| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 04, 2012 | 0 teswir | 874 okalan


Maý aýyndan fewrala geçäýdi diýmäň. Ol günleriň gündeligi dur. Men ony öz başyna jemläp bir ýere goýaryn. Häzir bolsa şu günüm hakynda.

Näçinji gündeliklerkä? Köp gezek ýazyp taşladym. Manysyz görünmedi. Wagtymy alýar diýip bahana etdim. Wagtymy tygşytlajak bolup, barjak ýerine golaý ýoldan hem çalt barjak bolýanyň (şeýle pikir köplenç ýat şäherlerde kelläňe gelýär. Bilýänsirän bolýaň, azaşýaň) azaşyşy ýaly bolýan gezeklerim kän boldy. Olardan birinjisem gündelik ýazmakdyr. Gündelik ýazyp ýören bolsam, wagtymyň nämedigini bilerdim, ony öwrenerdim, nädip, nämä wagtymy sarp edýänimi bilerdim. Az azaşardym.

Şu gündeliklerimde esasy maksadym wagtyma kesesinden bakmak. Ol meni ýaşadýar. Meniň bolsa ony ýaşadasym gelýär. Ol meni öldürer, meniň bolsa ony diri galdyrasym gelýär.

Şu gün irden biraz terjime etdim. Iň zerur terjime. Soň sagat 11-lerde işi goýup şähere gitmeli boldy. Tok peç almak üçin. Ýogsa jaýlar gowy ýylaýar. Bir agtyjagym bar. Muhammeteziz. Oňa sanjym edipdirler 1-2 günlükde. Şoňa halys bolaýdy. Agşamam howa gaty sowap, ýene çala üşejegem bolupdyr. Kakasy peç alaly diýdi. Bazara gitdik. Ýollaram sürçek. Zordan 2-lere öýe dolanyp geldik. Soňam nahar, çaý. Internede girdim. Ertirlere seretdim. Hydyryň gündeliklerini okap gördüm. Soňam şu gündeligi ýazmaga oturdym. Dogrusy günüm geçdi. Idili eden zadym bolmady. Agtyjagyma peç almagam, dogrusy, zerur zat. Belki iň zerurydyr. Çaga ýaramajak bolsa, onuň ýanynda bolubam kömegiňi degirmän durmak iň erbet, iň kyn zat. Megerem seredip durup bolmaýan diýilýän zat şu bolsa gerek. Bolsa-da gowja. Oýnapjyk ýör...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.