GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)
IŞINE OTLUDA GATNAN MUGALLYM
«Men saňa mekdebimize bütin bir okuw ýylynyň dowamynda otluda işe gatnan mugallym hakynda gürrüň bereýin. Oýun däl. Şäherde ýaşaýan mugallymyň sapagyna gijä galany bolup biler, emma ol mugallym bir gezegem şeýle ýagdaýa düşmändi. Ýa-da adamyň işimden ýadadym diýen ýeri bolar. Men ol adamdan bu gepem eşitmedim. Ol mekdebimiziň açylan ilki gününden, türkmen dili we edebiýatyndan sapak berip başlady. Adyny aýtsam tanarsyň. Ata Akbäbäýew.
— Tanaýan, tanaýan.
— Ine şol adam bir ýyllap Murgapdan Aşgabada otluly gatnap mugallymçylyk etdi. Ýalňyşmaýan bolsam her hepdäň 1-nji, 2-nji, 3-nji günleri sapak bererdi. Üçünji gün agşam otla münerdi bir gije ýolda bolup, penşenbe güni obasyna barardy. Ýene-de hepdäň ekşenbe güni agşam otla münip, duşenbe güni irdenki sapagyna ýetişerdi.
— Beýdip, kösenip ýörmän, Aşgabada göçüp gelse bolmadymy? Bolmanda türkler ýaly kireýine jaý tutup ýaşardy.
— Obada ýaşaýan türkmen içerisini özüň bilýänsiň. Uly maşgala, mal-gara, bag-bakjaly melek. Bu zatlary taşlap nädip göçüp gaýtjak? Özüň gaýrat etseňem, çagalaryň şäher bilen öwrenişjekmi, o-da belli däl. Mümkin, şol ýyldan soňam Aşgabatda işe galamly bolan bolsa, ol göçüp gelse-de gelerdi. Ýöne biziň mekdebimiziň bir ýyl yz ýanyndan Maryda-da türkmen-türk mekdebi açyldy. O ýere-de tejribeli mygallym gerek. Şeýdibem Ata agamyz Mara gitdi. Men Ata agaň mysalynda başga zady aýtjak boldum. Türkmen mugallymlarynyň arasynda-da çagalary okatmaga ýüregi bilen berlen adamlar bar. Heý ýogsa, bir ýyllap güýz diýmän, gyş diýmän her hepdäň iki gijesini ýolda otlyň üstünde, iki gijesini mekdepde ýatyp, bary-ýogy üç gije-de öýünde bolmaga kim razy bolar? Özem göwünli-göwünsiz däldir. Bir aýagy Murgapda, bir aýagy Aşgabatda bolsa-da, ýüregi mekdepde, sapaga giren klasyndady. Sapaklaryna gatnaşyp görerdim. Geçýän temasyny şeýle janly, ýüregini goýup düşündirýän mugallym az-azdyr. Hawa, men ine şeýle adamlar bilen işleşdim… “
Ata aga bilen Marydaky işleýän mekdebinde duşuşyp, ilki eden söhbetimizem şol günleriň ýatlamasy boldy.
— Türkmenistanda türkmen-türk mekdepleriniň açylmagynyň belli bahasy ýokdur. Mysal üçin, biziň ýurdumyzda gurulan zawod-fabrik birnäçe peýdalary getirensoň ýyllaryň geçmegi bilen könelip gymmatyny gaçyrar. Emma bu mekdepleriň gymmaty hiç wagt gaçmaz, tersine gaýta geçen her ýylda ol täze gymmatlyklary gazanar hem ilat arasyna goşup goýberer. Bu mekdebi gutaran edil arassa gan ýaly ýurdumyzyň ähli damarlaryna ýaýrar. Baran ýerinde-de öz gowy gylyk-häsiýeti bilen diňe haýyr işe meşgullanýan, arassa ahlakly adamlaryň sanynyň artmagyna sebäp bolup gezer. Çünki türkmen-türk mekdepleri tämiz ruhlaryň kemala gelýän ýeri. Bu mekdepler hakykatdanam altyn nesliň terbiýeleýän mekdebidir. Eger seniň gursagyňda mugallym ýüregi gürsüldäp urýan bolsa, şeýle mekdepde işiň rowaç almagy üçin ol-a Murgapdan otluda gatnamak eken, ondan beter kynçylyklary çekmäge-de höwes bilen razy bolarsyň…
Ata aganyň gözlerinde nazarym eglendi. Olarda ýadamazlygyň uçguny bardy hem ýaşy elliden agan adamyň gussasy çala bildirýärdi. Turgut Ozal mekdebinde Ata aga hakynda Myratberdi Musaýewiçiň gürrüňlerini diňlämde ony durmuşyň ýüzmesi kyn çuňluklaryna aralaşman, eňen ugruna eňip, ýaşap ýörendir öýdüp göz öňüne getiripdim. Emma bu ýaşulynyň nazary çuňdy, örän çuňdy.
