Gündelige täzeden başlaýan. Geň görseňizem, bu şeýle. Uzaga çekermi? Bilmedim. Allaň işi. Özümiň ýasasym gelýär. Şonuň üçinem ýazmaga başladym. Häzir işim ýetik. Şonda-da käbir habarlarym, pikirlerim, edýän işlerim, galyp barýan işler... garaz hemmesini paýlaşaýyn. Öňki okyjylarymdan adam galmadyk bolsa gerek. Indiki okajaklaram tötänden girerler. Gyzykly. Gündelikleri ýazmaga başlanymy hiç kime habar bermekçi däl.
Bu gün juma güni. Ertirem işe gitmeli däl. Öýde birazayrak ýazmakçydym. Ýöne ertir irden sagat 10-da kinoçylar "Laçynlar" ("Ýerläp uçýan laçynlar" doly ady) filmini aljaklar geljek. Film Hydyr ikimiziň ssenarimiziň esasynda alynjak. Şonuň üçin olar kino düşüriljek öýlerem tapyp bermegi haýyş etdiler. Obada gurply içerileri görkezmekçi. Göünlerine ýaranlaryny aýdarlar-da. Filmiň ssenarisi erbet bolmadymyka diýýän. Soňam Allaň özi kömek etsindä.
Magtymguly hakynda powest ýazyp ýörün. 20-sahypa çeni boldy. Onam şňümizdäki dynç günleri tamamlap "Garaguma" eltmeli.
Şu ýyl pensiýa çykmaly ýaşymyz, Hydyr ikimiziň. Erkin ýazyjy bolmak pikirim bar. Onuň üçinem gowuja işlemeli bolar. Häzirden özümi şoňa taýýarlaýan. Ekzýuperiň bir eserini orsçadan türkmençä geçirip ýördüm. Eden terjimelerimiň uly bölegi tötänlik bilen "gaýyp boldy". Gynandym, emma etjek alajym ýok. Täzeden etmeli ýiten ýerlerini. Iki sany hekaýa gutarylman ýatyr. Garaz iş ýetik. Limonlara-da adam ýaly seretmeli. Töwerekleri abadanlaşdyrmaly. Umuman keýpine ýaşap ýörer ýaly şert döredinmeli.
Hydyr Malaziýa gitdi. Menem "Kiçi Aziýa" gitmelimi, nämemi?!
Azajygam bolsa, entek garrap barmaýanymy duýýan. Ýazan zatlarymyň okalýandygyny gördüm. Şolam ruhumy göterýär. Sahypa girip söýgi hakynda ýekeje sözlem ýazyp sorag berýänlere jogap ýazmaýanymy gaty görmesinler. Şol ýeke sözleme men azyndan 10 sözlem bilen jogap ýazmaly. Kynam göremok welin, soralýan zada jogap berenler öň köp. Menem şolaryňkydan üýtgeşik zat ýazaryn öýdemok. Eger özüňiz hakynda giňişleýin gürrüň berip, bu soragy bermegiňize nämäň sebäp bolandygyny ýazsaňyz, onda menem jogap bermäge ýaltanjak däl. Şeýle etmesek adalatsyzlyk bolýar.
Şu güne besdir.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.