Birki gün gündeligem ýazyp bilmedim. Heserli kinomyzyň kinostudiýada hünärmenler tarapyndan görülşigi boldy. Soň öýde görülşikler. Magtymgulynam düzüwli işlemäge wagtym bolmady. Şonda-da bolanjasyny Garaguma tabşyrdym. Kinony gowy görýärler. Men gaýtalap-gaýtalap köp göremsoň bärden gaýdan ýerleri gözüme ilýär. Ýöne gowy.
Magtymgulyny 20 kagyzdan gowrak edip Garaguma tabşyrdym. Yzynam ýuwaş-ýwaş ýazmakçy. Belki-de bar işimi şol edäýmegimem mümkin. Kinolardan daşgary, elbetde.Ýaňy bir ýazyjy tanyş bilen internetde hat atyşyp wagtymy ýitirdim. Şonuň üçin ýazmagymy goýmakçy. Magtymguly hakynda bir kitaby amanat aldym, şony okamakçy. rtir köpräk ýazaryn.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.