| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 17, 2013 | 0 teswir | 898 okalan

Düýn ýene bir hekaýa ýazdym. Zenan kalby žurnalyndan soradylar. Başga zada kän başymy galdyrmadym. Bu günem işde ol-bu işler bilen derekli oturybam bilemok. Edebiýat Sungat gazeti söhbetdeşlik guraly diýýär. Oňa-da ýok diýjek bolup durun. Sebäbi men ýazyjydyryn diýip söhbet eden bolup oturmaga utanýan. Ölünçämem şeýle bolar. Soň ýazyjy ekendigimizi ýa-da däldigimiz wagt kesgitlär. Ýazyjylyk ýaly (şahyrçylygam, umuman sungat işgäri) geň kär ýok. Daýhan eker, ygaly, dersi, topragy duşsa zähmeti ýerine düşer. Söwdagär gider getirer, gymmat satyp bilse bäş manat görer, satyp bilmese zyýanyny görer. Ýöne netijesi bellidir. Edebiýatçyňky welin, ýazarsyň okarlar (olam okasalar) öz ýanlaryndan dürliçe baha bererler. Soň ýyllar geçer hakky bahaň geler. Munuň şeýledigini görüp durkaňam ýene janyňy ýakarsyň, ýazarsyň. Mugallymyň zähmetiniňem miwesi 10-ýyldan, okuwçysy mekebi tamamlap özüni tanadandan soň belli bolýar diýýärler. Ýöne çaga edep bermek netijesini on ýyldan görersiňiz diýilýän iş däldir. Onuň netijesi okuwçy mugallymynyň ýanyndan aýrylan badyna belli bolýar. Işini oňarmaýan mugallym bolsaň, okuwçy yzyňdan güler. Oňarýan bolsaňam seni käýedenine gynanyp aglar. 

Umumanam men özümi edebiýadyň adamsy hasap edemok. Soňam oturýan-oturýanda men edebiýatdan başga zadyň adamsy däl diýýän. Bolmalysam şu bolsa gerek. Gurbannazar ýaly şahyram "Goşgularyma elli ýyldan soň düşünerler" diýip gidipdir. Munuň şeýledigini bolsa, gözüm bilen görüp ýörün. Ol otuz ýaşanda "Poeziýam bar" diýp ýazdy. Olam "men şahyrdyryn" diýen manyda däl. Dostum diýýän poeziýam bar diýdigi. Meňem içimi ynanýanym, derdimi paýlaşýanym, zähmet siňdirip, soň gadyrdanym hasaplaýan edebiýadym bar diýip biljek. Ýöne oňa "men ýazyjydyryn" diýdigim diýip düşünmesinler. Dünýäde hakykatdanam beýik ýazyjylar bar. Olary bilýärkäň nädip özüňe ýazyjy diýjek? Ispanýaň klublarynda oýnaýan futbolçular barka nädip özümizdäki top depýänlere futbolçy diýjek? Ussatlyk bar, ussatlygyň derejesi bar. Dogry pomidiryň mürrjegem pomidordyr. Emma mürrüjek pomidordyr.

Näme-de bolsa sana goşular ýaly bolmajak bolsaň bu käre golaýlaşmanyň gowy. Hemme kärde-de şeýledir welin, bu kärde asyl. Şu dert bilenem elimde baryny edýärin. Mürrüjek ekenimmi ýa-da däl ony meni "ýolup alanlar" kesgitlär. 

Düýnki ýazan hekaýamy hekaýalarda goýýan.        

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.