SEÝISIŇ “KÖRPESI”
Elli ýaşlaryndaky Ýazow seýis atbakar Meýlise: “Bar hol bedredäki suwy dök” diýdi. On alty-on ýedi ýaşlaryndaky ýetginjek Meýlisem ýerinden towşan turan ýaly turup barsa bedre boş.
-
Seýis aga bedre boş-a.
Ýazow seýis Meýlisiň geň galyp seredýän
ýüzüne gülüp seretdi-de:
-
Aý onda içindäki
suw bugarandyrda –diýdi.
Bir günem ol Meýlisi ýanyna
çagyryp:
-
Alsakaryň ýalyny inçejik-inçejik
edip örsek näder? – diýdi. Meýlis bir salym böwrüni diňledi-de:
-
Nädip? – diýdi.
-
Daşary ýurtlu
futbolçularyň käsi saçyny örýärä, telewizorda görmediňmi?
-
Gördüm. Gelşermikä?
-
Gelişmese
çözäýeris.
Meýlis iş edinip, seýisiň
aýdyşy ýaly Alsakaryň ýalyny örmäge durdy. Burnuna salybyrak geplegen obadaş dosty
Seýit onuň deňinden “Samsykmaý sen?” diýip geçip gitdi. Örümleri başardygyça
inçe ören Meýlis yza çekilip atyny synlap gördi. Gelişmänem durmadyk ýaly. Ýöne
başga kişiler-ä atynyň ýalyny örüp ýörenok? Seýis bu gezekki oýnuna hasam hezil
edip güldi. Gülen bolsa-da, utanjyna ýüzi gyzaryp giden Meýlis derrew örenlerini
çözüşdirdi. Bahana bilen aty täzeden gaşawlap, guýrugyny-ýalyny daraşdyrdy. Atbakar
ýoldaşlary Meýlisiň türkanalygyna gülüp gönendiler.
-
Näme how, ýalyny
örüp durmuşa çykaraýyn diýseňem-ä Alsakaryň at?
-
Seýis bir zat diýse
etjek dälmiň ýogsam?
-
Ilki kelläňi işledäý.
-
Işledýändä.
Ynanmajagam bolýan. Onda-da seýis agaň menden başga işi ýog-a. Indi diýenini
etmen.
Onýança seýisem bir ýerden
çykdy.
-
Kimaý o meň
diýenimi etmejek bolýan?
Meýlis aýdan sözlerine
ogrylykda tutulan ýaly utandy. Sesini çykarman ýeňsesini tüňňerdip gitdi. Ýazow
öteräk oýun edenine düşündimi, nämemi, “Aldamaga oglan ýagşy, Hudaý ursun
garryny” diýip uludan dem aldy.
Dogrusy, seýisiň bu oýunlary Meýlise
hoş ýakýardy. Seýis beýleki atbakarlaryň hiç biri bilen ýalandan-çyndan beýle degişenokdy.
Atbakarlaryň arasynda Meýlise gözi gidip, “Seýisiň körpesi” diýýänlerem bardy.
Ýazow Meýlisiň yzyndan gygyrdy:
-
Meýlis, hany, gel
bärik.
Meýlis nalaç yzyna dolanmaly
boldy. Seýisiň hälki gülüp duran ýüzi çytylypdyr.
-
Bar, çekisi üzülen
eýeriňi getir oňaraly.
Meýlis eýerjaýyndan eýeri alyp
geldi. Ikisi oturyp eýeriň çekisini abatlamaga girişdiler. Gözüniň gytagy bilen
Meýlise seretjek bolup, seýis temeni barmagyna çümdürdi.
-
Haý, seň içigara
galmyş.
Ýazow temen çümen ýerini basyp
ganyny saklady. Meýlis dermanly gutudan ýod geirmäge ylgady. Onuň yzyndan garap
Ýazow içinden: “Şujagazy näme beýle gowy görýäkäm?” diýdi. Çala ganjaran
barmagyna Ýazow ýod degirdi. Onuň bir eýlesine, bir beýlesine geçýän Meýlis
“Ötýämi?” diýip sorady.
-
Hemmesem senden.
-
Men nämetdim, wiý?
-
Näme wiý? Özüňe
wiý.
Meýlis Ýazowyň bolşuna
jykyr-jykyr güldi.
-
Boldy-da saňa-da.
-
Eý, atbakar, sen
meň bilen gaty öwrenşäýýäňmi? Ýeňsäňe bir şapbady çalaryn welin, wiý bolar
saňa.
Meýlis bir salym sessiz oturdy.
Birdenem hiç zat bolmadyk ýaly goňşy athanadaky Almagözi öwdi.
-
Gowy at gerek,
seýis aga?
-
Erbedem däl. Ýöne seň Alsakaryňça ýok bolaýmasa.
-
Aý, özümiziňki
bolansoň diýäýýäň. Alsakar oň tozanyna-da eýgermeýä.
