ESGER OGLUMA HATLAR | Eserler | Ylýas Amangeldi

ESGER OGLUMA HATLAR

Esseler | 0 teswir | 1282 okalan


 

DÖRDÜNJI HAT

 

Körpäm, gowumydyr ýagdaýlaryň?

Bu haty ýazmak pikirimde-de ýokdy. Senem oňa garaşan dälsiň. Kakamdan ýene bir hat geldi diýip begenensiň. Men welin, begençli bir zadyň gürrüňini etmekçi däl. Beýle diýsem, näme bolduka diýip gorka düşüberme. Bolan zat ýok. Öý-içeriler saglyk, agzybirlik, ýurdumyzam asuda, parahat, şükür. Toýlarda dileg edilýän günümiz bar. Zar-hor zadymyzam ýok...

«Onda näme üçin maňa begençli zadyň gürrüňini etmekçi däl diýýärsiň?» diýmegiňem mümkin. Munuň sebäpkäri ýegenimiz. Sen gitmänkäňem öýe gelerdi, ýadyňa düşýärmi, gündogarymyzdaky goňşy ýegen. Daýy diýip hamsygyp otyr. Neşesine pul ýetirnip bilenok. Işleýän ýeri ýok, baran ýerinden, aýbygadym, kowulýar. Ejesiniň pensiýasam oňa az. Öýi-içersi towuga ýükläýmeli bolupdyr. Çagajyklaryna kömek edip duramsoň, dözmän maňa-da bäş şaýy berer diýip gelipdir. Bermedim, oglum. Bermedim, bermänime hem gynanýan, hem dogry etdim diýýän. Gep pulda däl. Eger çekjegini bir gün men bersem, bir gün ýene biri berse, oňa «Edýäniň dogry, biz seni goldaýas» diýdigimiz bolmazmy? Bermeseňem, «Daýym» diýip gapyňdan geleniň ýüzüne uran ýaly bolup otyrsyň.

Görgä galan ejesiniň ýanyna bardym. Oňa oglunyň gapymdan pul diýip gelýänini duýdurmajak bolup «Bir käse çaýyňy içeýin, hal-ahwal soraşaýyn» diýip geläýdim diýsemem, oglundan zeýrenmäge durdy. «Kakasy bende-de goýdurdyp bilmän, görümde dik oturaryn» diýip gitdi. Menem görümde dik oturaryn diýýän welin, tutuş obaň göründe dik otursa-da oňa tapawudy ýok. Şeýle zannyýaman bolup çykdy. Ýogsa, ogullammyň iň gowusydy...» Menem: «Hudaý ýüregine guýsa, belki düzeler» diýip göwünlik berjek bolýan. Emma, her sözüm ýarasyna duz bolup sepilýär.

Özi bilen gürleşsem peýdasy degmezmikä diýere-de ýagdaýym ýok. Çünki, pul sorap gelende gürleşme kemini goýmadym. Soňam «Öljek bolup ýatan kakasynyň sözüni tutmadyk heý seň sözümi tutarmy» diýip, öz-özüme, gury sözümi zaýalanyma gaharym geldi...

Nireden çykdy bu belalar diýýän? Olary günäkärleýärkäk, özümizmi günäkär? Terbiýeçilikdemi bärden gaýtdyk? Ýa öz çagamyzy söýenimiz üçinmi biz günäkär? Çagaňa keseki ýaly bolmalymy onda? Ýok, tersine, dogurýaňyzda köçä kowýaňyz, ogullaryňyzyň nädep ulalýanyndanam habaryňyz ýok. Esgerlige çagyrlanda bilýäňiz ogluňyzyň on sekiz ýaşanyny diýýänem bar. Menem oturyp sen hakda, doganlaň hakynda pikir edýän. Ýegenlerimizden üýtgeşik, men ýa ejeň size nähili edep berdikkäk? Aklyma hiç zat gelmedi. Ýa bu-da bir keselmi? Keselem saýlap duranok, sähel bahana bolsa islendik adama degip bilýär. Eger kesel bolsa onuň öýjügi nirede? Ýa bir betpäl ýetginjeklerimizi, ýigitlerimizi ýolundan azaşdyrjak bolup, eli gara sumkaly köçelerimizde aýlanyp ýörmi? Oglum, bu pikirleri sizem edýäňizmi ýa bizi çakmadyk ýylan müň ýaşasyn diýýäňizmi? Ýa bu diňe ene-atalaryň paýyna düşen dertmi?

