AK KAGYZYŇ ÇAKYLYGY | Eserler | Ylýas Amangeldi

AK KAGYZYŇ ÇAKYLYGY

Makalalar | 3 teswir | 1600 okalan

 

Öňümde ak kagyz. Onuň ýüzüne üýtgeşik-üýtgeşik sözler, pikirler ýazasym gelýär. Goşgy setirlerimi, hekaýamy… parhy ýok, görülip-eşidilmedik zat ýazmaly. Şahyram aýdýar ahyryn „Oňarmasaň zaýalama syýany” diýip. Meniň syýa zaýasy, kagyz ganymy bolasym gelenok. Meniň üýtgeşik zatlary ýazasym gelýär. Şeýle bir üýtgeşik zatlary, okanlar haýran bolmaly, ýoldaşyna okatmaga ylgamaly…

Ýokardaky sözlerimi köpüňiz degişmedir öýdensiňiz. „Degişdim, men hiç haçan beýle bir niýet bilen öňüme kagyz-galam almandym” diýsem siz maňa „Dogrusyny aýdýar” diýjekmidiňiz? Has dogrusy, „Men öz pikirlerimi, düşünjelerimi kagyza geçirýän. Olaryň görülip-eşidilmedik, ýa-da, haýran galyp okalyp, ýoldaşyňa okatmaga ylgalýan zatlar däligini özümem bilýän” diýmelimidim? „Sen entek ýaz, ýazanlaryň okanyňa degjek zatlar bir boljakmy, bellisi bolar” diýensiňiz. Ony menem bilýän, ýöne ak kagyzy zaýalasym gelenok…

Obamyzda futboly ölemen gowy görýän biri bardy. Ol bir gün oturdy-oturdy-da „Näme üçin biziň ýigitlerimiz şular ýaly oýnap bilenoklar? Şol bir togalak pökgi, şol bir aýak, ýaşyl meýdan, oýnuň düzgünlerem hemmä deň” diýdi. Ýöne diýibem oňaýmady. Obaň on bäş-on alty ýaşly ýetginjeklerini daşyna ýygnady. Şäherden pökgi alyp geldi. Ýaşyl meýdança açdy. Garaz niýetini amala aşyrmaga girişdi. Özem „Görersiňiz dört-bäş ýyldan bu ýigitlerden Peleler, Zidanlar, Ronaldolar çykar. Olara millionlap dollar tölärler” diýýär.

Ýyl diýeniň ölmedige geçip dur. Dört-bäş ýylam geçdi. Obadaşymyz her näçe yhlas etse-de millionlap dollara satyn alynýan oýunçylary ýetişdirip bilmedi. Ýogsa, özem, ýigitlerem ýaşyl meýdaçadan çykmadylar. Beýdäýmek oba ýerinde aňsadam däldi. Oglanlaryň ejeleri-kakalary „Oglum beýdip top depip ýöreniňden mallaryňa bir halta ot ýygsaň peýdaly dälmi?” diýip gygyryp durdular. Gepiň gysgasy, garaşylýan netijä ýetilmedi. „Baş tälimçi” lakamy berlen obadaşymyzdan başga, dogrusy, üýtgeşik netijä garaşýanam ýokdy. Dogry, oglanlardan iki-üçüsi öz derejelerinde gowy oýunçylar bolup ýetişdiler, bolany.

Bu mysaly özüm üçin getirdim. Üýtgeşik zat ýazaryn diýip ýazyp başlanlarymdan bir-iki sanysy (olam bar bolsa) okamaga ýarady. Galanlary boş zähmet bolup galdylar. Näme üçin? Üçini kän. Bolmajagyny görüp „Men-ä ýöne ýazan bolaýýan” diýdim. Soňam „Gowşak görsemem, gazetler çap edip dur, okalýaram diýýärler. Üýtgeşik zat kime ýetdirip dur” diýdim. Garaz gep gytmy. Emma üýtgeşik zat ýazmak höwesim içimde düwün bolup dur. Şol üýtgeşik zat ýolbars bolsady, elim ýalaňaç gylyçly öňüne barsam. Ýeňsemem, ýeňilsemem özümi bir tanasam. Iň ýamanam obamyzyň „baş tälimçisiniňki” ýaly, kösenjim dört-bäş ýyllygam däl. Ömrüm ötünçä dowam etjek gitjek oturjak. Käte-käte bu ýola baş goşan günüme nälet aýdasym geliberýär. Öňümde bolsa ak kagyz…