-
Jedelmi?
-
Jedel. Utsam näme?
-
Menden doňdurma.
Seň atyň galaýsa-da Atbakarlaň öňünde ýigrimi, ýok elli gezek oturyp turarsyň.
-
Gepleşdik.
Seýis edil deň-duşy ýaly Meýlis
bilen el kakyşdy. Soňam atbakarlary çagyryp jedele şaýat etdi.
Alsakar bilen Almagöz “Bedew”
baýramynda “Açylyş” baýragyna çapmalydylar. Alsakary işledýänem, çapuw güni
çapjagam Meýlisiň özüdi. Jedelden soň seýis ýörite diýen ýaly Almagözi
synlamaga çapuw ýolunyň gyrasyna çykdy. Iki ýaşar diýer ýaly däl, syrdamdan
gowy at. Ýöne näme üçindir aýaklaryny ýere äwmän basýan ýaly. Alsakar onuň
ýanynda uçganaklap barýar. Ýa ýüregi giň-de, parahatmyka? Aý, giden bir
doňdurma bolsun.
Ine-de “Bedew” baýramynyň
ilkinji çapyşygyna – “Açylyş” baýragyna goşuljak atlar ýola çykdylar. Alsakary
münüp oturan Meýlisiň gözi Almagözdedi. Olar toýhanadan ýanaşyk ugradylar.
Alsakar Almagözden Meýlisdenem beter çekinýän ýaly jylawyna buýdurman ondan
arany açjak bolýardy. Emma seýis Meýlise aty başdan goýberäýmegin diýip berk tabşyrypdy.
Almagözüň ýuwaş-ýuwaş yza galyp ugramagy Meýlisi aljyratdy. Ýa oň çapyksuwary
atyny saklamagy has gowy başarýarmyka? Alsakar welin gitdigiçe bat alyp çapuwyň
öňüni çekýän iki atlynyň biri boldy. Ol Meýlisiň jylawy gara güýjüne
çekýändigini syzmaýan ýalydy. Ine-de soňky öwrüm. Meýlis jylawy çala gowşatdy.
Muňa begenen ýaly Alsakar burnuny parladyp öňde barýan at bilen ýanaşdy. Meýlis
gapdallaşyp barýan garşydaşynyň atyny gyssaýanyny gördi. Diýmek olaň bar çapyp
bilişi şu. Meýlis jylawy ýene biraz gowşatdy. Alsakar öňe saýlandy. Onuň
aýaklary ýerden göterlip ugran guşuň ganatlary ýaly zarply, çalt hem sazlaşykly
hereket edýärdi. Atynyň badyna Meýlisiň keýpi göterildi. Ol atynda beýle bat
bardyr öýdüp çakam etmändi. Görsene muny! Şowhuny Asmana galan märeke Meýlise
tarap süýşýän ýaly. Pellehana-da Alsakar öňe omzandagyça ýakynlap gelýär. Edil
badyny alan poezdiň üstünde bolşy deý, ähli töwerek deňinden ok ýaly geçip,
alysdakylaram oňa ýakynlaýar. Golaýynda bir garşydaşam ýok. Hemmesi hol yzda!
Meýlis ýeňip gazanan halysyny
egnine atyp athana geldi. Onuň münüp oturan atam, özem ýene bir aýlowa goýberseňem
ýadaman geljege meňzeýärdiler. Meýlis gele-gelmäşe seýisine “Alsakar uçdy,
seýis aga, uçdy!” diýip gygyrdy. Ýazow bir atynyň boýnuna, bir Meýlisiň
arkasyna kakyp; “Gördüňmi ediberşini!” diýýärdi. Ol Seýidi doňdurma ylgatdy.
-
Her kime birini,
gowsundan al!
Doňdurmalaram geldi. Olar
paýlanmanka Meýlis keýp bilen atbakar ýoldaşlaryna ýüzlendi:
-
Doňdurmany meň
arkamdan iýýänsiňiz.
Ýazow “Duruň, duruň” diýip,
Seýidi ýanyna çagyrdy. Doňdurmalary stoluň üstünde goýdurdy. Soň Meýlise ýüzlenip:
-
Sen utuldyňa, ogul.
Saňa doňdurma ýok. Hany bol. Ýigrimi gezek diýipmidik ýa ellimi? Oglanlar
şaýatdyr.
Atbakarlaryň tarapyna geçen Ýazow
olara gözüni gyrpyp goýberdi. Atbakarlaryňam keýpi göterilip, Meýlise “Bol-da,
bol” boluşdylar.
Beýle oýny birki ýyl mundan öň
eden bolsalar Meýlisiň ýarym-ýaş aglajagy gürrüňsizdi. Häzirem bogazy dykylyp
ugrandan ol gülen boldy. Zordan:
-
Baryňsanaý, aty
ozduran kim? – diýdi.
