GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY?
MEKDEP DÜNÝÄSINE SYÝAHAT
Pyntyklaryň ýarylmagy, gülleriň açylmagy, miweleriň bişmegi, tohumlaryň gögermegi aňsatmy? Günüň dogmagy aňsatmy? Adamyň adam bolmagy aňsatmy?
Bu sowallara gaty ýeňillik bilen „Hawa. Bular dünýede dowamly, öz-özünden bolup duran zatlar ahyryn“ diýibem jogap berip bolar. Hakykatdanam durmuşyň manysy pyntyklaryň ýarylmagyna, gülleriň açylmagyna, miweleriň bişmegine, tohumlaryň gögermegine, Günüň dogmagyna, çagalarymyzyň kämil adamlar bolup ýetişmegine bagly. Biz onsaň onuň kynlygy ýa-da aňsatlygy hakynda känbir pikir edibem durmaýarys. Çünki hernäçe kyn bolanda-da tohumlaryň gögermegi gerek, perzentlerimiziň hakyky adam bolup ýetişmegi gerek.
Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlygyny yglan edip ilkinji özbaşdak ädimlerini ädip ugran döwürlerinden bäri on ýedi ýyl geçipdir. Ýurt garamatyny üstüne alanlar üçin şol ilkinji ädimleriň nähili ýükli geçirendigini göz öňüne getirmegem kyn. Emma Gün dogdy, türkmen ili hem il deňinde Garaşsyz boldy.
Saçaklar mele nandan dolansoň, onuň başynda kimler şükür edip „Gazananyň, ekeniň-oranyň, bişireniň ýaşy uzyn bolsun“ diýer, kimler bolsa geçilen ýoly ýatlamazdan gybata, boş gürrüňe bat berer. Ýöne geliň, olaryň gürrüň-gybatlaryny özlerine goýalyň. Belki ýalňyşlaryna düşünerler. Ol günlerde gelnen kararlar wagt synagyndan geçdi ahyryn.
Şol günlerde goňşy ýurtlara dostluk goly uzadylanda „Watany çet ýurtdan gelenler dargadar“ diýenlere nähili ýalňyşandyklaryny wagt doly görkezdi. Watan gün-günden berkäp, Bitaraplyk derejesini almaga çenli ösdi. Bu ösüş sagadyň diliniň agram görmän aýlanyşyny, daňyň agaryp, Günüň doguşyny ýatladýan, daşyndan aňsat görünýän hem pamyk ýaly ýumşak ösüş boldy.
Şeýle günleriň birinde Türkiýeden Türkmenistana mekdep açmaga geldiler. Türkmenistan sowatsyzlaryň ýurdumy näme? Çagalarymyzy öz ene dilinde okadyp bilsegem az däl, Türkiýeden gelen olara nädip bilim berip bilsin? Türkmenistana zawod-fabrik gurmak üçin ýa-da söwda gatnaşyklaryny açmak üçin gelýänleriňki düşnükli. Ýöne mekdep açmaga gelmek akyla sygmaýar.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýylarynda bu ýagdaý has hem geň görülipdi. Emma türkmen-türk mekdepleri Türkmenistanyň bilim ulgamyna täze çeşmäniň suwy ýaly goşulyp gitdi. Bu mekdeplerde okan, bilim-terbiýe alan çagalar dünýäniň iň zehinli çagalarynyň dürli ugurlar boýunça bilim ýaryşlarynda ýeňijiler bolup, ýaşyl Tugumyzy asmanda pasyrdatdylar. Bu ýeňişler diňe bir ýollary arçalan türkmen zehinleriniň ýeňişi bolman, Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlygynyň ýeňişidi. Ol ýeňişler Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä swilizasiýasyna geljegi nazarlap, örän ynamly goşulýandygyny görkezýän ýeňişdi. Ol ýeňişler hem edil tohumlaryň gögerşi, pyntyklaryň ýarylşy ýaly daşyndan aňsat ýaly. Üstünden wagt geçdigiçe olar hasam aňsat görünýär.
Emma ol ýeňiş päk niýeti bilen ýüregindäki umyt we ynam damaryny ýolunmakdan goran mugallymlaryň, tanamaýan ýurdunda, ýörelmedik ýerden salan ýoly arkaly ýetilen ýeňişdi. Ol ýeňişiň şatlygy gar astynda açylan gülüň tämizligi ýaly tämiz, gussasy äleme seçilen ýyldyzlar mysaly parlakdyr.
Hajy Ýusuf Kemal Erimez, Sadetdin Başer, hajy Muammer Türkýylmaz, Ylýas Türkmen, Akif Haýrullah Çewik, Seýit Embel… Bu sütünleriň töwereginiň diregi-paýasy bolan beýleki dostlar… Olaryň her biri aýratynlykda kitap ýazylmaga mynasyp adam. Olar mekdep dünýäsiniň çar tarapy, asmany, ýeri. Şol bir wagtyň özünde-de türkmen-türk mekdepleriniň dünýäsinde ýaşap, bu üýtgeşik ynsanlaryň ýanynda känbir göze-de ilmezlige çalyşan ýönekeý terbiýeçiler, bişen tohumy göterip gopan tozgalar mysaly, gonan ýerlerinde gögerip şol „dünýäni“ dünýä ýaýradyp ýörler…
Hajy Muammer Türkýylmaz. Söze bu adamdan başlamagymyň sebäbi onuň diňe bir Türkmenistana gelen ilkinji günlerinden başlap ynanylan wezipesi, ygtyýarly wekil hökmünde boýnuna alan jogapkärçiligi, häzirki güne çenli türkmen-türk mekdepleriniň örňäp ösmegine iň saldamly goşant goşany üçinem däl.
