Düýn gündelik ýazmadym. Gazet üçin welosipedçiler hakynda makala taýýarladym. Şu gün iberip görjek. Ýolbarsam şu gün ibererin. Gowy dynjymy alyp gije sagat 4-lerde oýandym. Ýene 5-e çenli turmadym. %-golaý turup namazymy okap ýene ýatypdyryn. Ýogsa ukymam tutup baranokdy. Emma düşege geçemsoň nädip uklanymy bilmändirin. Indem işe gitmeli. Öýde işläp bilemok diýen ýaly. Ýöne makalany öten agşam gowja işledim. Gije 11-lere çenli. Onda-da irdenem ol-bu edere iş bardy. Hiç höwesim ýok. Öz böwrümi gyjyklap gülkümi tutdurjak bolýan ýaly iş etjek boluşym. Esgere ýazmaga iküç pikir dur. Başyna geçsem ýazaýmaly. Işde-de italýanyň terjimesini edýän. Žurnalyň makediniň şytdy-pytdysy tapylyp dur. Umuman şol iş meni ýadaýar öýdýän. Başga-da laýyk işiň üstünden baramok. Bir tarapdan gyzyklam. Aý adamyň ýaradylşy şeýle bolmaly bolsa gerek. Özüni günäkärlemejek bolup her zat diýip görýär. Türkmenistanda welosiped spotuny ösdürmek barada karar kabul edilenine begendim. Bu sport bize iň ýakyn sport. Türkmeiň iň oňarjak sporty. Howa şertlerimiz gowy gelýän bolaýmasa, Ýöne olam indi gara güýje berlenok. Müň dürli emeller çykypdyr. Olar bizde ornaşdyrylýança-da ýene ep-esli ýyl geçer. Ugruna bolup gitse-de türkmen tigirçileri ýene on ýyldan dünýä çykyp ugrarlar. Bir güýçli welosipedçiň ýetişmegi üçin azyndan 7 ýyl gerek. Bu ugur göräýmäge aňsat ýaly görünse-de gaty kyn sport. Erjelligi talap edýär. Eger makalamy gowy görseler bärde-de goýaryn. Öonda bu sporty näme üçin beýle gowy görýänim düşnükli bolar.
Şu gün işdäki terjimämi berk tutup işläp öýde-de esgerleri ýazmagy planlaşdyrýar. Hany göreli, başartmazmyka? Häzirä edäýjek ýaly bolup durun. Işde işlärin welin, öýde dowam edip bilsem...
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Siziñem gündelik rejimiñiz meniñkä menzesräk eken, Ylýas aga. Belki tigir sportuny halamagyñyzam ýöne ýerden däldir?! Men hem tigir sürmäni gowy görýän, isde tigir goýmaga ýer ýok, ýogsa ise-de tigirli gatnardym. Men tötänlik diýen zada ynanmamsoñ bu zatlaryñ nämeden gabat gelýändigini biljek bolup ýazyp otursym, aýyplasmaweriñ, ýogsa meniñ gündelik rejimim, tigir sürsüm kime gerek diýsene. Üçünji bir gabat gelme-de bar welin, ony aýdyp oturmaýyn, bilenler biler ýörerdä.