гезек Стамбула барып айлагдан геченимде, айлагың бир тарапында Фатых Солтан Мәммет, Хан бейлеки тарапында Византия императоры Константин гөз өңүме гелйәр. Фатых ак атының үстүнден Константине йүзленйәр. «Эй Константин, мениң гүйжүмиң етен ерине сениң хыялыңам етип билмез, берк дур!»
Хакыкатданам, әхли зат хыял билен, ниет билен башлаяр. Азм ве карарлылык биленем довам этмели. Бир алымың «Фатыхың максатларының ичинде Стамбулың эеленмеги деңизде дамжа галар» диенини эшиденимде хайран галыпдым. Эгер тарыхы фокуслап диңе Фатыхың дөврүне серетсең хайран галсаң галып отырмалы. Бизе аян болмадык максатларыны амала ашырып билмедик Стамбулың Фатыхы суратланяр. Аслында велин хайран галып отурасы иш ёк экен. Онуң агтыгы Солтан Селим, Селимиң оглы Сүлейманың стратегиясы аталары Фатыхың максатларыны, ниетлерини аңрыяны билен гөркезйәр. Фатыхың ниетлери агтыкларының амаллары билен чәклимиди билжек дәл, йөне ниет эден болса, хамана өзи басып алан ялы согабы алжакдыгы белли.
Автор ниет этмек ве шол угурда херекет этмек я-да этмезлик меселесини гозгапдыр. «Бир ярамазлык гөрениңде элиң билен дүзет, оңа гүйжүң етмесе дилиң билен дүзет, оңа-да гүйжүң етмесе калбыңдан оңа йигренч дуй. Соңкысы иманың иң пес халыдыр» хадысы шериф. Аклың 7 мертебеси бар. Оның иң пес мертебеси хыял, дөрдүнжиси иман. Ягны, хыялларың иң пес халда херекете өврулмеги үчин акыл ве тесвир мертебелеринден гечип имана етмеги герек. Ондан соң изан, илтизам ве итикат бар.
Дуйман эдилен хайры, йүрегиңден согрулан ялы дуйлып эдилен хайыр билен деңешдирмек үчин бир мысала гөз айлалың. 1000 манады болан адам 10 манатлык хайыр этсе дуймаярам. 10 манады болан адам 5 манатлык хайыр этсе, 5 манат билен бирликде йүрежигем согрулып гидер. Хайсының ниетиниң хас пәкдигини, я-да башгача айдаңда 5 манат хайыр эденми, 10 манат хайыр эденми, хайсы фазылетли? Херкимиң өз выжданына гоюп шу ерде тамамлаярын.