1996-njy ýylyň fewral aýy biziň maşgalamyza agyr hasrat getirdi. Ine şol günlerde-de ilkinji gezek hajy Muammer Türkýylmaz biziň gapymyzdan girdi. Kakam pahyr agyr hassa ýatan soň ony soramaga gelipdir. Ýanynda-da ýene üç-dört türk bardy. Dogrusy olar şonda üýtgeşik ünsümi çekmändiler. Agam Hydyr „Başkent“ Bilim merkezinde işlänsoň, olaryň gelmegini adaty zat diýip kabul edipdim. Şondan üç-dört gün yz ýany kakam pahyr amanadyny tabşyrdy. Segsen ýedi ýaşan kakamyň dost-ýar ýakynlaram kän, ony soňky ýoluna ugratmaga gelenler gapymyza sygmaýardy. Musulmançylygyň ähli talaplary berjaý edilip, kakam birgiden ynsanyň egninden egnine geçip, gonamçylyga getirildi. Indi ony perzentleri, sylanýan ýaşulylar guburyň içindäki jaýyna ýerleşdirmelidiler. Adatça munuň üçin üç adam saýlanýar. Perzentlerinden agam Hydyr, oba ýaşulularyndan biri hem-de … hajy Muammer aga bu işi berjaý etmek üçin gubura girdi. Bilinden aşagyny tozana basdyryp bu işe hajy Muammer aganyň döwtalap ýapyşyşyna haýran galdyk. Elbetde Käbä birnäçe gezek gidip hajylyk borjuny berjaý eden hormatly adamyň bu hyzmaty bitirmegi kakam üçin, indi hormata mätäç dälem bolsa, uly hormat, yzynda galan nebereleri üçin bolsa uly abraýdy.
O döwürlerde türkmen-türk mekdeplerinde işlemämsoň hajy Muammer aganyň bu hereketiniň asyl manysyna düşünip bilmändim. Muamammer Türkýylmazyň wagt tapyp, gapymyzdan aýat-töwir edip gitmegem bize goýlan gaty uly hormatka, birgiden märekäň öňünde gum diýmän, çaň diýmän bir gezek gören bendesiniň guburyna girip ýörmegi ynanar ýaly däldi. Bu diňe meniň däl hemmeleriň aklyny haýran edipdi. Köp adam ony kakam pahyry Allahyň sylamagy diýip düşündiler.
Bu wakadan soň bir ýyl geçip-geçmän şeýle ýolbaşçysy bolan edara işe gelmek maňa-da nesip etdi. Işi başyndan agdyk Hajy agany setanda-seýranda-da göremok diýen ýalydym. Iş iş bolýär. Käte sag bolsun alýaň, käte düşünişmezlikler ýüze çykýar. Bu ýagdaýlaryň ikisem adamy, ýaş-ýeleň bolanda-da, oýlandyrýan zat. Şonda her gezek oýlarym kakam hem Hajy agasyz geçmeýärdi. Işde alan sag bolsunlarym olaryň menden razylygy, bärden gaýtmalarym olary bimaza etmegim ýaly bolýardy. Edýän işimiň gymmatyna düşünmäge çalyşyp, mümkin aşa yhlas edendirin, bir gün bile işleýän ýoldaşlarymdan biri maňa „Başlyk köp ýumuş buýurmaz ýaly näme etmelidigini bilýärmiň?“ diýip sorady. Bu sowala nähili garajagymy bilmän haýran bolup duruşymy ýoldaşym özüne görä „Bilemok, aýtsana“ diýip düşünen bolmaly. Ol „Näme buýrsalar, düşünemok diýäý, menem köp ýerde şeýidýän“ diýdi. Men oňa bu hereketiniň dürs däldigini düşündiribem bilmedim.
Näme üçin beýle bolýarka? Näme üçin adamlaryň käbiri edip ýören işiniň gymmatyna, Watana hyzmatyň asyl manysyna düşünmeýärkäler? Bu sowal beýnime düşen gurçuk ýaly käteler müňňülläp etmejek pikirlerimi etdirýärdi. Päk düşünjelerimi gemrip, hapalyklaryny taşlaýardy. Meniň ondan saplanasym gelýärdi. Şu maksat bilenem „Welaýatlardaky, şäherlerdäki ähli türkmen-türk mekdeplerine aýlanaýyn, tanyşaýyn, işine berlen mugallymlar, şänik ýaly çagalar bardyr. Olary görsem göwnüm açylar“ diýip oýlandym. Emma düýpli bir delilsiz beýle gezelenje gidip boljakmy? Delil hökmünde men „Başarsam türkmen-türk mekdepleri hakynda ýazaýyn“ diýip şol wagtky Baş müdir Ismail Kamit beýiň ýanyna bardym. Gapydan geleniň gözünden maksadyna düşünýän müdir beý maňa ýok diýmedi. Esasy işimden on günlük jogap, hem ýol harjymy berip meni ýola saldy.
Hakykatdanam bu on gün beýnimdäki ünjüleri gidirmek üçin ýeterlik boldy. Höwes bilen gören-eşidenlerimi ýazga geçirdim. Türkmen-türk mekdepleriniň Baş müdirliginde işläp ýören dört ýyla golaýlan döwrümiň üstüne, ýörite berlen on günümi hem goşsam kitap taýýarlarlyk materiallarym bardy. Kitaby ýazmaga-da girişdim. Ýöne, hernäçe yhlas etsemem, ýazgylarymdan göwnüm suw içmeýärdi. Esasy zat – kitabyň ýazylmagynyň maksady açylman galýardy. Hajy Muammer aga bilen söhbetdeşlikde bu barada söz açdym. Ol maňa:
„Easysy zady kesgitlemek mydama-da kyn. Mümkin ol kesgitlemä sygýanam däldir. Mysal üçin, biziň mekdeplerimizde işleýän bir terbiýeçiniň päk ýürekden çekýän zähmedini görkezip bolsa, bu näme azmy? Ýa-da ýaňy aga-gara düşünip ugran çaganyň mekdebimize gelenden soň düşünjesinde bolup geçen ösüşi, özgerişmeleri görkezmek kiçi maksatmy? Her birimiziň mekdeplerimiz hakynda ýatlamalarymyz, mugallymçylyk hakynda düşünjelerimiz, kärimize wepaly bolup bilşimiz, mugallymyna ýüregi bilen berlen päkize çagalara bolan söýgümiz ýazylmaga mynasyp, esasy zat dälmi näme? Bularyň hemmesindenem iň esasysy türkmen-türk mekdepleriniň açylmagy bilen nähili iş edilendigini açyp görkezýän kitaby ýazmakdyr“ diýdi.
Hajy Muammer aganyň bu aýdanlary ýüregime jüňk boldy. Hakykatdanam türkmen-türk mekdeplerini açmak barada gelnen kararyň netijesi nähili boldy? Ine esasy zat! Mary şäherindäki türkmen-türk mekdebinde mugallym bolup işleýän Erkan Hyşyryň Türkmenistana gelişi hakyndaky ýatlamasyny diňlämde, şol günleri täzeden ýaşan ýaly täsirlenip, men muňa has-da aýdyň göz ýetirdim.
