KALBYŇ SEDASY...
Bu dünýede azaşýan köp. Menem köpüň biri... Azaşdym, hatalarym gara tupan bolup dünýämi tutdy. Depämden gum dökülýärmi, aýagymyň astyndan çäge sowrulýar bile bilmedim. Töhmetmidi, ýazykmydy, ýa bahylyň nazary – aňşyra bilmedim. Ho beýlede, çala görünýän atam elindäki hasasyny galgadyp, dünýämi ýagtyltmaga yhlas edýär. Hiç zada ilmeýän hasa asmanu-zemini tutan gara tozanyň içinden boş geçýär. Enemiň pyganyna ýüregimde ilkinji sanjyny syzdym. Çagalaryny penalaýan eneleriniň howsalaly gözleri elek-çelek...
Görsene muny, harasadyň içinde hiç zat saýgartmaýarka, dogan-gardaşlarymy görşüm deý, özüm ýaly tupana galanlary hem ýanlarynda ýaly görüp durun. O biriniň üstüne ýagan gumdan ýaňa garagy gapylypdyr. O biri aýak üstünde durup bilmän bir ýykylýar, bir galýar. Ýykylsa gömüljek. Gaýrat etmeli, aýak üstünde saklanmaly. Apy-tupanda galan näçe – ýüzlreçe, müňlerçe. Jahanyň arassa asmanly, asuda ýeri bir galdymyka? Bu ne bela, bu ne harasat...
Aljyramaly däl. Penalara-da hiç zat ýok. Ne öý görünýär, ne üçek. Ýanymdaky dogan-garyndaşlaryma daýanjak bolýan. Emma, aramyzda aýna perde goýlan ýaly. Elim aňrysy görnüp duran sowuk diwara degýär. Belki bäş ädim beýlämde meni tupandan alyp çykjak ýol bardyr? Ýöne, haýsy tarapda, çepimdemi, sagymdamy? Ters aýlanýan. Ahyry düşündim, ýol gözläniňden peýda ýok. Ýol-ýodadan öňürti dost-duşmany saýgarmaga çalyşmaly. Biri elimden çeken ýaly boldy, birisi aýagymdan aslyşdy. Düşünmedim, elimden çeken gorpa çekdimi, aýagymdan aslyşan gorpa gaçmakdan halas etdimi? Özümi aşak goýberip sessiz oturdym. Indi göpüp otursam ilkinji dogry hereketimi şonda eden ekenim. “Ýol bilmeýäniň yzyna düşenden, duran ýeriňde duranyň has beter azaşmazlygyň üçin bähbitlidir” diýen dana sözi soň eşitdim.
Bu apy-tupanda dost-duşman – ikisi birden saýgartmaz, ilki dostumy gözläýin diýdim. “Dost saňa näme etsin? Olam özüň ýaly gidere ugur tapman durandyr-da.” Bu anyk, duşman sesidi. Dostdan maňa kömek ýok bolsa, belki menden oňa hemaýat ýeter. Ýeke galanymdan gowy. Söýenşen ýykylmandyr. Eý, dost, nirede sen? Uzat eliňi. Barmagym barmagyňa degse tanaryn. Esasy zat sen menden howp etme... Hiç kimiň barmagyna däl, dyrnagyna-da galtaşyp bilmedim.
“Ha-ha-ha! Söýenşesiň gelýärmi? Hemaýat etmek ýadyňa düşdümi? Ozal, tupandan öň näme işlediň, beýle hemaýatçyl bolsaň? Gol uzatmadyga gol uzatmaýarlar ahyryn, bu çüýrük düňýede.”
Bu ýene-de senmiň, ejize ganym. Keseden pitjiň atýarmyň? Şu gün sesiňi eşitsem, ertir görerin. Şonda aman syparyn öýtmegin.
Berk gysan dişlerimiň arasynda demligime düşen çäge gyjyrdaýardy.
Onsaňam, sag bol, dünýäň çüýrükdigini aýdanyň üçin. Seniň gepiňe gidip oňa ozal ters düşünýärdim. Bir-biriňe kömek etjek bolmaly däl. Özüňi bilmeli, günüň geçerini bilmeli. Söýenişmek – bidereklik. Çünki, dünýä çüýrük diýerdim. Emma, ol çüýrük boldugyça has berk söýenişmeli. Batga bir-birege gol bermedikleri ýeke-ekeden ýuwutmazmy? Çölde tupanda galyp, sürüsi bölünen çopan ýaly iki ýana ylgadym. Ýer ýumrukladym. Gözümden syrygan, biçäreligiň ýeke katra ýaşy, ýüzüme siňen çägeden geçip bilmän doňup galdy...
Men taparyn, daýanjagymy taparyn. Gol berjegimi taparyn, dostumy taparyn, taparyn...
Birdenem... tapdym!
“Dost isleseň Alla ýeter. Çünki Allanyň dostuna ähli barlyk dostdur.”