— …Ýogsa şol döwürde öý doly çagalarym bardy, köpüsem gyz. Olaryň arasyndan aýrylmaga dözer ýaly däldi. Emma göz öňüne getirip gör ahyryn, şol döwürde çilim çekilmeýän, arak içilmeýän, nas atylmaýan, diňe gowulyk bilen ýaşalýan mekdepde işlemän durup boljakmy? Bu meniň talyplyk döwrümden hyýalymda gurýan mekdebimdi. Men şeýle mekdebe teşnedim. Şonuň üçinem Murgapdan ugrap, Aşgabada baryp, Ylýas Türkmeniň mekdebine giremden, gözjagazlaryny tegeläp, näme öwretseň şony sorguç ýaly sorup duran çagalary göremden, teşneligim ganardy, ýüregim ýerine gelerdi. Çünki men hakykatdan Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň täze eýýämiň başlanýandygyny görýärdim, oňa özümiňem dahylly bolup ýaşaýandygyma buýsanýardym. Milletiň ykbalynda öwrülşikler zamanasyna gabat gelip ýaşamak, oňa öz bar başarnygyňy bagyş edip bilmek hemme nesile nesip edip durmaýar.
Ýaşamakdan ýadamajak bolsaň näme üçin ýaşaýandygyňa düşünmegiň gerek. Öz içeriňe, ojagyňa dahylly bolşuň ýaly ýurduňa, ondaky ösüşlere dahylly bolmagyň gerek. Uruşdan soňky kynçylyklara milletler nädip çydapdyr? Her bir adam özüni ýurdunyň dikelmegine dahylly duýup, oňa goşant goşjak bolup, ähli kynçylyklara döz gelipdir. Biziňkä-hä kynçylygam däl-le. Eger kyn gören bolamda, men türkmen-türk mekdebinden çykybam bilerdim. Esasy zat Türkmenistan Garaşsyzlygyny aldy, bizem onuň ilkinji ädimlerine dahylly bolup bildik. Mekdebimizde işleýän türk-u-türkmen kärdeşlerimiziň esasy gürrüňi ýurt Garaşsyzlygydy. Olar boş, pöwhe gürrüňler däldi. Her kim ýürejigindäkini aýdýardy. Türk doganlarymyzyň Ata Watan, Garaşsyzlyk hakynda aýdýanlary has aňyrdandy. Olar biziň Garaşsyzlygymyzy alanymyza, özbaşdak döwlet hökmünde ýaşalan her bir güne bizden beter begenýärdiler.
Ýurduň öňe gidişliklerini hasam Aşgabatda görmezlik, duýmazlyk mümkinem däldi. Şol döwürleriň kynçylyklaram bardy. Ýadyňyza düşýändir bir salym un, çörek gyt bolupdy. Iýjek unumyz daşary ýurtlardan gelerdi. Şol günlerde öz ýurtlaram gül-ala-güllük bolmadyk türk doganlarymyz ýene-de bize göwünlik bererdi. Garaşsyzlygyny alandan soň türk halkynyň kyn günlerinden söz açardylar. Bu kynçylyklaryň wagtlaýyndygyna, ozal öz ýurtlarynyň başyndan geçensoň bizden berk ynanýardylar, bizem ynandyrýardylar. Türkiýe döwleti iň soňky bir döwüm çöregini Türkmenistan bilen paýlaşar welin köki bir, gany bir, dini bir döwleti kyn gününde ýeke goýmaz diýip aýdýardylar. Olaryň aýdyşy ýalam boldy. Türkiýäniň şol wagtky Prezidenti Turgut Ozal biziň ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Ol, özüňizem bilýänsiňiz, Türkmenistanyň köp ýerlerine aýlanyp gördi. Emma onuň biziň mekdebimize gelip görmegi meniň üçin aýratyn bir waka bolup göründi. Çünki şeýle ýokary derejedäki myhman, göz öňüne getiriň, ýönekeý bir mekdebe aýlanyp görýär! Onda-da Türkiýe ýaly uly döwletiň beýik ýolbaşçysynyň, hatda dünýä ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda-da beýikleriň hataryna girip bilen adamyň şeýle sada bolýandygyny men şonda ilkinji gezek gördüm. Ol meniň bilen — ýönekeý türkmen mugallymy bilen gol tutuşyp surata düşdi. Men ol suraty ýörite ulaltdyryp öýümiň töründen asyp goýdum. Ol meniň ýönekeý bir buýsanjym däl, ol maňa sadalygyň, beýikligiň, mähremligiň nusgasydyr. Turgut Ozalyň öz ýurduna barandan soň köp wagt geçmän ýogalandygy hakyndaky habary eşidemde üstümden gaýanan suw guýulan ýaly boldy. Şol wagtlar uluja gyzymy durmuşa çykarmak bilen baglanyşykly hysyrdylarym bardy. Toýuň sähedem bellenipdi.