Pessaý sesli, özüne bolan ynamynyň üstüne saňa-da bolan ynamyny goşup mährem gürleýän Erkan sözlemleriniň arasyna geň-geň dyngylary berýärdi. Ol şonda edil: „Meniň aýdanlarymy diňle, hem olardan many çykar“ diýýän ýalydy.
„Türkmenistany men ilkinji gezek ýokary klas okuwçysykam telewizorda gördüm. Giň sähralar, düýeler, çarpaýa galýan bedew, edil türk çagalaryna meňzeş garaja gözleri okara ýaly oglanjyklar, gol bulaýan şadyýan deň-duşlarym… telewizoryň ekranyndan däl-de öýmüziň töründen akyp geçip duran ýalydy. Şol döwürlerde „Ýüpek ýoly“ diýen köp seriýaly film görkezilýärdi. Ol filmi men parahat oturyp görüp bilmeýärdim. Edil futbol janköýeriniň oýun jygba-jyga gelende tolgunyşy ýaly tolgunýardym. „Bu ýurtlara gidip bilsedim“ diýip zol-zol gaýtalar durardym. Ýanymda oturan ejem bolşumy halaman maňa derrew garşy çykardy: „Gitmersiň. Öýde, biziň ýanymyzda kim galmaly?“ Şol wagt hem ejemi gynandyrasym gelenokdy, hem özüme höwürtgesinden uçup çykmaga mejbur guşmukam diýerdim. Şonuň üçin howada uçup barýan guşy görsemem gitmek niýetim ýadyma düşüp öz-özüm toglunybererdim. Howa çalarak gyzsa-da şol güneşli ülke diýilýän ýere gitmek höwesime höwes goşulýardy. Öz ýanymdan ol ýerleri göz öňüme getirjek bolardym. Bu hereketlerim häzir size oglanlyk ýaly bolup görünýändir. Emma men ýüregimde dörän galagoplugyň oglanlyk höwesinden has aňyrdan gaýdýandygyny duýýardym. Çünki oglanlyk höwesi diýilýän käbäň eneň bir gözüni alardyp seredende öçüp, ýitip gidýär. Bu gezek welin ol-a göz alartmak eken, sögülsemem, urulsamam pälimden gaýdarly däldim. Şonda-da ýakynlarymdan kimdir biriniň goldawyny isleýärdim“.
Erkan bu gezek gürrüňine has uzak dyngy berdi. Şu ýerde men hajy Muammer aganyň ata Watana söýgi hakynda aýdanlaryny getirmek isleýärin.
„Ata Watan öňüp-ösen ýurduňdanam gözüňe yssy görünýär. Agtygyň oguldanam eziz bolýandygyny ata bolanlar bilýändir. Edil şonuň ýaly maňa-da ata Watanyndan uzakda önüp ösenler has gowy düşüner. Türkmenistana ilki gelip myhman bolan öýümde bir garryja aýal bardy. Bu mährem aýal bilen sähel wagtyň içinde eneli-ogul ýaly bolup gitdik. Soň Türkiýä döndüm. Ara wagt salyp ýene Türkmenistana gelemde ýene-de şol myhman ýerime bardym. Ol ýerdäki garryja aýal salam berip gapydan giremden „Geldiňmi oglum“ diýip, boýnumdan asylyp meni gujaklady. Bu waka haçan ýatlasam şu günki ýaly göz öňüme gelip dur. Men ony ejeme-de gürrüň berdim. Hem ejeme: „Kyrk bäş ýaşadym. Birnäçe gezek uzak ýerlerden gaýdybam geldim. Emma sen meni şeýle mähir bilen „Geldiňmi oglum“ diýip gujaklamadyň“ diýdim.
Ata Watanymyň pukara, garryja enesinden men ejemden görmedigimi gördüm. Onuň Prezidentinden öz döwletimiň Prezidentinden görmedik sylag-hormatymy gördüm. Her ene-ata elimizi gysdy, gujaklady. Edýän işlerimize mynasyp baha berilip, watandaşlyk pasportynyny gowşurdylar, döşümize döwlet sylagy medal dakdylar. Türkiýede-de biziň açan onlarça mekdebimiz işläp dur. Emma onuň üçin döwlet ýolbaşçylaryndan beýle hormaty görmedik. Ynsanyň ynsana söýgüsi haçan, nädeňde berkäp, boý alyp gidiberýär? Söýgä söýgi bilen jogap berlen mahaly ol edil ýerden gögerip çykan şinäň günüň ýylysyna ösüşi ýaly çalt ösüp, boý alýar. Emma garşylyklaýyn mähri görmedik söýgüler köplenç boý alyp bilmän, göýüp galýar… “
Başdan geçenlerini gürrüň berip oturşyna birden dyman Erkan beýe meniň „hä-hümlerimem“ täsir etmeýärdi. Ol aňynda şol günlere dolanan ýalydy. Ýatlamalarynyň içine çümüp gidipdi. Bu ýagdaýda gürrüňdeşime azar bermeli däldigime düşündim. Biraz soň ol ýene gürrüňini dowam etdirdi.
„Şeýdip dünýäniň öýmüz, obamyz, welaýatymyz, hatda Türkiýe bilenem gutarmaýandygyna düşünjek bolup ýörkäm Germaniýada ilki orta bilim, soň ýokary bilim alan, ol ýerde 18 ýyl bäri ýaşap ýören daýym Türkiýä gezelenje geldi. Oňa bu pikirimi aýtdym. Ol maňa syýahata çykasy gelýändir diýip düşündi. Men Ata Watanymyza gidesimiň gelýänini düşündirdim. Ol çürt-kesik: "Seni ol ýere goýbermezler. Sende pasportam ýok ahyryn“ diýdi. Men şonda niýetimiň boş hyýal bolup galmazlygy üçin hereket etmelidigimi bildim. Dogrudanam „Ata Watanyma gidesim gelýär“ diýeniň bilen iş bitmeýär ahyryn. Ýüregime howsala düşdi. Niýetime ýetip bilmerin öýdüp biraz gorkdumam. Emma ýagdaýymy daýyma bildirmejek bolup „Pasport alaryn“ diýdim. Ol bolsa göwni bir ýaly: „Bermezler“ diýdi.
Men ähli işimi pasport almak etdim. Işimiň şowuna bolmadyk günleri: „Adamlar pasport diýip, serhet diýip gatnaşyklaryny kynlaşdyrýarlar“ diýip gaharlanardym. Ýogsa pasportyň, serhediň nähili gerek zatdygyna akylymam, düşünjämem ýetip durdy. Işimiň şowuna bolan günlerem guş bolup uçaýjak bolýardym. Ahyry pasportam aldym. Daýymyň ýanyna gelip: „Ine pasport. Men giderin“ diýdim…“
Hamala men daýysy ýaly Erkan gözümiň içine seredip „Ine pasport. Men giderin“ diýende endamym jümşüldäp gitdi.
