Häzir şu günüň köpi geçip azy galdy. Bir wagtlar "Ölen günlerim" diýip gündelik şekilinde bir zatlar ýazypdym. Şol ýene ýadyma düşdi. ýöne ony dowam etdirmekçi däl. Ol meniň wagtymy aljak. Pikirimi başga ýana sowjak. Häzir şeýle-de köpe ýetjek bolup aljyrap ýörün. Häzirem sahypany açyp gördüm-de haçandan bäri zat ýazman ýöremsoň birzatlar ýazaýyn diýdim. Ýöne beý diýsem, bir zatlar ýazsam bolar diýip pikir edýändir öýdäýmäň. Ýazasym gelen zat Hydyryň edebiýat saýtyny açmak hakyndaky pikiri bilen baglanşykly. Gowy bolardy. Ýöne ony düşünjeleriň söweş meýdanyna öwürmeli däl. Mysal üçin, men düşünjämi ýazýan diýip biri Ysa pygamberiň ýoluny ýazsa beýlekisem ters zady öňe sürýäň diýip öz dini ynanjyny ýazmaga dursa... hakykatdan söweş başlanýar. Özem dereksiz söweş. Sebäbi her kim öz ynanjynda galýar, barybir. Ýa-da erkin hem döwrebap ýazmaly diýip Günbataryň bozuk edebiňatynyň täsirinde bir ýaramaz wakalary ýazmaga başlasa, ňetginjeklere narkomanlar hakynda, ogry-jümrüler hakynda kino görkezip soňunda-da siz beýle bolmaň diýen ýaly bir zady ýazsalar netijesi erbet bolýar. Seniň soňky iki sözlemiňe eýerýän ýok, öňde görkezen zatlaryňa welin höwes eden tapylyp biler. Ýa-da gowşajyk goşgusyny goýup, dostlaryna-da ony öwdürip hezil edýän, muňa keýp edýän okyjylaram bar. Olary bermeseňem, diňe öz zatlaryny berip otyrlar diýip beýleki saýtlarda gybatyňy etmäge başlaýarlar. Gybatlaram hiç-de, olaryň bizden göwni galjak. Gowy edebi eserleri ýazýanlar bolsa barha azalýar. Ony hakyky çykyp duran gazetlerem tapanok. Ýöne ýaşlar keýpden çyksyn, arasynda-da terjime edilen ýa-da Hydyryň ýazan hekaýasyny bereris diýilse, bolup biler. Gurbannazardan, Halyl Kuludan, Kerim agadan berip bolar. Oňa-da her kim gowy diýip ýazar bolany. Hakyky edebiýat saýtyny hakyky edebiýatçylaryň birleşmegi bilen döredip bolar. Olaram şol işe ýürekleri bilen berilseler, wagtlaryny gysganmasalar. Öwrenjeleriň saňtyny taýýarlamak bolsa gaty gyzyksyz hem gaty agyr iş. Muny Hydyram bilýändir. Bu iş edebiýadymyzyň ösmegine peýda edermi? Azda-kän-de eder. Şol azda-kändäň hatyrasyna zýhmetini wagtyny gysganmajaklar bar bolsa (olaram ýaşlaryň öz arasyndan çykmaly) menem oňa mümkinçiligime görä kömek ederin. Dogrusy, heniz beýle bir işiň başam tutlmanka munça zady ýazmagymy ýalňyş hasap etjeklerem tapylar. Ýöne bir işi başlamankaň näme etjek bolýanyňy göz öňüne getirmek dogry bolarmyka diýýän. Eger ýalňyşýandygymy görkezip bilseňiz men size tabyn bolmaga taýýar.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Sözleriňizde jan bar, hatda ullakan jany bar. Ýöne bir mysal, Türkiýede we Ýewropada çap edilýän köp jurnallaryň internetde hem web saýtlary bar. Bu gazetdir jurnallaryň internet üsti bilen okyjylary hem jurnala makala,goşgy, hekaýa ýazyp bilýäler. Jurnalyň redaktorlary bu ýazgylardan iň edebisini, iň çeperini, düzüwini saýlap her aý, ýada hepdelik jurnalyň saýtynda çykarýalar. Hatda käbirleri jurnalyň özünde hem çap edilende bulary hem goşýalar. Bu diňde gyzyklandyrmak üçin edilenok. Şol wagtyň özünde bu myhman ýazyjylaryň içinden soňlyk bilen hakyky ýazyjylar hem çykýar. Näme üçin çykmasyn? Meselem mekdepde okap ýören bir okuwçy hem eger çyndanam bir gyzyklanşy bar bolsa ýazyp biler, çyndanam galamy çeper bolsa saýlanar. Ol çaga entek mekdep döwründen bir özüne ynam bolar. Ýönekeýje bir saýt açylyp aýlyk makalalardan diňe saýlananlar çykarylsa, ýada saýlananlar baş sahypada çyksa, saýlanmadyklary bolsa bize gelenler diýen bölümde dursa. Kän wagtam alman biler. Internet bize köp mümkinçilikler berýär, ulanyp bilsek, dogry ulanyp bilsek, edip bolmajak zat ýok ýaly. Günimizde jurnaly eline alyp okaýan okaýjylaryň sany azalýar, ýöne internetde köpelýär. Muny gowy pikirlenmeli. Netijäni şoňa görä çykarmaly. Ýaşlary öz döwrümize görä däl, olaryň döwrüne görä terbiýelemeli. diýpdir Hz.Aly r.a. meniň pikirim şeýle...