Belki men baş goşan zadymyň nämedigini bilýän däldirin? Obadaşymam futboly söýýärdi, emma onuň nämedigini bilmeýärdi. Kimdir biriniň „Edebiýat diýilýän çeper toslama. Kim owadan, çeper edip bir zady toslap ýazyp bilse, şolam edebiýatçy bolýar” diýenini eşitdim. Birbada dogry ýaly göründi. Hakykatdanam, hatda Dostoýewskiýiň romanlaryndaky gahrymanlaram toslanyp tapylan. Meniň şowsuzlyklarymyň köki ine, şu ýöntem düşünjede bolsa gerek. „Baş tälimçem” pökgini depip bilseň bolany diýip düşünýärdi.

Dostoýewskiý hakykatdanam toslapdyr. Emma toslan gahrymanlarynyň derdinden tutgaýy tutup, gahrymanyna sanjylan pyçak ýazyjysynyň bednine gan öýdürer eken. Onsoň şeýle dert çekilip ýazylan eserleri okan adam gözünde ýaşyny saklap biljekmi?!

Perhadyna daglar gazdyran şahyr bu toslamasy bilen bize söýgüniň belent mertebesini açmadymy näme? Sandygyň içinde, uly derýada akyp-akyp, gelibem aşygyna gowuşýan magşuk, heý, ynanyljak zatmy? Emma oňa ýalandyr diýmäge hiç kimiň dili barmaýar. Hakyky edebiýatda şeýle ýalanlar, toslamalar barmak büküp sanardan kän. Asyl olaryň uçdan tutma ählisi şulara meňzeş toslama. Eger men olara toslama diýýän bolsam, diýmek özüm toslama ýazyjydyryn. Lew Tolstoýyň „Uruş we parahatçylygyna” ýazyjy söz uzaldypdyr, hakyky eser iki-üç kagyzdan geçmeli däl diýýän bolsam, diýmek men Tolstoýy okanam, okajagam däldirin.

Magtymgulyň:

„Beýik dagyň başyndaky üç agaç,

Düýbi bir bolmasa çatyp bolmaýar” diýen setirlerini okap, „Şularda üýtgeşik näme bar?” diýýänler edebiýada hiç haçanam düşünmezler, düşünenem däldirler.

Edbiýadyň gudratyny duýmakdan barha daşlaşyp, oňa çeper toslama diýýänler, ynsanlyk ýolundan ters tarapa gyşarandyklaryndan habarsyzdyrlar. Hakyky edeiýat adamzadyň halasgäridir. Bir ýazyjynyň „Beden aşa semreýän bolsa, diýmek ruh horlanýandyr, tapdan düşýändir” diýen sözleri aňymdan çykanok. „Bedeniň aşa semremegi” adamyň gözüni gapýar. Adam Aýazhanyň çarygyna bakmajak bolup, ondaky aýdylanlara „ertekidirdä” diýip elini salgaýar. Söýgüni inkär etmäge çalşyp, Mejnuna däli diýmäge durýar. Edebiýada toslama diýýänler ony okasalar halalyň-haramyň, günäniň-sogabyň nämedigine düşünmeli boljakdygynyň gorkusyna diýýärler. Ak kagyzdan çörek iýýänleriň aşyna awy gatyp bilseler armanlary bolmaýar.

Edebiýat üýtgeşik bir zady ýazmak däl bolsa gerek. Ol islendik halkyň ruhy güýjüniň aýnasydyr. Halkyň ejizlän mahaly ejiz edebiýat orta çykar. Ol barha sandan galar we asla hasaba-da alynman başlar. Derde ýaramaýan kitaplar ýazylar. Emma bu, edebiýadyň ejizligi däldir, edebiýatçylaryň ejizligidir. Hakyky edebiýat ýaralara melhem, göwünlere galkandyr.