„ …Daýym ýene parhsyzlyk bilen: „Pasport alanyň bilen gidibermeli diýlen zat ýok. Seni Stambuldan yzyňa gaýtararlar“ diýdi. Paspotumam alamsoň men özümi ynamly duýýardym hem daýyma gaty arkaýyn: „Görübereris“ diýip jogap berdim.
Hernä ynamym synmady. Nesibäm çekip Türkmenistanda okuw açmaga gidýänler bilen tanyşdym. Olar meni Türkmenistana iberip biljekdiklerini aýtdylar. Muny aýdanlar gözüme behişte ýol görkezýän perişdeler ýalydylar. Men begenjimi öýmüzdäkilere buşladym. Olar ynanmadylar. Ahyry daýym: „Eger Türkiýeden şeýle gidesiň gelýän bolsa, men seni Germaniýa äkideýin. Ol ýerde okuwa salaýyn. Ýanymda işem tapaýyn“ diýdi. Germaniýanyň meşhur „Wolswagen“ firmasynda bir bölüme ýolbaşçylyk edýän daýymyň bu sözünde durup biljegini bilýärdim. Emma men oňa: „Ömrümde birinji gezek bagtym getirdi. Men ol bagtymy Germaniýa çalyşjak däl“ diýdim“.
Erkan ýene sözüne uzak dyngy berdi. Ol öz diýýän bagtynyň eşretini görýän ýalydy. Kim bilýär tersine onuň bagtym diýýeniniň edil köňül islegi ýaly bolup çykmadyk bolmagam mümkin? Men muny Erkandan soraýyn diýip durkam ol maňa maý bermän ýatlamasyny dowam etdirdi.
„Şondan soň daýym menden çekildi. Daýym maňa indi düşündi diýip begenip durkam garry atam: „Oglum, sen Garabag söweşine gitjek bolýarmyň?“ diýip sadalyk edip, garaşmaýan tarapymdan maňa hüjüme geçdi. „Ata jan, ýok. Meniň gitjek ýurdum Türkmenistan bilen seniň diýýän söweşiň arasynda uly deňiz ýatyr“ diýdim. Ol maňa ynanman: „Oglum, sen maňa çynyňy aýdaý. Seniň gitjek bolýan ýeriňde mekdep açmaga el deger ýaly däl“ diýdi. Atamy ynandyrjak bolup her hili deliller getirsemem bolmady. Ol ahyry gözüne ýaş aýlap: „Özüň şeýle gidermen bolsaň etjek alajym ýok. Baran ýeriňde özüňi aýagyn. Okuň üstüne dogry barmagyn“ diýip dur. Men atamyň gözüniň ýaşyna ne aglajagymy bildim, ne-de onuň sadalygyna güljegimi. Höwürtgämden çykyp barýanymy welin doly syzdym. Öýmüzde atamdan başga garry enem, ejem, kakam galdylar…“
Bu ýagdaýy düşündirip hajy Muammer aga şeýle diýdi:
„Yzyňda ataňy, eneňi, ejeňi, kakaňy goýup, abraýly daýyňam diýenini etmän Türkmenistanda mekdepde işlejek diýip gaýdýan adam Ata Watanyň, ol ýerdäki çagajyklara täzeçe bilim bermegiň nämedigine düşünmese şeýle hereket edermi? Ýa-da kakasy „Agtyklarymdan aýyrmarsyň“ diýip öňüne eli ýaragly çykanda-da pikirini bölmän Eýýup Tokuň Türkmenistana gelmegi aňyrsynda bir mukaddes düşünje ýatmasa mümkin zatmy? Siz bular barada ýazyň. Goý, adamyň ata Watanyna, çagalara bolan söýgüsiniň ýasama däl-de beýnisiniň, ýüreginiň iň jümmüşindäki öýjüginden gaýdyp biljek ekendigini bilmeýänlerem bilsin.“
ARADA DEŇIZ ÝATYR
„…Türkmenistan bilen seniň diýýän söweşiň arasynda deňiz ýatyr…“ Hakykatdanam ýaman niýet bilen iliň-günüň geljegi hakynda edilýän päk aladanyň arasynda „deňiz“ ýatýar. Uruş-gygyryş – garaňkylyk bolsa, parahatçylyk – ýagtylyk. Emma Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn durmuşda „Kimse haýryň zary, kim şeriň zary“ bolup ýörkä gapyňdan geleniň haýyr iş bilenmi ýa-da şer iş bilen gelenini birbada aňşyrmak kyn düşýär.
SSSR dargap dörän garaşsyz ýurtlaryň arasynda uruş-gygyryş görmän ýaşap gelýän Türkmenistan ilkinji ädimleriniň parahatçylykly bolandygynyň gymmatyna ýyl geçdigiçe çuň düşünip başlady. Döwletimiziň ýolbaşçylary halkyň uly hem ilkinji söýgüsini ýurtda parahatçylygy sakalamak bilen gazanypdy. Ýat ýurtda, nahak gülleden wepat bolan, gül ýüzli türkmen ýigitli demir tabytlaryň gelip durmagynyň öňüni alany üçin halk olary başyna täç etmäge taýýardy. Ýurdumyzda harby bölümleriniň, uruş ojaklarynyň däl-de, bilim ojaklarynyň açylýandygyny türkmen iliniň begenjiniň çägi ýokdy.
Emma mekdep açmak meselesine hemmeler batyrgaý hem öňdengörüjilik bilen garap bilmändi. Türkmenistana Türkiýeden bu teklip bilen ilkinjileriň hatarynda gelen Hajy Ýusuf Kemal Erimeziň şeýle garaýyşlardan ýaňa gözüne ýaş aýlanypdy. Bu wakany Türkmenistanda mekdep açmak üçin Hajy Ýusuf Kemal aga bilen gapy-gapy aýlanan Sadetdin Başer şeýle gürrüň berdi. Türkmenistanda türkmen-türk mekdepleriniň açylmagynyň gözbaşynda duranlardan biri Sadetdin aga ilkinji ädimleriň janly şaýady, tapylgysyz hazynady.
