Bu gün täze aý başlady. Italýan ýazyjysynyň eseriniň terjimesini elden geçirip dyndym. Gaty gowy eser. Türkmençesinem okar ýaly etmek üçin alada baryny edýän. Çünki, gowy zadyň terjimesem gowy bolaýmaly. Henize çenli eden terjimelerimi el ujundan eden wagtym ýok. Ýöne soň olary geçiren bölüm müdirine-de, redaktoryna-da zaýalaýmaň diýmedim. Olaram mençe bu zatlardan baş çykarýandyrlar diýdim. Ýöne edil beýle däl eken. Olaryň gowlan ýerlerem bolýar welin, zaýalaýan ýerlerem bolýan eken. Şu gezekki italýanyň eserine edil öz zadym ýaly berk durmakçy. Ýöne berk duraňda-da etjek zadymam ýok diýen ýaly. Hany görübereris-dä. Şu wagta şol eser bilen kän bir gyzyklanybam baranoklar.
Bahylçylyk ýaly erbet zat ýok. Adam ýaşy gaýdyşdygyça bäsleşip bilmejegini bilse bahylçylyk etmäge başlaýar. Bizem şol bahylylygyň oýanaýjak ýaşyna ýetdik. Ýöne henizä gowy zada gowşak diýmändim. Pndem diýmejek bolaryn. Men näme üçin bahylçylykdan söz açdym. Gurbannazar "Aadamyň zehini beýik bolanda/ Bahyllar üstüne labyryn atar" diýýär. Salýeriň awuly piýalasyndan söz açýan Gurbannazaryň üstüne heniz dirikä bahyllaryň nähili dökülendiginiň özüm şaýady. Düýn Nury Halmämmediň gybatyny edenlerinde diňlemeli boldum. Biderek gürrüňleri etmesene diýip bolanok. Çünki sungat eseri gaty jedelli zat. Oňa gowy diýmegem, halamadym diýmgem aňsat. Gurbannazar bahylçylyk edenler muny özlerem bilmän eden bolmaklaram mümkin. Nuryň gürrüňini eden şonuň ýaly. Jedele girseňem özüniňkini dogry diýjek durjak.
Garaz şeýle. Adam bahylçylyk edende gaty myrtar görünýär. Haýwan bolan bolsadylar garşydaşynyň üstüne topulmakdan gaýtjak däller. Ýene adamdyklary üçin saklanmaly bolýarlar. Bu mejburlygam olary has erbet görkezýär. Hilegärleşdirýär, ýarramsyklyk etdirýär, öz hakyky ýüzüni gizledýär.
Gowy zatlaryň gürrüňini etjekdim. Ýöne häzir bu mesele meni has gaty horlaýar. Gurbannazar dagyň döwründe bahylçylyk bolsa-da edil häzirki ýaly kämil däldi. Häzir muňa adamlar gaty ökdeläp, endik bolup gidipdirler. Emma, zehin zenin bolýar. Oňa bahylçylyk etdikleriçe beter adamlaň ünsüni gazanýar. Muňa düşünýän zehinler diňe etjek işlerini bilýärler. Döretmeklerini dowam etdirýärler.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.