Biziň pikirimiziň bu ýerde nämä peýdasy bar diýýänsiň. Emma bu beýle däl. Türkmenleriň gadym däbinde ene-atasynyň adyna ysnat getiren, bozuk ýola düşen aýal maşgalany ak eşik geýdirip, eşege ters mündirip obaň içinde aýlap, soňam obadan göçürer ekenler. Ony tutuş il görer eken, özüne buýrup bilmedigiň nähili güne düşjekdigini her kes biler eken. Bu aýby ýaşyrmaz ekenler. Näme üçin? Iň seresaply garaýan meselesi bolan namys meselesine, näme üçin ata-babalarymyz beýle gödek çemeleşdilerkä? Belki şeýle çemeleşmekdir, türkmeni haýaly, arly-namysly edip saklan?..

Bu haty men saňa ýazmalam däldim, belki? Parahatja, asudaja, arassaja gulluk edip ýören oglumuň başyny agyrtdym. Emma, oglum, eliňden düşürmän okaýan şahyryň Gurbannazar Ezizowdan sen şu setirleri gulluga alynjak bolup ýörülen mahallaryň ejeňe degip köp aýdardyň. Şonda gülüşerdik. Ejeňem «Aglamok-la» diýerdi.

«Aglama eje jan, bes et ahyňy,

Täk seň üçin dogmanyma düşün ahyryn.»

Şol setirleri ýatlap, agzyny neşä uranlar hakynda pikir etdim. Eger-de şolar göründe dik oturjak atasyz, enesiz, ilsiz-obasyz ýeke başlaryna bolsadylar. Haram keýpiň ugrunda ýansalaram, köýselerem, uçgunlary ýüregine tagma bolup basylýan ynsanlar olaryň töwereginde asla ýok bolsady. Özleri ýansadylar, özlerem sönsediler diýdim. Arman, beýle bolmaýar. Beýle bolmagy mümkinem däl. Ejesi barynyň ejesi bagryny paralap ýörendir, kakasy barynyň kakasy iliň ýüzüne göni seredip bilmez. Aýaly barynyň aýalyna giň dünýe dardyr, çagasy barynyň çagasynyň egni gysyk, boýny burukdyr. Ol bolsa: «Bu dünýä iki gezek gelnenok» diýip, özi üçin dünýä inen ýaly, özünden birjigem hasap soraman, haram keýpiniň yzynda selpäp ýörendir... Diňe olarmy näme? Täk özi üçin dünýä gelendirin diýen düşünjedäki has aýylganç haramhorlaram, gynansagam aramyzda bar.

Körpäm, megerem ynsanyň hakyky ynsan bolup ýaşamgy, diňe, täk özi üçin dogulmandygyna düşünmegi bilen başlanýandyr. Ynsan ilkinji nobatda özüni Ýaradanyň öňünde, galyberse-de biri-biriniň öňünde birnäçe zatlara jogapkär, borçly duýmalydyr. Diňe şol borçlara düşünenden soň ynsanyň ömri öz manysyny tapýar. Onuň ýaşaýyşy özi üçinem, töweregi üçinem rahatlaşýar. Bu borçlary käbir adamlar özlerine ýük bilýärler, emma aslyýetinde ol, gorpa ýykylmazlygyň, bu dünýäňem, o dünýäňem abat etmegiň bir çäresidir.

Körpäm, beýle zatlaryň pikirini etmek maňa entek ir diýmegin. Il derdiniň, goňşyň derdiniň pikirini etmek gijä galynsa giç bolup biler, emma hiç wagt ir däldir.               

  

Kakaň.  

       

BÄŞINJI HAT

 

Körpäm saglykmy?

Geçen gezekki agyr hatymdan soň saňa «Söýgi temasyndan» bir hat ýazaýyn diýdim. Ýöne, gülüşmek, göwnüňi açmak üçin däl. Söýgi temasyna ýeňil garalmagyny özüňem islemersiň ahyryn körpäm, şeýle dälmi?!

