Düýn işde italýan ýazyjysyndan terjimämi berk tutupişlärin öýdüpdim. Işe gelsem žurnalyňsahypalaryny okamaly boldum. Bu günem şony okaýan. Her nomerden nobatçy bolup okalýar. Ýöne bu-da iş. Agşam öýe barybam işläp bilmedim. Iýenim ýaramadymy... garaz, günler geçip dur. Menem özümi düzgüne salyp bilmän kösenip ýörün. Dogrusy, Ç. Çaplinde bir söz bardy: "Когда я полюбил себя, я понял, что тоска и страдания – это только предупредительные сигналы о том, что я живу против своей собственной истины". "Özümiň kimdigimi bilelim bäri şuňa göz ýetirdim, gussa hem ejir çekýän bolsaň öz hakykatyň garşysyna ýşaýansyň" diýýär. Gussa, ejir ýaly zatlary çekýän diýip biljek däl. Ýöne begenjimden telpegimi göge-de zyňara ýagdaýym ýok. Özümi horlaýan esasy mesele özümdekä onam gündelikde ýazyp otyryn. Ýa ýaz ýanlaryma ynamym ýok-da, şol ynamy berkitjek bolup ýazýan diýip ýagdaýymy düşündiräýmesem. Onsoňam bu ýazgylar gönüden -göni özüme degişli. Olar meň durmuş garalamam. Hakykatda garalama görkezilmeýär. Ol hasabat depderi ýaly. Skladlarda hasabat ýöredilýän depderler ýaly. Beýni skladyma nämeler gelip giden bolsa muňa gçýär. Kä wagt olar gyzykly, kä wagtam biderek zatlar bolup çykýar. Şonuň üçin men olary ýazmakçam däldim...
Hekaýanam, makalanam E-Sungada iberdim. Heniz okamandyrlar. Senden gelse gowudyr diýýärler. Belki şeýle bolsun. Dogrusy çap edilip edilmezliginde mesele däl-de kabul edilip edilmezliginde. Hakyna seretseňem olam... Meni näme aljyradýar. Nämäň pikirini edýän? Bu zatlar ýazanyma degýän zatlaram däl ahyry...
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Horlanýan bolsaňyz, horlanmasyna degýän zatlar ýüze çykjakdyr. Horlanmagyňyzy islämzok, emma sizden horlananyňa degdirjek gymmatly zatlara garaşýas. Daň atmazyndan öň gije şeýle bir garalýar welin, sen aýtma, hatda arasynda ýalançy daň hem gelip aldap gider, emma gijäniň bu garalmasy daňyň buşlukçysydyr. Dokuz aýlyk hamyla enäniň burumlarynyň täze ynsanyň dünýä inmesiniň habarçysy bolşy ýaly...