| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Noýabr 27, 2012 | 0 teswir | 919 okalan

Howanyň ýüzüniň gamaşyp durandanmy bir zatlar ýazasym geldi.

Biz durmuşda köp zady ýerine ýetirmekden gaça duranymyzy kem görmeýäris. Mysal üçin, bir işi başga biri etjek bolsa, men ony etmäýin diýýäris.Diňe özümiziň hökmany etmeli işimizi etmek bilen çäklenýäris. Hatda käbir ýagdaýlarda şol hökmany etmeli işlerimiziň çäginem daraldyp bildigimizçe daraltmagyň aladasynda ýaşaýarys. Şeýtmek bilen maksadymyz näme? Almaň içindäki gurçuga öwrülmäge ymtylýarysmy? Guşy o agaçdan beýleki agaja geçmegi uçmaga mejbur edýär. Şeýdibem ol uçýar. Uçup ýaşaýar. Eger ol uçman otursa ganatlarynyň ysgyny giderdi, uçmak endigindenem galardy... bir gara pişige-de şam bolardy. Ýaltalygyň maksady adamy adam bolmakdan alyp galmakdyr. Bir işi etmän, ony kimdir biriniň ederine garaşmak bizi adam bolmakdan aýyrýar.

Ýaşlygym ýadyma düşýär. Mekdepde okaýardyk. 1960-njy ýyllar. Öýler tebigy gaz bilen ýyladylmaýardy. Ýönekeýje, emma maşgalamyza görä ullakan pejimiz bardy. Ony odun, kömür bilen ýylatmaly bolýardyk. Şonda odun aýyryşym ýadymdan çykanok. Gyşyň güni eliň paltaly odun aýyrmaly. Ýa-da uly sazaklary daşa urup döwmeli. Men bu işi höwes bilen ederdim. Sebäbi odun aýyrany kakam gowy görerdi. Berekella baryny bererdi. Ýanjagazynda oturdardy. "Päliwan oglum" diýerdi. Hakykatdanam şol odunlary kül-uşak edýärkäm özümi pälwanmykam öýderdim, özümi daýawlaşan ýaly duýardym. Çilim çekip, ýa hapa söz aýdyp erkeksiremändim. Özümi hakykatdan erkek kişiň edýän işini edip erkek ýaly duýardym. Häzir welin töweregime garap otyryn. Köpümiz iş etmejek bolýarys. Eli sowuk suwa urdurylmaýan gelin ýaly bolup otyrys. Hemme zatda ilkinji nobatda işiň ýeňilleşdirilmeginiň aladasyny edýäris. Dogry, adam eşek bolup dünýä inenok. Ýöne gurçuk edilibem ýaradylmandyrys ahyryn. Kakam pahyr bir gezek "Gaplaňam kapasada saklap, iýjegini berip dursaň, dyrnaklary kütelip aw etmekden galýar. Soň ol gaplaň däldir" diýipdi. Iýjegi öňüne gelip duran adamlaryňam adamlygy gutarýan bolsa gerek. 

Eşretli durmuşda ýaşamak gowudyr, mümkin. Ýöne adam öz etmeli işini başga biriniň ederine garaşmagyna hiç akylym çatmaýar. Belki-de gullukda "ded" bolmak biziň aňymyza şol duýguny guýandyr? Men şol eli paltalyja oglanjyk döwrümde alan lezzetimi, Antaliýaň Ak deňizine giribem alyp bilmedim. Inden hiç ýerde hiç zatdan almajagymy bilýärin... 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.