Ýazow:
-
O-ho! Näme
Alsakaryň seýisem senmi? Bu gezek ol kim münse-de ozýady. Bolýa, sen ony gowy
çapdyňam, oňa gowy seretdiňem. Almagöz Alsakardan galdymy ozdumy? Şony aýt. Biz
nämäň jedelini etdik? Erkek bol, sözüňde dur – diýdi.
Meýlis erkek bol diýlenden oturyp-turmaga
başlady. Her oturyp turanyny sanap atbakarlar Meýlise hem gyjalat berýärdiler,
hem çapak çarpýardylar.
-
Kyrk sekiz, kyrk
dokuz, elli, elli bir, elli iki...
-
Boldy-how dur indi.
Ellide kesilen çapaklar soň üznüksiz
çarpyldy. Atbakarlar Meýlisiň daşyny gurşadylar. Olar ony ýokaryk oklap-gapmaga
hyýallandylar. Ýazow: “Duruň” diýip olary saklady.
-
Her zadyň çeni bar.
Alyň hany doňdurmalaryňyzy, bişmänkä.
Atbakarlaryň hersi bir
doňdurmany aldy. Seýit Ýazowa-da birini getirip berdi. Stoluň üstünde ýene bir
doňdurma ellenmän durdy.
-
O kimiň paýy? Kim
almady?
Atbakarlar seretseler Meýlis
aralarynda ýok. Ol Alsakaryň ýatagynda hynçgyryp-hynçgyryp aglaýardy. Adynyň
tutulyp gygyrylýandygyny eşidip Meýlis gözüni-ýüzüni süpürişdirdi. Seýit
Meýlisiň doňdurmasyny alyp geldi.
-
Meýlis, al paýyňy.
Seýit Meýlisiň aglanyny gören
badyna bildi. Yzy bilen gelýän ýoldaşlaryna “Gidiň” diýip yşarat etdi. Ol ýuwaşlyk
bilen Alsakaryň ýatagyna girdi.
-
Seýis aga oýun
etdim, doňdurmaňy iý diýdi.
Seýidiň uzadan doňdurmasyna
Meýlis seredeýinem diýenokdy.
-
Meýlis, çyndanam
seýis aga seni hemmämizdenem gowy görýärä. Bilýäňä. Aňryňy bakan bolmasana. Sen
erkek kişä.
Meýlis Alsakaryň ýatagyndan eli
doňdurmaly çykdy. Çykyşyna-da atbakarlar bilen üýşüp oturan Ýazow daga tarap
däl-de, athanaň beýleki çetindäki boş ýataga tarap öwrüldi. Ýataga rejeli
basylyp goýlan bedeleriň biriniň üstüne çökdi. Seýidem onuň oturan bedesiniň
bir çetinde özüne ýer tapdy. Iki dost bir-birine egin direşip otyrdylar.
-
Bilýäňmi, Meýlis
meňem seň ýaly gowy bolasym gelýär. Bilemok-da näme üçindigini, meňki bolanok.
O gün sen gelmediňä, şonda seýis agaň bolaýşyny bir görsediň. Maňa gygyrýa,
näme üçin alyp gaýtmadyň diýip. Ýaranokdy, ejesi goýbermedi diýýänem welin,
ejeňiziň ýanyndan aýrylyp bilmän ýörsüňiz. Ullakan oglanlara meňzeş däl siz diýýä.
Men işden galsamam näme üçin gelmediňem diýenok. Diýse-de indi galma diýýä
bolany. Seni nätdi? Öz güpbüsini geýdirip, üşäýme diýip.
-
Bilýän oň meni gowy
görýänini. Halynam, birinji baýragyň, öýňüze äkit diýdi. Ejemem begener. Şonda-da...
-
Özüň ilki jedel
etmeli däl-dä.
-
Edemde näme? Siz-ä
diýmediňiz, oturyp-tur diýip?
-
Hawa nämboldy,
oturdyň-turdyň? Gaýta keýp etdik.
Seýit saklanyp bilmän gülüp
goýberdi.
-
Sen bir içimi
ýakmasana. Aý, bolýa. Menem ulalaryn. Ýetimligimem.... ýadymdanam çykyp gider.
Bular näme gelmedi diýip
oglanlaň yzyndan gaýdan Ýazow Meýlisiň soňky sözlerini aýyl-saýyl eşitdi. Hyrra
yzyna öwrüldi. Gidip bilmänem oglanlaryň oturan ýerlerine tarap gaňryldy.
Olaram turup ýatakdan çykyp gelýärdiler. Olaram Ýazowy gördüler. Nämede bolsa
uly adam Ýazow seýis:
-
Nirden çykdyňyzaý?
– diýen boldy. Deňine ýeten Meýlisi gujagyna gysdy.
-
Näme öýkelejek
bolduňmy? Saňa meň körpäm diýýäler-ä. Ýogsa mende senden başga ogulam ýok.
Uljamam sen, körpämem. Hany ýör dördünji çapuwda-da at çapmal-a sen...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.