| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Maý 18, 2012 | 0 teswir | 902 okalan

Ertiriň arassa howasynda ýarym sagat gezip geldim. Tudanalar sowulmaga golaýlaýar. Emma iň süýji wagty. Agşamam ýagyş ýagansoň Alla tarapyn ýörite ýuwlup goýlupdyr. Şükrüni edip iýdim. Asmanam, howa-da şeýle. Her demiňe şükür edip oturmaly. Ýaralaryňy bejerýän ýarym sagat. Her gezek şol ýarym sagatdan soň, mumyýa ýalan keýik ýaly bolaýýan. Gyşyň ak gary (öýüňi, ruhuňy ýylytmak aladaň ýok bolsa), ýazyň gijeki ýagyşdan soň ertirki säheri, güýzüň ümsümje ýaprak dökmesi, tomsuňam jöwzasy... Tomsuň jöwzasynam gowy görýänimi geňlemäň. Ony göremde demiriň taplanşy ýadyma düşýär. Güýzde hakyky  aýralyk, jydalyk, Gurbannazar, ýazda ýaşlygym, gyşda bäbejiklik...

Olaryň hersini başdan geçirmek üçin, olary kabul ederlik duýguda bolmaly. Düýn Hydyr hemme zat gaýtalanyp gelip duran ýaly, köp zadyň öňki keýpi ýok diýdi. Men her gün täze, her günüň öz täsinligi bar. Ýöne ony kabul etmäge ýagdaýymyz ýok diýdim. Hakyna seretseň, menem ýol ýagdaýsyzyň biri. Işime dostlarymdan biri geldi. Nahar wagtyna golaý. Dostum bilen parahat, dostlugyň lezzetini alyp, gürleşip oturyp bilmedim. Ýogsa olam şol niýet bilen gelen bolmaly. 10 minutjyk hezil edipoturan bolsagam boljakdy. Oturmasyna oturdygam, ýöne dostumyň gadyryny bilmedim. Özüm gowy pursady sypdyrdym. Olam gynanyp giden bolmagy ahmal. Iş iş bolýar-da. Durmuşda edil şular ýaly bahanalar bilen biz gaty köp zatlardan galýarys. Biderek zatlar, ýüregimize, aňymyza gemre saljak zatlar welin aňryýany, artykmajy bilen bolup dur. Bizem ýarasyny gorjap lezzet alýan adam ýaly şolara köp dolanýas, şeýle pursatlary aňymyzdan çykaryp bilmän horlanýas. Ýogsa ýerde ýatan akja gary ýatlasagam ýeterlik...

Her niçigem bolsa, biderek ömür ýaşamandygyma çalaja begenip hem şükür edip başladym. 40-50 ýaşymda ýogalan bolsam ömrüm gysga boldy diýip gynanjak däl (Gurbannazaryň 35 ýaş ömri 75 ýaşa degýär), ömrüm gaty biderek geçdi diýip gynanardym. Soňky 20-25 ýyl maňa gaty köp zat berdi, menem başardygymdan gaýtargysyny bermäge çalyşdym. Häzirem şeýle. Terjimede edýän, ýazýanam... ýaşaýanam. Öwünmek diýip düşünmäweriň, Alla köp görmesin diýiň.      

 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.