„Şol döwürlerde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde jogapkär wezipeleriň birinde oturan wezipeli adam Türkýäniň gyzyl baýdagyny mysal alyp bize: „Bir gyzyl baýdakdan ýaňy dyndyk, ikinji gyzyl baýdak bize gerek däl“ diýipdi. Kemal aga başyna täç edip gezýän Watanynyň baýdagynyň bir ýykylan döwletiň baýdagyna deňelmegine namys edipdi. Namysdan ýaňa köpi gören gözlerinden syrygan ýaş gasyn-gasyn ýaňaklaryndan akyp gysgajyk ak sakalyna siňip gitdi. Çünki ol garşysyndaky adama ortasy aý-ýyldyzly baýdagynyň şol diýilýän gyzyl baýdakdan tapawudyny düşündirerden ejizdi. Oňa düşünilmegi üçin wagt gerekdi. Türkmenler „Tanamadyk sylamaz“ diýýärler. Biziň baýdagymyz hem sylaga-hormata mynasyp bolmak üçin özüni tanatmalydy.
Wagt garaşmaýar diýip ýaşaýan Kemal aga, wagta garaşmagam başarýan adamdy. Emma niýetini aýtman bu ýerden çykyp gitmegi ol ýalňyş hasap etdi. Ol goý beýle sözleri aýdardan ir bolsun, Ata Watanda onuň päk kalbyna, halal niýetine, türki diline, goý, entek gowy düşünilmesin, şonda-da „aýtmaly“ diýen netijä gelipdi. Bir meňzeş Oguz kökümiziň hormatyna, Togrul begiň, Çagryl begiň, Alparslanlaryň hormatyna, bir meňzeş dinimiziň, entek biri-birine doly düşünmese-de bir meňzeş kalplaryň hormatyna aýtmaly diýip hasap edipdi. Garaşyşym ýaly, Kemal aga ähli başarnygyny jemläp aýtjagyny aýtdy. Oturanlar üçin käsi düşnükli, käsi düşnüksiz, ýaz ýagyşy ýaly paýrap gaýdan türki sözler ýürekleri jümşüldetdi. Ýürekden çykan söze gulaklar düşünmese-de, ýürekler düşündi. Emma bu-da ýeterlik bolmady. Biz Bilim ministrliginden gutarnykly jogaby alyp bilmän yzymyza dolanmaly bolduk.
Näme üçin bize bada-bat düşünilmedikä? Bu barada köp oýlandym. Gynansagam, durmuşda köplenç gowy niýetiňi näçe gowy düşündirjek boldugyňça şonça-da, ikirjiňlenmelere gabat gelýäň. Bu ýerde-hä biz – mekdep açaly diýip gelenler Türkýe döwleti tarapyndan wezipelendirilip iberilen adamlaram däldik, husuyýetçilerdik. Türkmen doganlarymyza-da dogry düşünmek gerek. Bazar ykdysadyýetini gören, kapitalistik bir ýurtdan hususyýetçi, iş adamsy gelip: „Öz hasabyma çagaňyza dünýä derejesinde bilim bereýin“ diýmesine ynanmak kyndyr. Megerem şol sebäpli bilim ministrliginde biziň teklibimiz orta atylyp, üç gezek maslahat geçirilse-de, üçüsinde-de „Şeýle mekdebiň açylmagyny goldamaly“ diýlen netijä gelinmedi. Hiç kim teklibe, garşam bolmaýardy. Çagalarynyň boýnuna gyzyl galstuk dakyp, gerek bolsa olaryň sünnetlimi däldigine çenli barlamakdan gaýtmadyk „gyzyllardan“ gorkan türkmen kowumdaşlarymyz „kör hasasyny bir aldyrar“ diýen nakyla eýerip hüşgärlik edýärdiler…“
Şol döwürde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri bolup işlän Orazguly Annaýewden hajy Kemal Erimez ýaşuly bilen Sadeddin Başeriň lapykeç Türkiýä dolananlaryndan soň bolup geçen wakalar, ahyrynda türkmen-türk mekdebini açmak kararyna nähili gelinendigi barada gürrüň bermegini haýyş etdik.
„Dogrusy, biz gury söze ynanyp biljek däldik. Ynanyp biljek däldik diýsemem hajy Kemal aganyň sözleri alabaharyň ýumşak şemalynyň buz gatlagyna jaýryk atdyryşy mysaly aradaky sowuklygyň buzuna jaýryk salypdy. Bu gysga sakal ýaşuly bilen Sadetdin Başer gidenden soň Türkmenistana Kemaletdin Özdemiriň ýolbaşçylygynda uly topar geldi. Olaryň arsynda Garaşsyzlygyny alan Türkmenistany dünýä tanatmakçy bolýan Türkiýäniň birnäçe dilde çap edilýän meşhur „Zaman“ gazýetiniň wekili Nejdet Öz hem bardy. Bu toparyň gelişi örän ymyklydy. Şu günki ýaly ýadymda olar öz aralaryndan Nedim Polada, Ibrahim Çapara, Halyl Ibrahim Kozana türkmen dilinden kurs bermegimizi haýyş etdiler. Olaryň biziň bilen düşünşip, belli bir karara gelmek isleýändikleri şübhesizdi. Men bir gezek Kemaletdin Özdemiriň şeýle mylaýym, hem päk ýürekli nazaryna gözüm düşüp, içimden: “Şu adamdan türkmene zyýan gelmez“ diýip oýlandym.
