Esger ogluma hatlary dowam etdirmäge başladym. "Nesil" çap edýär. Soňky ýazanlarymy bärde-de goýdum. Okan kärdeşlerim bu näme hekaýamy diýip soranam boldy. Hekaýa däl. Onda hakykatdan esger ogluňa ýazan hatlaryňmy dýdiler. Olam däl. Dogrusy, bu forma. Mazmuny şu forma laýyk gelýär. Esgerlerimize ýüzlenesim geldi. Ilki başda hakykatdanam körpe oglum gullukdady. Ony göz öňüe getirip ýazypdym. Ýöne körpediýip men ähli esgerleri göz öňünde tutýaryn. Esgerlik bizde häzir garaňky tema. Ol ýerde her zatlar bolýarmyş diýýärler. Men o taýda gowulygy ündemek isledi. Olaram öz ogullarymyz. Olara ünsi çekesim geldi. Bu hatlary ýene-de dowam etdirmekçi. Belki-de kitap derejesine çenli barar. Suhomlinskiý diýip orslaryň bir pedagogynyň "Ogluna hatlaryny" okapdym. Ol öz ogluna ýüzlenýän ýaly emma, hemme ogullary göz öňünde tutýany, hemmelere peýdaly boljagy bildirip durdy. Bu hatlar bilimde gaty uly iş bitirdi. Belki-de Suhomlinskiýniň iň gowy eserleriniň biri boldy. Umuman özümiziň gerek diýip hasaplan okyjylarymyza ýüzlenmegimiz gerek. Belki-de ýerine düşer.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
dowamlaryna garaşýas..
ýogsa-da hatlar näçe hat boldy?