EJE... EJE... | Eserler | Ylýas Amangeldi

EJE... EJE...

Hekaýalar | 0 teswir | 84 okalan

 (hekaýa)

 

Şamyrady günleriniň boş geçip durmasy ünjä goýýardy. Bir aý bäri nota depderini açýardy, ýapýardy. Çalaran saçlaryny daraklap, pioninonyň başynda uzak wagtlap sessiz-üýnsüz oturýardy. Ýazmakçy bolýan sazynyň ýeke notasynam kagyza geçirip bilmän kösenýärdi. Ýeke notadan ne peýda? Ýeke notadan saz bolýarmy näme?! Çöwnüne bolsa ýüregi joşup, bir böwedini ýaryp bilse, saz akyp gidiberjek ýalydy.

Mundan ozal şeýle bolanda Şamyrat köne suratlary öňüne dökerdi. Her suraty görüp-görüp doýup bilmän, ýeke-ýeke elden geçirerdi. Suratlaryň biri ony oglanlygyna äkitse, ýene birinde geçen ýaz çöle gidişleri bardy. Bir topar könelşen suratlar bolsa  ýogalan öten-geçenlerini gözünde janlandyrýardy. Suratlary görüp başlansoň ol wagtynyň nähili geçeninem bilmezdi. Dünýäni unudardy.

Şamyrat bu gezek albomlary çykaranda iki sany köne, galyň depderlere-de gözi düşdi. Ýüregi jigläp gitdi. Bular onuň gündelikleridi. Ýöredilmän ýatanyna-da ep-esli ýyl bolandyr. Ol albomlary açman depderlerini eline aldy.

Otuz ýyl mundan öň ýazylan ýazgylar... Senesi, aýy-gününe çenli bellenipdir. Iň soňky beýan eden gününden bäri ýigrimi üç ýyl geçipdir. Şamyrat olaryň arasyndan birki sanysyny okap gördi. Ýene üç-dördüsine göz gezdirdi. Olaryň hiçisindenem alga alarlyk zat gözüne ilmedi.  Birdenem ortarasyna uly harplar bilen “EJE... EJE” diýlip ýazan sahypasyna gözi düşdi. Ol bu sahypany öňem, bir döwürler birnäçe gezek okapdy. Bu golaýda welin eline almandy. Saklanyp bilmän, ony gaýtadan okamaga durdy. Tanyş sözler, tanyş setirler...

“EJE.. EJE...

Sen adymy yzyna  “jan” goşman tutmaýarkaň, men saňa bir gezegem “jan” diýip bilmedim. Ýogsa körpe ogluňdym. Ýönekeýje zat, “eje jan” diýen bolsadym göwnüň biterdi. Ýigitsirän boldummy? Erkeksirän boldummy? Ýüwel görünmekden çekindimmi? Haýsysy bolanda-da tapawudy näme? Indem müň söz bilen delillendirjek bolsamam bary bahana bolar. Ýekeje gezek “jan” diýenimiň ýerini tutmaz. Arman, diýmändirin. Diýmeli ekendigine dirikäň akyl ýetirsem bolmaýarmy?

Togsan bir ýaşapdyň. Doglan günüňi gutlap, daşyňa üýşüpdik. Diňe men keýpsizdim. Il ugruna ýylgyran bolýardym. Muny duýupdyň. Näme üçindigine düşüneniňi düşünmäniňem bilemok. Içimden “Ejemiziň ýaşy togsandan geçdi... togsandan geçdi” diýip gaýtalaýan. Şol wagt edilmeli pikirmidi bu? Ýok. Ýöne ýürege buýrup bolanok diýýäler, pikirlere-de buýrup bolmaýan eken.

Seni tanaýanlar “Togsan bir ýaşadymy? Tüweleme!” diýşip uzak ýaşyňa begenýärdiler. Men welin, olar gidensoň ýüzümi sallanymy bilmän galýardym. Ejem üçin näme edip biljek bolsam, edesim gelýärdi. Soňky ýazan sazlarymyň birini ejeme bagyşladym. Bir elimden gelen şol boldy. Ömrümden alyp ömrüne goşaýyn diýsemem kabul boljak ýagdaýy ýok. Däli Domrulyňky ýaly Ezraýyl ýanyma gelse, men ejemden jan dilejek däldim, ejem üçin janymy berjekdim. Emma dilim... Şu gezek “jan” diýerin diýmegem kelläme gelmändir. Bolmanda ýekeje gezek dilime buýrmagy başaran bolsam bolmaýarmy?

Sen bolsa “Janym, geldiňmi? Alla-da ejeňi ýadyndan çykardy öýdýän?” diýipdiň. “Gowu-da şo” diýsem, “Wah, size gowudyr, maňa günme-gün kynyrak-da. Agyrýan ýerim-ä ýok, şoňa-da şükür” diýip, jogap beripdiň.  Ýüregim mynçgalanýardy. “Hemmäňizden razydyryn. Sizem menden razy bolaweriň” diýeňde demim damagyma dykylýardy. Dünýede iň eziz görýäniň “günme-gün” senden daşlaşyp barýar. Senem oňa çydap otyrmaly. Ýyllary yzyna aýlajak gümany ýok.

Togsan bir ýylyň elliden gowuragyny bile geçirdik. Adam adam bilen sene-mene edişmän elli gününem aňsat geçirip bilenok. “Eje, dursana, seňki näme?” diýen dälmidirin? “Jan” diýmäge aýlanmadyk dilim muny diýen däldir diýip biljek däl. “Jan” diýşip ýörenleriňem ejesiniň göwnüni ýykmadygy barmyka? “Ýokdur” diýmäge derek, “bardyr” diýesim gelýär. Ilçilikdir, iliň içinde beýle bagta ýetenlerem bolup biler ahyryn?! Ýöne başga biriniň bagtyndan maňa ne peýda? Kesekä hoş söz aýdyp, näme üçin ejelerimize “sen dur” diýýärkäk? Ejäň ogluna düşünjegini bilýäs, bagyşlanjagymyza gözümiz ýetip dur. Eje biraz “duraýanda-da” bolýar diýýäris. Emma eje-de ynsan. Olam içinden “Ynananym gara dag, gara dagyma-da gar ýagdy” diýibem biler ahyryn?