Iki aý çemesi wagt geçenden soň türkmen dilinden kurs alan Nedim Polat bu ýaşulynyň aýdýanlaryny bize başardygyndan terjime edýärdi. Kemaletdin aga Türkmenistanyň bilim ulgamynyň garamatyny üstüne alanlaryň Türkiýä gelmegini, ol ýerde açan mekdeplerini görmegini, soň belli karara gelinmegini teklip etdi. Bu teklip dogry tapyldy. Türkmenistan tarapyndan Bilim Ministrini we onuň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdirini Türkiýä ibermeli, ol ýerdäki hususyýetçileriň açan mekdepleri bilenem, döwlet mekdepleri bilenem içgin tanyşyp, soňra belli netijä gelmeli edildi. Türkiýä gidilip hususy hem döwlet mekdepleri doly öwrenilenden soň „Başkent“ Bilim şereketi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda şertnama baglaşyldy. Şertnamada Aşgabatdan bir mekdebiň binasyny Türkiýe tarapy doly timarlap, onda Türkmenistanyň çagalaryna dünýä talaplaryna laýyk gelýän bilim-terbiýe bermegi guramaly, bu iş üçin ähli çykdajylary „Başkent“ Bilim şereketi öz üstüne almaly, 2-3 aýdan soň edilýän işler Türkmenistan tarapyndan göwnejaý hasap edilmese, edilen çykdajylara garamazdan, hiç bir zady yzyna talap etmezden Türkiýe tarapynyň ýurtdan çykyp gitmäge borçlanýandygy barada aýdylýardy. Bu şertleriň ählisini kabul edendigini tassyklap Kemaletdin Özdemir şertnama gol çekişdi. Şeýdibem Aşgabatda ilkinji türkmen-türk mekdebini açmak barada karara gelindi.“
Döwlet ähmiýetli, il bähbitli işler ýokary derejede wajyp bolandygy üçin bökdençsiz amala aşar diýip garaşýarsyň. Emma edil tohumyň gögermegi üçin günüň ýylysynyň, ýaz ýagyşynyň yzgarynyň, topragyň ýumşaklygynyň, çigdiň düşen çuňlugynyň… we ýene-de birnäçe bilinýän hem bilinmeýän talaplaryň utgaşmagynyň gerek bolşy ýaly, köplenç halatlarda, mesele näçe uly boldugyça onuň çözülmegi üçin utgaşmagy gerek bolan şertlerem köp bolýar. Şol şertlerden diňe biri ýetmese-de tohum gögerip bilmeýär. Ilkinji türkmen-türk mekdebiniň açylyşy bilen baglanşykly wakalary aňyndan geçirip oturan Orazguly gürrüňini dowam etdirdi
„Ýöne men bir zada ünsi çekmekçi. Ol hem Türkmenistanda türkmen-türk mekdepleri kynlyk bilen açyldy diýmek ýalňyş bolar. Meselä oýlanyşykly çemeleşildi diýmek, ine dogrusy. Çünki mekdep ýurduň geljegi, Watan perzentleri, eziz balalar bilen bagly. Onuň zawod ýa-da fabrik açan ýaly bolmajakdygy düşnükli zat.
Türkiýäniň döwlet wekillerem Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde döwlet mekdeplerini açmagy teklip etdi. Sadetdin aganyň ýatlaýan döwründe Türkiýedäki mekdepler bilen tanyşmaga gidemde, hakykatdanam ol ýerdäki hususy mekdepleriň döwlet mekdepleriniň derejesinden mese-mälim ýokary ekendigini gördüm. Şondan soň, Aşgabadyň islendik ýerinden mekdep jaýyny türk doganlara bermek karar edildi. Türkiýäniň Bilim ministrligine hem mekdep açmak üçin rugsat berildi. Olar Aşgabatda Anadoly türkmen-türk döwlet liseýini açdylar.“
Tohum topraga atyldy. Indi onuň gögerjegi hakynda hiç bir şek-şübhe ýokdy. Şänik hernäçe gaty bolanda-da wagty gelende ýarylýar. Näzijek iki ülüş güne tarap ösüp, ýagty jahana çykýar. Onuň geljekde beýik daragt bolup ýetişjekdigine, salkyn saýalar salyp, miwe berjekdigine ynanar ýalam däl. Edil şonuň ýaly, beýik daragt bolup ýetişensoň onuň saýasynda bol miwelere guwanjaklar hem onuň başda şeýle näzijek, ter, ideg-hyzmata mätäç, ejizje iki ülüşjik bolandygyna düşünip dursalaram, ony göz öňüne getirip bilmez. Bu daragtyň bagbanlarynyň şeýle datly miweleriň ýetişjekdigine umyt baglap gijelerini ýatman geçirendigine erteki ýaly garalar…
Ýene-de hajy Muammer aga bilen eden gürrüňimizden bir parçany getiresim gelýär.
„Adam niýetine ylaýyk ýaşamasa şol niýetine ýetip bilmez. Mysal üçin, okuwçylaryna çilim çekdirmezlik niýeti bilen, özi çilim çekýän mugallym: „Çagalar çilim çekmäň, ol saglygyňyza zyýanlydyr“ diýse, okuwçylar onuň diýenini edermi? Biziňem niýetimiz ata Watanyň çagalaryna dünýä derejesinde bilim bermek. Bu niýetimize ýetmegimiz üçin özümizem dünýä derejesindäki bilim adamsy bolmaga çalyşmaly.
Bir gezek Türkmenistanyň döwlet işgärlerinden biri Marydan gelýärkä ýarygije Tejendäki mekdebimize ýol ugruna baryp görmek isläpdir. Şonda gije sagat birdigine garamazdan, mekdepde müdir bilen onuň orunbasarynyň iş başynda ertirki edilmeli işler barada maslahatlaşyp oturandyklaryny görüp, haýran galanyny gürrüň berdi. Ýöne men haýran galmadym. Çünki olaryň öňünde goýan maksady, niýeti uly. Ukyňa, janyňa dözmeseň uly maksatlara ýetip bolmaýar.“
ERTEKIDEN ÇYKAN ADAMLAR
„Hakykatdanam şol wagtky Türkiýeden mekdep açmaga gelenler ertekileriň gahrymanlary ýalydy. Gahryman diýsem, daýaw, üýtgeşik geýnüwlem däldiler, jadygöýem däldiler. Gaýta tersine adatdan daşary sadalygy bilen täsindiler. Çilim çekmeýärdiler, arak içmeýärdiler. Näme üçin içeňizok, çekeňizok diýip sorasak „Biz mugallym ahyryn“ diýerdiler…“
Aşgabat şäher häkimligine täze açylmaly mekdep üçin bina saýlamaga baran türkleri garşylan, olar bilen mekdep jaýlaryna aýlanan, şol döwürde Aşgabat şäheriniň bilim uprawleniýesinde işlän, Myratberdi Musaýewiç Myratgulyýew ol günleri höwes bilen ýatlaýar. Gürrüňiniň arasynda onuň keýp bilen barmagyny çirtip „hawa, şeýle adamdylar“ diýmesi Magtymguly Pyragyň „Gören göz jort atar eşden gulaga“ diýen setirini hakydyma getirdi.