Gel, «Leýli-Mejnundan» başlaly. Çöl beýewanda Mejnun çägäň ýüzüne Leýliň adyny ýazýar. Ýazanyny şemal bozýar. Ol ýene ýazýar. Ýene şemal bozýar. Ýene ýazýar. Ýazmakdan ýadamaýar. Ýadamak nire munuň bilen ýaşaýar... Ine hak aşyklyk. Emma, durmuşda beýle söýgi bolýarmyka? Belki-de bolanyndan bolmany gowudyr? Mysal üçin, kim oglunyň bir gyz diýip dälliräp ýörmesini islär? Dogrusy, bu kän bir islege-de bagly däl. «Söýgä erk edýän ýok, söýgüden başga», dogry dälmi körpe? Tanansyň, ýadyňa düşýän bolsa men bu goşgyny senden alyp okap görüpdim, ýitirmänem saklap ýörün. Isleseň gel ony ýene bir gezek okaly.

 

Ýekeje dilegim, ýalňyşma söýgim,

Seniň ýoluň tämizlikde yzlanar.

Bu dünýede goýup giden yzlarym,

Seň mertebäň, manyň bilen yzlanar.

 

Başga bir söýgüniň jogaby bolma,

Öz söýgüň üçinem sorama jogap.

Söýenleri üçin zor bilen söýme,

Söýmediler diýip ýagmagyn borap.

 

Algy-bergi kimin söýüp-söýülip,

Dünýeden niçeler bigam ötdüler.

Olar diňe mazaryň öň ýüzünde,

Haýp geçen ömürden ýaka tutdular.

 

Eger sen ýalňyşsaň kömege geler,

Güýç-kuwwat, erjellik... duýgulaň bary.

Ýöne seň ýanyňda ejizdir olar,

Olar aň perzendi, sen ýürek tary.

 

Söýgä erk edýän ýok, söýgüden başga,

Perwanalar oda urulýar dogry.

Ine şonuň üçin hak söýgüni söý,

Ine şonuň üçin söýgün sen dogry...

  

Emma, muňa garamazdan... gaty köp ýigitler ejesiniň, kakasynyň maslahaty bilen öýlenýärler. Olara aşyklyk derdini çekmedikler, Mejnun bolmadyklar diýmek bolarmy? Ýa-da olar söýüşip ýörenlere «Leýli-Mejnunlar barýar» diýip barmak çommaltsalar nähili bolar? Heý, pikirini edip gördüňmi, Göroglusy Agaýunus diýip ajdarha bilen söweşýän millet öýlenmek meselesinde «maslahady» öňe sürýär?

Ýene bir mesele bar, Görogly Agaýunusa ýetmänkä hökman ajdarha sataşaýmalymy? Goç ýigit, arkaýyn söýgülisini alyp gaýdyberende bolmaýarmy? Şasenem ýaly gyza söýjek bolsa, näme şazada gapyşypmy? Kaýs Leýli diýip hökman aklyndan azaşaýmalymy? Häzirki döwrümizdäki ýaly, arkaýyn guda bolnup, soňam restoranlaryň birinde toý edlende ýa aşyklygyň bir ýeri kemäýýärmi?

Bu iki sowalyň birinjisine, maslahat meselesine dogry edilýär diýsem, «Maňa-da maslahat garaşýar-ow» diýjegiň ikuçsuz. Men seniň öňüňde «Mejnunlyk» bilen «maslahat» ikisiniň hersini tereziň bir gapdalyna mündürmekçi däl. Muny edýänler baram bolsa, men oňa garşy. Çünki, beýle agyr ýükleri göterip, dogry ölçäp biljek terezi ýok. Ol terezi, ýaşaýyşyň özi diýip bilersiň. Onda-da, ýaşaýyş özüniň tükeniksiz dürlüligi bilen hiç bir hasaba sygmaýar.

Bu barada Mahmyt agaň beren gürrüňinem ýazaýyn saňa.

«Käwagt näderkä diýp keýwanymyň ýanynda kesellän kişi bolýan. Şonda dagy çagalara «Kakaňyz ýaranok, ýuwaş boluň» diýip, bolaýşyny bir görsediň. Şony görüp, çynym bilen syrkawlasym geliberýär.» Özem Mahmyt aga-da «maslahat» bilen öýlenen. Ýene bir tanyşym bar, haçan barsam aýaly bilen gyr-tutuş. Näme beýle how siz diýsem, «Aý, ýaşkam söýüşen bolup, başym aýlanyp öýlendim-dä» diýýär.

