| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 29, 2013 | 0 teswir | 927 okalan

Eýýäm gündelik ýazmanyma 10-gün töweregi bolaýypdyr. Ýogsa ýazara zadam kän. Puşkin teatryna gitdim. Spektakl hakykatdanam erbet däl eken. Biziň türkmen teatrlarymzdaky goýulyp ýörülen oýunlardan has gowy. Artistlerem gowy oýnaýar. Ýogsa ýaş artistler. Oýundan çykyp gowy pýesa ýazmagam kelläme geldi. "Eneleri" pýesa şekiline getirsem diýip pikir etdim. Soňam ondan gowy powest etsem has dogry bolar diýen netijä geldim. Pýesa ýazmagam öz başyna sungat. Oňa-da eliňi, pikirlenşiňi uýgunlaşdyrmaly. Bu-da köp zehiňi aljak hem wagt ýitjek. Netijesiniň nähili boljagam belli däl. Häzirki türkmen teatrynyň problemalary hakynda ýazan bolup oturmagam dogry hasaplamok. Bu işiň içine girip, ýagdaýy öz başyňdan geçirmeseň bir zat diýmek kyn. Ýöne bizde gowy teatryň, (teatr binasynyň däl), gowy režisýorlaryň, dramaturglaryň, artistleriň ýetmezçilik edýändigi görnüp dur. Belki o-da düzeläýedi-dä.

Esger ogluma hatlary dowam etdirip ýörün. Ýöne ýazanlarymy öňki edişim ýaly gazetlere bermekçi däl. Bärigem goýmazmykam diýýän. Ony kitap etdirmegi çynym bilen ýüregime düwdüm. Eger başa barmasa onda gazetleriň, internediň üsti bilen okajaklara ýetirerin. Italýan ýazyjysynyň romanynyň terjimesinden gaty az galdy. Inşalla 1-nji gün başga iş tapylmasa, işde ony gutararyn. Ony italýançadan sözme-söz terjime eden gyz aýyň 4-ine redaksiýa gelmekçi. Onuň bilen gaýtadan okabam çyksak terjime taýýar bolýar. Ýöne eser gaty gowy eken. Hasam ýazan zatlaryndan, bolup geçýän wakalardan gowy netije çykarýar. Adamyň ömrüne analiz berýär.  

Mundan artyk ýazyp wagtyňyzy almaýyn. Ýazýanlarym özüm üçinem gyzyksyz, okajaklara-da gyzyksyz bolaryndan gorkýan.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.