Dogrudanam Myratberdi gören gözdi, onuň eşiden gulaga jort atmaga doly haky bardy. Emma bu jort atmak däl eken. Myratberdi soň şol günleri beýle keýpihon ýatlaýandygyny düşündirip şeýle diýdi: “Türkmenistanda şu mekdepleriň açylmagy meniň ýüregimi mydama heýjana salýar. Maňa bu mekdepler Garaşsyzlygymyzyň iň datly, iň gymmatly miwesi bolup görünýär. Bu mekdebi öz oglumam okap gutardy. Men pedagog hökmünde-de, ata-ene hökmünde-de bu mekdepleriň gymmatyny gözüm bilen gördümem, söýdümem. Onsaň bir aşygyň öz söýgüsi hakynda gürrüň berende nähli heýjana gelýändigini göz öňüne getirseňiz, maňa-da, dogry düşünersiňiz. Eger walla, meni şu mekdebe işe getirenem şol söýgi“. Bu degişgen, alçak adamyň „söýgi“ hakynda aýdanlaryna men bir bada ýasama diýjegimem, çyn diýjegimem bilmedim. Özi ýaly ýylgyryp oňaýdym. Myratberdem meniň ýylgyryşymdan näme many çykarjagyny bilmän geçeni ýatlamagy dowam etdirdi.
„…Biz ol döwürde daşary ýurtly adamyň jübüsinde hökman üýtgeşik çilim, gepleýişinde, hereketinde hondanbärisilik görjekdik. Emma olar beýle däldi. Özüň pikir et-de göräý, kesekiň çagasyny gujaklamagy gelşiksizräk görersiň. Salamlaşanlarynda gujaklaşyp salamlaşyşlaryny göremde kelpeňlik ýaly hasap edipdim. Emma olaryň çagalary gara çynlary bilen gujaklap bagyrlaryna basyşlaryny göremde „Öz çagasymyka?“ diýip pikir edenimi duýman galypdyryn. Seretsem okuwçymyz eken.
Ylýas Türkmen diýip şu mekdebiň ilkinji müdiri bardy. Ol adam bu mekdebe Turgut Ozalyň ady dakylýança Ylýas Türkmeniň mekdebi diýdirmegi başarypdy. Gaty täsin adamdy“.
Myratberdi ýene-de barmagyny çirtip, keýpihon ýylgyrdy. Onuň bu oýunçyl hereketine içimden menem oýun bilen, emma işe bähbitli goşulşaýyn-la diýdim. Myratberdiň aýdanlaryna känbir pisindim oturmaýan ýaly sowal berdim.
„Gaty täsin adamdy diýip gaýtalap dursuňyz. „Müň biz-sizden bir jyz-pyz“ diýipdirler. Olaryň täsinligine mysal getiräýseňiz“.
„Mysalmy? Mysaldan kän zat ýok. Her geçen müdirimden bir mysal aýdyp bereýinmi?! Ilki Ylýas Türkmenden başlaly. Bu adamyň käri psihologdy. Ýanyna gireňde rentgenden geçjek ýalysyň. Içiňi bilip durandyr. Emma syr bermez. Köp mugallymymyz ýaşlardy. Onuň ýanyna gaharly, öýkeleşjek ýaly edip gelerdiler. Müdiriň otagyndan çykanlarynda welin, dogan ýaly bolup çykardylar. Ýöne biçak ýüregi ýuka adamdy. Özüni aýamazdy. Baran gapysynda özüni aldyrardy. Mekdebiň abraýy ulumy ýa-da Ylýas Türkmeniň diýseler, bu ikisini biri-birinden aýyrybam bolmaz welin, men bilýän köp adam işleýän edarasynyň abraýy bilen abraýly bolýar. Ylýas Türkmen bolsa, işi bilen edarasyny abraýly edip bilýän adamdy. Ol, arman, saglyk ýagdaýy sebäpli Türkiýä gitmeli boldy. Onsaňam, meni bu adamda ýene bir zat geň galdyrdy. Şeýle ýumşak häsiýetli adamyň, ýaňy açylan mekdebe, az wagtda türk mugallymlarynyň iş netijesini görkezmek wezipesi öňde durýarka, müdir bolup biljegine ynanmandym. Emma ol hakyky müdir eken.
Mekdebimize iň köp müdirlik eden Mehmet Karataşyň täsinliginden bir mysal aýdaýyn. Onuň geň häsiýeti bardy. Mekdebiň howlusyna çykanda, ýerde ýatan kagyz görse, alardy-da, hapa atylýan çelege oklardy. Ýogsa töwereginde bizem bar, türk mugallymlaram bar, okuwçylaram bar. Emma ol hiç kime — Myratberdi barmagyny ýokaryk çommaltdy — üns ber, hiç kime şol kagyz bölegini aýyr diýmezdi. Onsaň biz nätmeli bolýas? Mekdep müdirimize kagyz çöpletmejek bolup, ýerde ýatan bir kagyzam goýmazdyk. Täsin ýerem müdire öýkünjek bolup, onuň gowy häsiýedinden görelde alyp, başga birine kagyz bölegini aýyr diýibem aýtmazdyk. Her kimiň özi aýyrardy. Müdir mekdebiň howlusynyň süpürilmegini islese, özi eline sübse alardy-da, işe girişibererdi. Onsaň onuň elindäki sübsäni almak iş bolardy. Derrew howly arassalanardy.
Müdiriň orunbasary bolup işlämsoň, onuň ähli meselede şeýdip görelde görkezmegi, buýruk berip işletmekden dogry hasap edýändigine birnäçe gezek şaýat boldum. Ol müdirler, indi görüp otursam, hakykatdanam ertekiň gahrymany ýaly müdirler eken. Beýle diýsem şu iki müdirden galany olarça bolup bilmedi diýen ters many çykarylaýmasyn. Başga biri hakynda gürrüň edilende adamyň men şonça barmykam ýa-da ýokmukam diýmegi, belki, gowy häsiýetdir. Emma her kimiň bir ýasalşy bar. Mysal üçin, men ýaňky mysal alan adamlarymyň ondan biriçe-de ýokduryn. Bolup biler. Onsaň gowyny göremde gowlanmaga yhlas etmegiň ýerine, görübilmezçilik etsem, men hiç kimçe-de bolmaryn. Meniň işleşen hem häzir işleşýän müdirlerimiň hersiniň öz gymmatly aýratynlyklary bar. Tutuş adamzadyň gözelligi her bir adamyň gözelligi bilen emele gelýär dälmi näme?! Türkmen-türk mekdepleriniň gözelligem şeýle. Her gelen müdir, özünden öňkiň eden işine goşant goşup, mekdep şeýle üýtgeşik derejä ýetdi.
— Diňe müdirlermi sizi şeýle haýran galdyran?