Gadymy Ýapon däbinde aýala erkek kişiň kölegesinem basmak bolmaýan eken. Emma, bu bir taraplaýyn bolýar. Şol bir taraplaýynlyk sebäpli maşgala agzybirligine ýetip bilmän ýörenleri köp gördüm. Pygamberimiz bolsa ejeň bilen kakaň deň wagtda seni çagyrsalar, ejeň ýanyna ilki ylgagyn diýen manyda wesýet edipdir. Jennetem eneleriňiziň dabanynyň aşagyndadyr diýipdir, atalaryňyzyň diýäýmändir. Şu günüň ýüki erkek kişiniň gerdeninde, geljegiň ýüki bolsa aýal maşgalanyň bilindedir. Söýgi şol ýükleri göwünjeň götermegimiz, ony agyr görmezligimiz üçin bize berlen nygmatdyr. Söýgüniň ýok ýerinde ol ýükler agyr görnüp ugrar we maşgala dargar...

Şu ýerde bu tükeniksiz gürrüňe nokat goýaýyn. Bu gürrüňleri hata ýazyp oturman, iki-çägem edip bilerdik, dogrusy. Emma, çynymy aýtsam, siziň ýanyňyzda näme üçindir, ýüregimdäkileri aýdyp bilmän kösenýän. Ýogsa sen, doganlaryň meniň ogullarym ahyryn. Ýa maňa ýalňyş düşünersiňiz öýüdýänmi, nämemi. Hatda welin arkaýyn ýazýan, senem utanjyrap durman, arkaýyn okaýansyň. Şu, hat alyşmamyz ikimize-de bähbit bolmagam ahmal, hä körpäm?  

 

Kakaň.

 

ALTYNJY HAT

 

Saglykmydyr körpe!

Hat ýazaňok diýme. Hatam ýazara zat bolsa ýazsaň. Daşarda gar ýagýar diýip ýazaýmasam. Siziň töwerekler-de ýagýarmy? Bu ýylky gyş gadym sowuklary ýatladýar.

Edil şunuň ýaly, mundanam beter sowuk gyş otuzynjy ýyllarda-da bolupdyr. Ataň pahyr gürrüň bererdi. Hasaplap görsek, ol wagtlar ataň kyrk ýaşlarynda bolýar. Şol gyş on töweregi düýeli bolup Daşoguza argyşa gidipdirler. Bärden ugranlarynda beýle bir sowugam däl eken. Sowuk olar Daşoguzdan yzlaryna gaýdyp gelýärkäler, çölüň ortasyna ýetiberende başlanypdyr. Şeýle bir gar tozaýarmyş, gökden ýagýarmy, ýerden göterilýärmi aňşyrar ýaly bolmandyr. Häzirki ýaly maşynyň pejini ýakyp, ýuwaşja ýöräbereýin diýjek gümanyň ýok. Ulaglary ýükçi erkek, düýe. Olaram syrgyndan ýaňa biri-birine penalajak bolup, bozlaşyp durmyşlar. Has beterem on adamyň hersi bir kelle. Biri ýel ýatýança bir oýda düşläliň diýýär, başga birem: «Ýeliň haçan ýatjagyny nä bilýäň? Bir ýerde durdugymyz doňup galarys. Ýöräliň» diýýär. Emma, haýsy tarapa ýöremeli? Gündogaram bildirenok, günbataram. Ne ýol bar, ne yz. Sowuk ýurtlarda alynan kinolar ýadyňa düşýärmi? Ataň maňa gürrüň berende şolar ýadyma düşüpdi.

Sowukdan, syrgyndan ýaňa masalahata-da ýagdaý ýokmuş. Ahyry ataň ýoldaşlaryna: «Menden galmaň, yzyma düşüň» diýip, zordan sesini eşitdiripdir. On düýeliň ýedisi bir ugra, ataň yzy bilen gidipdirler. Üçüsem muňa razy bolman düýeleriniň başyny başga tarapa öwrüpdirler. Ataň olary «Terse gidýäňiz» diýip saklajak bolupdyr, emma olar: «Sen terse gidýäň» diýip öz diýenlerini tutupdyrlar.