„Hak şahyrlar iliň ary-namysy…” diýip bilen şahyr, „Meni tohum kimin ýygnar bu toprak” diýmäge ukyplydyr. Olar ertir özleriniň gögerip çyjakdyklaryndan habarlydyrlar. Hernäçe „Kitap okaýan barmy? Goşgyň kime gerek?” diýilse diýilibersin, hak şahyrlar iliň hakydasynda gögrjekdiklerine berk ynanýandyr. Çünki meýdanlar-düzler al-ýaşyl öwüsmän bilmeýär. Halk Pyragysyz oňmaz.

Ýazyjyny gijelerine ýatyrmaýan, ak kagyza ýüregini berip ýazdyrýan diňe öz yhlasy däldir, iliniň yhlasydyr. Ýazyjylyk şol yhlasy duýmakdan başlanýar. Miwesini diňe men iýmeli bolsam, goý eken agajymam gögermesin. Ýazyjydan üýtgeşik zada garaşmaň, ol diňe sizi ýazar, özüni ýazar. Özünden garaşýanyňyzy ýazar. Siz oňa gül diýseňiz gülüňiz bolar, bilbil diýseňiz bilbiliňiz. Ýüzüne ursaňyz, biçäredir, Mejnunynyň yzyna düşer çöle çykar. Firdöwsä her setirine bir altyn bereýin diýip namalaryň şasyny ýazdyran patyşa „Bir kitaba munça pul kän bolýar” diýip, her setirine mis pul tölemeli edipdir. Setirleriniň gymmatynyň şeýle pese gaçyrylanyny görüp Firdöwsi berleni alman yzyna dolanypdyr. Soň, kitaby okap çykan patyşa „Her setirine bir altynam az eken” diýip, Firdöwsiň yzyndan altyn ýükli kerweni ugradypdyr. Kerwen şahyryň öýüne golaý gelende Firdöwsi ölüm ýassygynda eken. „Ýok, men bu jerweni gpymda görmek üçin ýazmadym” diýýän ýaly serpaýyny getiren kerweni görmänem jan beripdir. Soň, kerweniň gelip saklanan ýerinde diwar galdyrylypdyr. Diwardan elli ädim çemesi bärde bolsa beýik şahyryň gubury…  Hakykatdanam „Şanamanyň” her setiri altyndanam gymmat bolup çykdy. Adamzat ony dürli dillerde satyn alyp okap, asyrlar boýy bahasyny töläp gelýär.

 

Magtymguly bir guldur,

Guldugyna kaýyldyr…

      

Guldur, emma Fettahlary dyza çökeren guldur. Edebiýadyna, edebiýatçysyna gul ýaly garan halkyň özi öz nadanlygynyň guludyr. Hakyky edebiýatçyny göwher gaşa deňäp, depäňe täç edeňde-de, ol ýene

 

Magtymguly bir guldur,

Guldugyna kaýyldyr – diýer.

 

Hak şahyry ýalan şahyrdan, hakyky edebiýat adamsyny, çeper toslamaçydan tapawutlandyrýan sypat onuň gul bolmaga kaýyllygynda ýa-da däldiginde jemlenýän bolsa gerek. Hakyky şahyr iline gulka, ýasamalar nebsine gulluk eder. Nebsine, şöhradyna, ýalana… gulluk eder.

Aýnany Güne tutsaň, ondan şöhleler döwlüp gaýdar hem başga bir ýerini ýagtylandyrar. Bir akyldaryň alan bu mysalyny ýazyjylyk bilen baglasym gelýär. Ýazyjy şol aýnadyr. Gün bolsa ynanjydyr. Ýüzi Güne tarap bolan aýnadan şöhleler ýaýrar. Ýüzi Günden sowulan aýnada şöhle ýokdur. Ýazyjynyň ýüreginde okyjysyny ynandyryp biljek derejede ynanç bolmalydyr. Özünde ynanç bolmadyga kim ynanar? Magtymguly şol ynanjyň guludyr, onda-da halkyny yzyna düşürip biljek derejedäki bir guldur. Şeýle bir guldur, özünden üç asyr soň gelen galamdaşy:

„Magtymgulyň çaýlar içen çäýnegni,

Ýuwup-süpürmäge hukuk gazansam” – diýip ýazar.

