Almaz dost, sag bol, göwün galkyndyryjy hatyň üçin. Bilmedim, garaňkylyk däl bolmagam mümkin. Onda-da daňyň öň ýanynyň garaňkylygy. Ýaş 60-a baransoň garaňkylyk günüň dogup barýandygynyň däl-de, ýaşyp barýanynyň alamaty ýaly bolup dur. Ýöne Alla ömür berse... Şu meselede-de düýn Nury Halmämmediň döredijiligi hakynda bir kompozitor bilen pikir alyşdyk. Ol Nuryň 30-a çenli ýazan sazlarynyň gaty gowy bolandygyny aýdýar. Ömrüniň soňky 10 ýylynda ýazanlary olarça bolmady diýýär. Menem içimden adamyň ýaşy gaýtdygyça döredijiligem pese gaçýan bolarlow diýdim. Özümi Nura deňemek manysynda däl-de, özümem bir zatlar eden bolup ýöremsoň, bu işimiň barha hil taýdan pese gaçjagyny göz öňüme getirdim. Ýaşkagam eden suwutly işimiz bolmandy. Indem pese gaçyşlyk başlanýan bolsa... Belki şu ýaltalyklar, işe eliň barman durýanam şondandyr? Hatda özüňe zabun bolmakdanam gorkýarsyň. Uly işleriň başyny tutmaga ýaýdanýaň. Ýöne edebiýatda bu meselede her dürli mysallar bar. Ýene şol mysallar ýüregiňe giňlik berýär. Hany göreli, elmizi bir sowatmaly. Galany Allaň elinde. Esgere hatlar az-azdan öňe süýşýär. Italýanyň terjimesinem düýn gowy işledim. Umuman doglan ýylym ýadyma düşer ýaly däl, şükür.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.