Käbir adamyň kyn gününde hasam kejeňekligi artýar. Ol üçüsinden birem şeýle adamlardan eken. Beýleki ikisem, oňa ýakyn garyndaş bolansoňlar, gepinden çykyp bilmändirler. Garaz, düşünşere maý ýok, her kim özüniňkini dogry hasaplap, öz ýoluny tutupdyr. Ataň münüp oturan garry erkeginiň owsaryny boýnuna atyp, «Oba özi elter» diýip, ýoldaşlary bilen bir tarapa, ol üçüsem başga bir tarapa gidiberipdirler. Ataň münüp oturan erkegine her näçe ynansa-da, tä gumdan çykýançalar ýüreginiň howsalasy ýatmandyr. Birdenem, demirýola ýetipdirler, emma bu Aşgabadyň deňimi, Tejeniň, Kakaň deňimi, ýa Bäherdeniň töwereklerimi belli däl. Nire bolsa-da ilatly ýere gelenlerine begenipdirler. Soň, seretseler, erkek ýalňyşman eken, olar Gurtly obasynyň deňinden çykypdyrlar. Şeýdibem halas bolupdyrlar. Terse giden üç ýoldaş bolsa bir hepdeden soň Daşoguz eteklerinde tapylypdyr. Elini-aýagyny sowuk aldyrany haýsy, bolsa-da ölmän galypdyrlar.

Ataň bulary maňa gürrüň berende menem seň ýaşlaryňdadym. Ondan:

-         Kaka, ýalňyşaryn öýdüp gorkmadyňmy? – diýip soramda, ataň pahyryň:

-         Gorkara, ýaýdanara ýagdaý ýokdy – diýeni ýadyma düşýär.

Ataň özüniň dogry hasaplan ugrundan gitjek başga biri öňe düşen bolsa, sesini çykarman, hemmeler ýaly onuň yzyna düşerdi. Çünki, ol garamatyň nämedini bilýän adamdy. Käbir adam welin, beýlekilerden tapawutlanjak bolup, jikjerip öňe düşýär. Käbiri hemme kişi maňa gulak assyn, meniň diýenim bilen bolsun diýýär. Mahlasy, uly jogapkärçiligiň başyna düşýäninden habarlysy az-az. Arada mugallym goňşy näme diýýär: «Ýolbaşçy bolmak jogapkärçilik diýilýän agyr daşy arkaňa almakmyka diýerdik. Käbirler-ä, o daşy arkasyna almaga derek, onuň üstünde oturyp, çilimjik çekýär. Biziň obamyzyň başlygam şolardan bolaýjak ýaly» diýip gülýär.

Häzir diri bolan bolsa ataňdan: «Ýoldaşlaryndan hiç biri saňa gulak asmadyk bolsa, «Biz bir garry erkegemi janymyzy ynanmaly?» diýen bolsalar näderdiň?» diýip sorardym. Megerem ataň ýeke özi giderdi, ýöne dogry ýolundan çykmazdy. Belki, özüne şeýle ynamy bolany üçin beýleki ýoldaşlary ondan galan däldirler.

Her kim bir ýana, öz dogry hasap eden ýoly bilen giden bolsa, nähili erbet bolardy. Ýöne aňsat-aňsat beýle bolmaýar. Hatda, çölde gezýän ýyrtyjylaram aralarynda biriniň yzyna düşýärler. Gepläp bilişimiz, görüp bilişimiz ýaly agzybirligimizem bize berlen nygmat. Agzybirligiňi aldyrmagam, gözsüz, dilsiz, gulaksyz galmak ýaly bir bela uçramak bolsa gerek.

Bu günki ýagýan gardanmy penjireden daşaryk seredip, ataňy ýatlaýan, hem seňem kelläňi agyrdýan. Bu wakalar bolup geçende sen beýle-de dur, özümem dünýä inmändirin. Onsoň oňa beýdip, düşünjek bolup oturmagymyň häzir näme ähmiýeti bir bar diýsene?

Görseň kakaň şol öňküligidir, ýok zatlary ýatlap başyny agyrdar oturar. Şonda-da maňa hat ýaz diýýäň. Ýa orslar aýtmyşlaýyn, alma-da, öz bagyndan daşa gaçmaýan bolarly.

Seniň öküzçäni haçan öldürjegimiziň gürrüňini edenimi isleýän bolmagyňam ahmal. Oňam gürrüňini ederis-dä.

Kakaň.

 

 

 

 

  

          

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.