Gul kim? Olam ynsan, ýöne urlyp-sögülmäge kaýyl, hyzmata taýýar ynsan. Bilalam bir gul. Diňe „Allahu Ekber” diýeni üçin hojaýyny tarapyndan gynalyp öldüriljek bolunýarka sözünden dänmedik, satyn alnyp halas edilen gul. Bilal azany dogry aýdanok, ýerine başgasy aýtsyn diýlende, Daňyň atmasy gijigipdir. Pygamberimiz şonda, azana Bilal gygyrmasa daňyň atmajagyny aýdypdyr. Soň Bilal azan aýtmaga duranda, daňam agaryp başlapdyr. Muhammet Pygamberimiz magraja çykanda aýagynda Bilalyň köwşüniň bardygyny görüpdir. Çünki bu guluň merdanalygy deňsiz-taýsyzdyr. Ine gul kim!

Ak kagyz sen meni gul bolmaga çagyrýarsyň. Men bolsam görülip-eşidilmedik üýtgeşik bir zat ýazmagyň aladasynda…

Teswirler (3 sany)

Almaz:
25 Fewral, 2012

Ylyas aga, uytgesik sozi bilen siz haysy manyny kast edyaniz? Gorlup-eshidilmedik diyen manyda ulandynyzmy?

Ylýas:
25 Fewral, 2012

Hawa, Almaz dost. Her bir ýazýan adam okyjylar üçin täzelik aýtmak, okyjysynda öňki okan zatlaryndan üýtgeşik duýgulary oýarmak isleýär. Emma bu diňe ak kagyza gul bolmakdan başlanýar. Ak kagyza gul bolmak diýmek näme? Oňa berilmek. Ýüregiňdäkini şol kagyza ynanmak. Seniň eliňden çykan kagyzlaryň halkyňa, töweregiňe peýdaly, olary dogry ýola - Hak ýola çagyrýan bolmagyny gazanmak. Eger başga bir niýetiň bar bolsa, ak kagyza gul bolmak başartmaýar.

kimdirbiri:
01 Mart, 2012

Hz. Bilal Umeyye bin Halefin gullugyndan çykyp Haka gul bolanda könüllere soltan boldy. Pyragy Haky tapanda öz iline soltan boldy, hatda soltanlygynyn cagi öz ilinin çagi bilen çaklenmedi. Diymek azatlyk Haka gullukda gizlenen.
Yazyjyny hormat bilen gutlayaryn. Makalany okamagyma Almaz dostun yazan teswiri sebap boldy. Alemde Hakyn yaradanlaryndan galan zada skeptik taydan seretmek endigim bolupdyr. Herbir okan zadyma hakydama girmek ücin viza sorayan. Vize bermegin ya-da ony bermekden yüz döndermegin düzgünlerini Hakyn kitaby we ol kitabyn beyik Mugallymynyn sözleri kesgitleyar. Elbetde bugünki gündeliginizde bellap geçişiniz yaly kamilligin çagi yok. Şol sebapli, kamilleşmek bilen on viza soralman ya-da yalnyşlyk bilen viza berlip zehinime aralaşan maglumatlary onun töründe orun tutanam bolsa, tussag edip deport etmage calyşyan. Elbetde olaryn arasynda tanyş (nebsim, men-menligim, tenperwerligim, gorkym, tamam...) gözlap çykmazlyga dyrjaşyanam az bolanok. Garaz olaryn garşysyna göreş dowam edyar, ölüm gelip yetmezden ön togtajaga-da menzanok. Şol sebapli, yazyjylaryn kawagt masallasyny yetirsek, kawagt üstüni yetireris. Firdöwsi altyn yükli kerwen üçin yazmadyk bolsa, ony mysal getiryanlerem "masalla" ücin yazyan daldir.
Makaladaky mowzuga gaydyp gelsek, ak kagyza gul bolmak bilen halka gulluk, anyrsynda da Haka gulluk yatyr diyip düşünyan. Bu gulluk guraly yazyjy ücin ak kagyz bilen galam bolsa, gayykcy ücin kürek, kinomatograf üçin lenta, suratcy ücin renkler çotgalar we ak yerlik we ş.m. Yagny, jemgyyetin haysy gatlagynda bolsan-da, eline nahili gural berlen bolsa-da ya-da sen ol guraly gazanan bolsan-da ony Hak adyna ulanmak, ol gural arkaly Haka gul bolmak, netijede halka gul bolmak...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.