Okyjylardan biri (Merdan) Mämmetnazaryň familiýasyny sorap ýazypdyr. Mämmetnazar Babanazarow. Düýn-öňünlikde telefonda Mämmetnazar bilen habarlaşdym. Ýagdaýlary gowy. Meni sorana salam aýdyň diýýär. Merdan dost, senem soradyň, saňa-da Mämmetnazar şahyrdan köp dogaý salam.
Parahat Çerkezowa diýen žurnalist gelin Nury Halmämmet hakyndaky kitabyny owadan edip çykardypdyr. Onda Nury Halmämmediň gündeliklerem bar eken. Hiç bir edarada işlemän ýören ýyllaram 11 sagatlap döredijiligi bilen meşgullanýan eken. Döredijilik adamsy şeýle bolmalam. Gürrüňe, gybata eli degmeli däl. Menem günümi şol tertibe salmagyň arzuwynda gezip ýörün. Öz deň-duşlaryma garanyňda biraz işleýänimi bilýädim, şoňa-da hoşal bolup ýördüm. Emma bu ýalňyş. Onuň ýalňyşdygynam bilýän, ýöne ýaltalyk bilen nadanlyk süňňümizden çykanok. Muň garşysyna söweş yglan etmelimi nämemi.
Hekaýany heniz ýazamok. Ýazmadygymça sowaşýar. Şonuň üçin ur-tut ýazmaly. Esgerem 6-7 günlere garaşyp ýatyr. Işde terjime ýöreýär. Gowy zat boljak. Birneme iş berýär, oňa derek gowlanýar. Ony şu aýyň içinde gutararyn diýip planlaşdyrýan. Häzir sagat daňdan alty. Daşardan guşlaryň ýadaman jürküldeýişleri gelýär. Howa-da salkyn. Emma gündiz gyzýar. Işden ýadansyrap gelýän-de agşam işlämok. Irdenem işde irkilip oturmaýyn diýip tä 8 bolýança ýatýan. Şu iki endigi taşlasam ep-esli işler ediljek. Ruhy taýdan ýadawlyk ýok. Şol gelse, bir duran ýeriňde dursaň şol iň ýamany. Belki şonda dynç almak gerekdir. Gündeligi uzatman hekaýamy ýazmaga geçeýin.
Teswirler (2 sany)
Sagboluñ Ylýas aga. Essalowmaleýkim, esen bolsun!
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Salam Ylýas aga!
Saýtyňyza girmänime esli wagt boldy. Iň soňky ýazgyňyzy okaýyn diýip girdim. Ýaltalyk barada birki agyz söz gaçyrypsyňyz. Öwretmek babyndan däl, belki pikirlerimi paýlaşmak babyndan bir zatlar paýlaşaýyn.
Meniň beýik diýip tanaýan adamlarymdan biriniň sözüni size ýetireýin: "meniň ömrüm nyzam bilen geçdi, durmuşymda nyzamsyzlyk ýokdur". Elbetde bu beýigiň ýaşaýşy hakynda bilmeseňiz onuň bu sözlerem belki sizde täsir galdyrmaz. Emma sözbaşy hökmünde bu sözlerden gözbaş alaýyn diýdim.
Hawa, düzgünsizlik, nyzamsyzlyk biziň wagtymyzyň boş geçip zaýa bolmagyna sebäp bolar, gündelik durmuşymyzy, hatda ömrümizi ertire goýlan işleriň ýygyndysy halyna getirer. Edeýin diýip etmän goýan adam soňra edilmeli işi soňa goýmak endigini ediner. Soňra etmek islänlerinem edip bilmez. Onuň ähli işleri gelejege döküler durar, gelejek bolsa ol işleri geçmişe geçirer durar. Ertire goýaýyn diýen işiniň nädip düýne geçendigini duýman galar.
Işleri ertire goýup gijä galdyrmak bärden gaýtmak bolşy ýaly, gijä galan işleri howlukmaçlyk bilen edişdirmek hem bir öte geçmekdir. Ikisi hem biziň peýdamyza däldir, ikisi hem bize işlerimizde plansyzlyk ýaşadar, hiç bir işimizi planlaşdyryp edip bilmeris. Ne gijä galan işleri howlugyp edişdirmek işimize ýarar, ne-de işlerimizi ertelemek bähbidimizedir. Derdimize ýarajak ýol diňe orta ýol bolan düzgün-nyzamly ýaşamakdyr. Her bir işimiz üçin wagt aýryp, wagtly-wagtynda özümizi o işe berip bilmelidiris, planly ýaşamalydyrys. Ine şonda wagt bize dälde, biz öz wagtymyza höküm edip bileris.