Tupan şobada ýatyşdy. Allany unutdyrmagyň tupany eken o tupan. Mesjidi ýykylan ýurduň tupany eken o tupan. Orazasyz galan remezanlaryň hasraty eken ol harasat. Gum-çägäniň orny ýerde, ýere-de siňdiler. Ýagmyr geldi. Ýagyşa galsam, ozallar ezilerdim, bu gezek ýuwuldym. Jaýryk-jaýryk dodaklarym nemlendi. Depämden daman damja, ýüregime gurbat-gan bolup damdy. Essime geldim. Gyssandym, ysgyna geldim.
Emma, şemalyň çala bady üýtgese-de, apy-tupan geljek ýaly töweregime howsalaly garanjakladym. Bu asudalygyň, rahatlygyň asyl manysyna düşünmeýärdim. Tozan-tüweleýden nam-nyşan galman, ýagan ýagmyra töwerekler gülzarlyga öwrülip barýanam bolsa, ýüregim ynjalyk tapmaýardy. Gaýta, haýran galaýmaly, bu asudalyk meni harasatdanam beter gorkuzýardy. Dostumdan gorkýardym. Ters ýoly salgy berýän, görünmän pitjiň atýan şeýtanyň sesi barha güýjeýärdi. Ýapyşara ýapyşalga gözledim. Şeýle gülzarlygyň içinde elime gury çöp ildi. Howsala has beter gaplady kalbymy. Çünki, gyssanaňda Onuň özünden başga ýapyşan zadyň gury çöpçe-de bolmajagyny bilmeýärdim. Maňa bu zatlary düşündirere ýaran gerekdi.
“Ýaran isleseň Kur'an ýeter. Çünki ondaky pygamberler, perişdeler bilen hyýalyňda görşüp, olaryň başdan geçirenlerinden netije çykararsyň”
Men indi ýeke däldim. Bakyşym täzelenip, paýhasym durlandy. Ol buýurýardy, men parzymy berjaý edýärdim. Onuň gadaganlyklary ýerde uçutlardan, suwda girdapdan sowýardy. Ýoluma nurdy, gözlerime röwşen. Indi men halaly harama gatmaýardym, batmaýardym ünji-aladalar laýyna. Ýedi menzil beýlämde şeýtan öz nökerleri bilen nätjegini bilmän ýalňyşaryma garaşyp durdy. Emma men ýalňyşlardan daşdadym. Çünki, dostum Alla, ýaranym Kur'an, ýoldaşym niýetim-pälimdi. Onsaň men neneň ýalňyşyp bilerin?
Rugsat edilenler ýoluma gül kimin dökülen aljak alkyşlarymdy, gökde uçarsyz uçuran haýyr-sahawatymdy. Ýolum ýyllaryň, ýelleriň astyna düşüp kesege dönjek pany dünýäň köşki eýwanyna däl, baky jennete alyp barýan sogaplarymdy. Onsaň neneň Onuň rugsatlaryny özüme ýörelge edinmäýin?
Meniň düşünendigime düşünen atam, rahatlanyp hasasyny bir ýana goýupdyr. Içimden “Güneşiň şöhlesi eneleriň şükrüdir” diýdim. Çünki daň agaranda ilki Alla bilen duşuşmak üçin hemmeden öň namaza turýan enemdi. Güneşem ondan soň serederdi penjirämden.
Indi sesi gelip özi görünmeýän duşmanymyň kimdigini bileýin diýdim. Bilimde güýç, dyzymda ragwat bar. Dostuny tapan duşmanyndan heder etmez. Ynsanyň gaýraty kalbyndadyr, kalbyň gaýraty imanda. Görenime duşmanymmyka diýdirýän, süňküme ýeten müňkürligem ýülügimi sorýar. Duşmanymy tanara kuwwat ber, eý, Dostum – Allahym!
“Duşman isleseň nebsiň ýeter...”
Wah, gör sen kim ekeniň, wah, gör sen näme ekeniň, wah, gör sen nirede ekeniň! Men saňa özümdesiň öýtmändirin. Öýümde goňşymsyň öýtdüm, işimde işdeşimsiň diýdim. Sen bolsa damaryma işilip, ýüregime saralan nebsim ekeniň. Tupan senden eken, toz senden eken. Käkilik deý saýradyp, albaý bulan sen ekeniň. Kökümi ýerden soguryp, meretebämi ýere sokan sen ekeniň. Deňimi tanatdyrmadyk, häsiýetimi daratdyrmadyk, şahamy paýasyz goýan, zehinimiň yrýasy sen ekeniň. Seni tanadana ýüz müň şükür. Garalyga akdyr garşy, ýalana hakdyr garşy, hile-ala ygrar garşy, duşmana dostdur garşy. Tanalan ýeriňe gelmersiň, bilýän. Görülen ýeriňde görünmersiň. Imanyma daýanýandygym üçin sen meni ýeňmersiň. Zekadym bagryňy paralar, orazam ýarar döşüňi. Her namazym bogun-bogun söker seni.
Emma, bilýärin, bilýärin seniň nä derejedäki duşmandygyňy. Howpum özüm bilen. Seni sökmek üçin özüm sökülmeli. Damarymda ganymyň akymyny kynlaşdyrýan lagta bolsaňam, ganymdasyň sen. Seni ýeňendigimiň baýdagy guburyma dikiljek agaçlara daňylan kepenimden galan bagjyklar bolar, kim bilýär?! Arman, ol meniň ýeňişim bolmaz, ýöne senem ýeňmersiň, nebsim. Mal-baýlyk bilen aldamarsyň.