— Ýok. Bir adam ot bolanda niräni ýyladyp biljek?! Terbiýeçiler diýjeksiň. Okuwda hojalyk işgärlerini hasap etmeseň iň kiçi mekdep işgärleri terbiýeçiler. Şol terbiýeçiler, ynanmarsyň, gijelerine ýatmazdy. Ýatan çagalaryň ýanynda gezekli-gezegine nobatçylyk ederdi. Men ilki olar gije çagalar uruşaýmasynlar diýip ýatmaýarlarmyka diýipdim. Ýok. Olar bir çagaň ýorgany serpilip üsti açylsa, şony ýapmak üçin, düýşürgänini-beýlekisini köşeşdirjek bolup, ýatmaýan ekenler! Biz ony öýmüzde edemizok ahyry. Hany aýt, gije turup çagalaň üstüni ýapýaňmy? Bolmanda şoňa esewan bir edýärmiň?
— Aý, ýok, ejeleri ýapýan bolaýmasa.
Bu jogabyma Myratberdi Musaýewiç hezil edip, ýene barmagyny şyrkyldadyp goýberdi-de, gürrüňini dowam etdirdi:
— Görýäňmi, bular çagamyza ene-atasynyň etmeýän hyzmatyny edýär. Men saňa bir mysal getireýin. Ilkinji okuw ýylynda biz 3-nji klasy gutaranlary hem-de 6-njy klasy gutaranlary okuwa alypdyk. 3-nji klasdan gelen çagalar has owunjakdy. Olara öýlerinden aýry ýatmak kyndy. Çagajyklar aglardylar. Olaryň hem okaslary, hem öýlerine gaýdaslary gelýärdi. Arasynda aýratyn öýdeçilleri bardy. Olary köşeşdirjek bolup, gujaklap, çaga görkezmän gözüne ýaş aýlap duran türk terbiýeçisini şol ýyllarda gaty kän gördüm. Olar ejizläp, ýa işi başarman, ýa kyn görüp gözlerine ýaş aýlanokdy. Olar çagalara dözmän, ýüreklerindäki mähirden ýaňa gözlerine ýaş aýlaýardy.
Ynanmarsyň, bir gezek şol kiçi klasdaky çagalaryň arasynda biri iýen nahary ýakmanmy ýa-da başga bir sebäpdenmi ýatýan ýerjagazyny hapalan eken. Şol gije nobatçylyk eden terbiýeçi muny bada-bat aňyp, çagany gujagyna alyp, suwa düşürmäge äkidipdir. Oňa başga eşiklerini geýdirip, soň bolsa täze düşege geçirip ýatyrypdyr. Ertesi irden şol terbiýeçi, ýaňky çagaň hapalanlaryny ýuwup durka üstünden bardym. Men oňa haýran galyp „Hapa göreňokmy?“ diýdim. Ol maňa hereketindenem haýran ediji jogap berip: „Ýok. Bular biz ýaly däl. Bujagaz çagalaryň hapasy ýokdur“ diýdi. Eger başga biri şu wakany aýdyp berse ynanmazdym. Maňa-da ynanmazlar diýip ony öň hiç ýerde gürrüň bermändim, häzir saňa aýdyp berip otyryn. Caganyň ýerini hapalanyny hatda klasdaşlaram bilmedi. Soň ýaňky terbiýeçi gürrüň berýär: „Çagany ýuwundyryp ýatyramda gulagyna pyşyrdap: „Men muny hiç kime aýtman, senem ýoldaşlaryňa aýdaýmagyn. Ýogsa ertir gülerler“ diýdim. Sizem hiç kime aýtmaň. Ejesi kakasam bilmesin. Bulary ýuwup oturman pakete salyp zyňsamam bolardy. Ýöne ejesi hany şol eşikleň diýäýse çaga utanar diýip ýuwup goýaýyn diýdim“ diýýär.
Eger türkmen-türk mekdepleri bilen ýakyndan tanyşsaň sen göz üçin, şöhrat üçin ýa-da başga bir gaýry maksatlary göz öňüne getirip däl-de, päk ýürek bilen, emma känbir bilinmeýän hyzmatlaryň üstünden köp bararsyň. Sen şonda özüňem aýdarsyň, bular nähili adamlarka diýip. Ýöne bular ýaly mysaly men saňa türkmen işgärlerimizdenem getirip biljek.
Myratberdiň hakykatdanam şeýle täsin adamlar bilen işleşenine begenip, keýp edýänine, mekdebine aşykdygyna ynandym. Türkmen işgärleri barada gürrüňe geçmänkä men ondan şol täsin terbiýeçiň adyny soradym. Ol maňa:
— Türkmen-türk mekdebiniň terbiýeçisi diý-de belläý. Men o wakany hiç kime gürrüň bermezlige söz beripdim. Kitaba gerek diýeňsoň, hem şol gürrüňi edilýän çaga-ha mekdebi gutaryp gitdi, terbiýeçem häzir bu ýerlerde däl, üstündenem esli wagt geçdi, diýip aýdaýdym. Terbiýeçi oglan häzirem eden işini aýyp bilýän däldir, hakykatdanam ol aýyp işem däl. Muny syr edip saklamagyň manysyny ol şol wagtlar maňa düşündirip: „Birinden bolmasa birinden çagaň eşidäýmegi mümkin“ diýipdi. Emma häzir bu waka diňe bir gürrüňde däl, kitaba ýazylanda-da adam adyny tutmasaň, diňe ikisi öz aralarynda biläýmese biljek ýok. Onsaňam, diňe biri däl, beýleki terbiýeçilerem çagajyklaryň köýneklerini balaklarynyň içine salmany, aýakgaplarynyň bagjygyny daňmagy öwredip, ýa dyrnaklaryny alyp berer ýörerdiler. Hakyky eneke ýalydylar. Menem hem olara kömekleşerdim, hem özüni oňarmajak bolýan çagalarymyzy utandyrardym, aýyp bor diýerdim. Öýlerinde bu zatlar öwredilmedik kiçilerimiz şeýlediler. Olaram soň derrew ekabyrlanyp gitdi“ diýip jogap berdi. Soň bolsa täsinleriň, ertekiden çykanlaryň hataryna girýän türkmen işgär hakynda gürrüň bermäge başlady.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Baryny bir gezekde ýerleşdirip bilmedim. Ýöne-ýöne dowamy bar diýip berip durmagam bir hili grdüm. Eger hemme dowamlaryny okap ýen yzy barmy diýseňiz, sizde gyzyklanma döretse yzynam goýmakçy. Ýöne pikiriňizi ýazmaga ýaltanmaň.