Sahy bagşy: “Jan-jany” aýdyp “Ýol ýörüseň gözlerime däridir, /Gadamyňdan çykan tozlaryň seniň” diýende gyz-gelin göz öňünde tutulýanam bolsa, ejem ýadyma düşýär. Jenet ejeleriň dabanynyň astyndadyr diýilýär. Onda ejeleriň aýak tozy jennetden gelýän toz bolýar. Men bolsam ejeme diýmedik “janymy” bagşa diýýän. Göwnümden turan islendik biriniň adynyň yzyndan “jan” diýip goşýan. Janygyp gürlemeli bolamda-da, gepimi düşündirjek bolup “Jan ogul, maňa düşünsene” diýýän. Köplenjem soňundan, eje, sen ýadyma düşýäň. Bu “jan” diýip duranlam seniň saçyň agyna-da degenok ahyryn diýýän içimden. Pikirlerim nädip, şol iki arada seni ýadyma salyp ýeişdi? Ýuwdunýan. Galan ömrüme-de “jan” sözüni eşiden ýerimde şeýdip ýuwdunyp geçmeli boljakdygym beýnime urlup gidýär.

Mekdepde okap ýörkäk okuw kitabymyzda haýsy çaga edepli diýen manyda bir hekaýajyk bardy. Iki sany çaga, eli ýükli gelýän eneleriniň öňünden çykyp, biri ejesiniň ýüküni göterişýär. Şol hekaýadaky ýük göterşen edepli oglan boljak bolup, gören ýerimde tanamaýan aýallarymyňam ýüküni göterşerdim. Menden gorkupmy, çekinipmi, ýüklerini bermän, gaýta ýüzümi alanlaram bolupdy. Men bolsa ýylgyraýardym. Içimden ejem bolan bolsa ýüküni bererdi. Akyllyjam diýip başymy sypardy diýýän. Bu enäň ogullary ýük göterişmelidigini bilmeýermikä? Ýok, bir gün oňam ogly, bolmanda ogullyga alany öňünden çyksa gerek.

Biz enelere “ýük” bolmanmydykmy näme? Onda-da nähili ýük, gözüniň ýagyny soran ýük. Ejemiň ýüküňi göteren, ýa paýlaşyp ony ýeňleden ýerlerimi ýatlajak bolýan. Bolmanda oglankam, ejem bazardan gelýärkä... Ýok, ýadyma düşenok, elbet, gabatlaşan däldirin-dä. Oňa derek bir sahabanyň enesini arkasyna alyp, Käbä togap etdireni hakyndaky rowaýat ýadyma düşýär. Ýaňky sahaba Muhammet aleýhissalamyň ýanyna gelip, maňlaý derini sylyp: “Ejem bilen üzlüşenmidirin?” diýip soraýar. Pygamberimiz oňa: “Ejeň seň üçin bir gijeki gören görgüsini ödediň” diýip jogap berýär.

Ödelmeli gijeleriň entek, gör, näçesi boýnumyzyň borjy?! Biz ejelerimiz üçin entek, gör, näçe der dökmeli?! Emma hiç bir eje perzendini bagryna basanda hasap-hesip ýöretmeýär. Biziň kim bolup ýetişjegimizem oňa mälim däl. Sen adam bolup ýetişseň bolýar – oňa başga hiç zat gerek däl. Bu-da ýene perzendiň bähbidine!

Gurbannazar Ezizowyň “Eneler jomartdyr, giňdir eneler, /Olar kyn günüňde kömege geler” diýen setirlerini gaty ýönekeý görerdim. Emma beýle däldigine, menden ýeke şaýam islemän elli ýyl hyzmatymda duran ejemiň ýaşy togsandan agandan soň düşündim. Ejesine jan diýmegem unudansyran perzendiň günäsini diňe ene giňligi bagyşlap bilýär. Diňe ene jomartlygy şunça zähmetini hiç bir hasapsyz, gaýgyrman saňa bagş edýär. Bolmanda içini döküp “ýüküni” paýlaşsa. Ýok, ol “ýüküňi”, sendenem şony tama edip paýlaşmaýar.

Ýeke gezegem saňa üşeýändir öýtmedik ogluňa diriligiňdäki ýaly: “Başaçyk gezme, ýuka geýinme, üşärsiň” diýip, düýşüme girýäň. Düýşümde-de meni gynandyrmajak bolup, ýylgyryp dursuň.

Eje... eje...”

Şamyrat ýazgysyny okap bolan badyna depderleri, albomlary ýygnaşdyrman dikeldi. Baryp penjiräniň tutusyny syrdy. Uzaklara nazaryny dikip durdy. Soň pioninaň başyna geçdi. Açyk duran nota depderine seretdi. Çala çygjaran maňlaýyna elini ýetirdi. Pioninoň ak-gara düwmelerinde elini ýöredesi geldi. Bolmanda Nurydan bir saz çalaýyn diýdi. Emma ýeke düwmänem basyp bilmedi. Dyzlaryny ýumruklady. Penjiräniň tutusyny syryp ýapdy. Otagyň çyrasyny öçürip çykaýyn diýip durka agtygy salam berip geldi.

-         Durdy jan, näme keýpiň ýok?

-         Aý, ejem...

        

 

 

    

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.