“Mal-baýlyk isleseň kanagat ýeter. Çünki kanagatly adam dänjiremez. Dänjiremedige-de bereket geler.”
Berekediň kanagatdadygyna akylym ýetdi. Ýolumy saýgardan Allaha şükür. Danalar öwretdiler: “Ýaradylanlary Ýaradana hormat bilip söý”
Meýdanlaryň al-ýaşyl bürenip, ekmedik güllerimiziň göwnümizi göterişini görüp biz ýaz paslyna minnetdar. Onsaň şol ýaz paslyny bize bereni neneň söýmejek? Diňe ýaz däl, biri-birinden parhly, biri-birinden owadan dört pasly daşymyzdan aýlap, içinde birini bahar, birini tomus, birini güýz, birini gyş edip Ýaradany neneň söýmejek? Eger Ony söýmeseň oglum diýip söýeniň özüňe duşman bolsa, gyzym diýip guwananyň ýüzüňe gara çekse, mal-baýlyk diýip gijeler ýatman toplanyň başyňa bela bolsa, geň görme. Dostuňy dost bil, ýaranyňy ýaran bil, niýetiňi päliňi düz tut, bas gedemligiňi, nebsiňi saýgyla, şeýtany kow. Ýogsa, eger Ondan buýruk bolmasa “Çeýnegeniň belki gümandyr, begler”
“Nesihat isleseň ölüm ýeter. Çünki ölüme düşünen ýalançy dünýäniň toruna düşmez we ahyretini gazanmak üçin yhlas eder.”
Ýadyma düşýär tupandakam men ondan gorkupdym.
“Ölüm perde aňyrsyndan habar,
Ölüm erbet bolanda ölermidi pygamber” diýip heniz eşitmändim. Ölsem, görjegim gutardy diýip ýaşymy sanapdym, günälerimi sanamandym. Ölsem, ýalançy lezzetden galjagymy bilýärdim, sogap gazanmakdan galjagymy bilmeýärdim. Ölsem, tenimiň çüýrejegini bilýärdim, ruhumyň sorag-jogaba göteriljeginden habarym ýokdy. Şonuň üçin, ölüm maňa nesihat däldi. Ol maňa gutaryşdy, sahnanyň ýapylmagydy. Sahnada ölen aktýoryň perde ýapylandan soň ýaşamagyň pany däl, hakyky, baky görnüşine gaýdyp geljekdigini bilmeýärdim. Çünki men bu oýny Goýyjynyň bardygyndan, Onuň synagdan geçirýändiginden habarsyzdym. Ony bilenimde men heý ýalançy dünýäniň toruna düşermidim, ahyretimi gazanmalydygymy bilmezmidim.
Tupan, tupanda gözümden gaýdan ýaş ýadyma düşdi. Daş-töwerek garaňkylyk. Garaňkyda bolsa diňe garaňkylyk saýgardýar.
Gör niçeler şindem tupan içinde. Depelerinden toprak ýagyp, aýaklarynyň astyndan göterlen tüweleý dik asmana galýar. Olara tarap elimi uzatdym. Sowuk aýna diwaryň ýüzüni dyrjanaklap çök düşdüm. Gözýaşy sil bolup akýan şekilimi aýna diwaryň ýüzünde görüp, tisginip gitdim. Men ony süpürjek boldum. Emma elim aýnaň ýüzünde boş tyrpyp durdy. Aňyrdakylar maňa garap haýran galýardylar. “Sen ýaňam biziň aramyzdadyň ahyryn. Nädip halas bolduň? Ýa bizi gara basyp, gözümize görünýärmiň?” Aýnaň ýüzüne düşýän şekilimiň özleri bilen bile duranyndan olaryň habary ýokdy. Men janygyp, esasy, bilmeli zatlary olara aýtmaga howlugýan. Hem bogazyma sygdygymdan gygyrýan:
“Dost isleseň Alla ýeter. Çünki Allaha dost bolana hemme barlyk dostdur.
Ýaran islesen Kur'an ýeter. Çünki ondaky pygamberler we melekler bilen hyýalyňda görüşip bilersiň we olaryň başdan geçirenlerini görüp netije çykararsyň.
Mal-baýlyk isleseň kanagat ýeter. Çünki kanagatly adam dänjiremez. Dänjiremediklere bolsa bereket geler.
Duşman isleseň nebsiň ýeter. Çünki özünden hoşal bela uçrar, görgi görer, päli pesler sapada gezer we rahmet görer.
Nesihat isleseň ölüm ýeter. Çünki ölüme düşünen ýalançy dünýäniň toruna düşmez we ahyretini gazanmak üçin yhlas eder.”
Arman, olaryň bu sözleri eşidenini-eşitmänini, eşidenleriniň bu sözlere ynanyny-ynanmanyny bilmän galdym. Henizem bilemok...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.