Göni mekdebe eňdim. Hemmeler ýas tutýardy. Türk doganlaryma gynanjymy bildirdim. Çagalaryňam ýüzleri salykdy. Turgut Ozala gül gowşuran, türkçe, iňlisçe, türkmençe goşgular aýdyp beren oglanjyklarymyzyň bu ajy habara boýunjyklary burulan ýaly boldy. Olaryň çuň gussaly bakyşlaryndan mekdebimiziň geljekki ykbaly hakyndaky aladanam syzmak bolýardy. Olar Türkiýede döwlet ýolbaşçysynyň çalyşmagynyň mekdeplerine ýaramaz täsiri ýeter öýdüp oýlanypdyrlar. Men olara ýurdumyzda oňat başlangyçlaryň boý almanka guramagyna ýol bermejegini düşündirmäge çalyşdym. Gaýta, ýurdumyzyň welaýatlarynda-da biziň mekdebimiz ýaly birnäçe mekdepleriň açyljakdygy hakynda aýdyp berdim.
Soň adatdakym ýaly oba gaýtmaly günüm, Ylýas Türkmene gyzymy durmuşa çykarmakçy bolýandygymy aýtdym. Toý bilen ýas bile geler diýen düşünje türk halkynda-da bar eken. Ol meni toý bilen gutlady, toýuňa bararys diýdi. Men oňa sypaýçylyk edýändir diýip düşündim. Emma çyny eken. Beýleki türk mugallymlarymyzdanam dört-bäşisini ýanyna alyp toýumyza geldi. Türkler toýa gelipdir diýip eşidip obamyzyň ýaşulylary, gartaşan daýzalar olar bilen görüşmäge, Turgut Ozalyň jaýy jennet bolsun diýip aýat-töwür etmäge geldiler. Çünki oba adamlary Turgut Ozalyň Türkmenistana gezelenjini, obalara çenli aýlanyp daýhanlar bien, ýaşulylar bilen görüşenini telewizorda görüpdiler. Onuň beren maslahatlaryny eşidipdiler. Ylýas Türkmen şol ýaşulylaryň öňünde özüni saklap bilmän aglady. Ol diňe bir merhumyň ýogalanyna däl, türkmen halkynyň şol beýik ynsana bolan hormatyny görüp aglapdy. Bu barada ol ýakynda Türkiýäniň telewideniýesinde Turgut Ozaly ýatlap gurnalan ýörite gepleşikde çykyş edip buýsanç bilen gürrüňem berdi.
Men toýy sag-aman sowup, sapagyma girmeli günüm mekdebimize bardym. Sapakdan öň Ylýas Türkmen bilen bir käse çaý içdik. Men oňa toýa barandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirdim. Soňam mekdebimize Turgut Ozalyň adyny dakaýsak diýen teklibi aýtdym. Mekdebimize şeýle adyň dakylmagy hakyndaky pikir onda-da bar eken. Pikirdeş çykanymyza ol gaty begendi.
Bu gürrüňleri berýärkä Ata aganyň gözünde gussadan nam-nyşan galmady. Ol Türkiýäniň Prezidenti Turgut Ozal bilen surata düşüşiniň şatlygyny täzeden başdan geçirýärdi. Ylýas Türkmeniň buýsanjyny paýlaşýardy, okuwçylarynyň göwnüni göterişini gaýtalap berip, özüni şolaryň ýanynda ýaly duýýardy. Gürrüňiniň äheňine görä elini galgadyp, ýüz-gözüni üýtgedip, sesini bir gataldyp, bir pesaýladyşy Ata aganyň mugallymçylyk ussatlygyndan habar berse-de, ol häzir şol gürrüňleriň howasyna girip, ähli zady, hatda özüniň mugallymdygynam unudana meňzeýärdi. Ol birden özüne gelip:
— Biraz joşgunlyk edäýdimmi? Ýaş elliden geçdem welin, şol günleri ýatlasam dünýäm üýtgän ýaly bolaýýan. Şol döwürde egin-egine berip işleşen türk mugallymlary doganlarym ýaly görýän.
Biz Ata aga bilen ilkinji mekdebiň açylmagyna ygtyýar berilende Kemal Erimeziň: „Açan mekdebimize göwnüňiz ýetmese, üç-dört aýdan, edilen çykdajylara garamazdan, baryny taşlap, yzlaryna dolanmaga razydyklaryny“ aýdanyny ýatladyk. Kemal aga öz etmekçi bolýan işleriniň ýol aljakdygyna, işdeş ýoldaşlaryna şeýle ynamy bolmadyk bolanda beýle şerte razy bolmazdy. Emma olam şeýle töwekgellik bilen açylan mekdebe sähel wagtdan iki ýurduň prezidentleri gelip, tüýs ýürekdenem hoşal bolup giderler öýden däl bolsa gerek. Täze mekdebiň işine berlen baha ähli çaklamalardanam ýokary bolupdy. Emma hakykatda ol baha ýokaram däl, pesem däl, işine jür, ynsan häsiýetlerini inçeden öwrenen mekdep müdirinden başlap, terbiýeçilere çenli hemmeleriň zähmetine mynasyp baha berilmegidi. Üstünlikleriň başydy, ilkinji basgançakdy. Oturdylan ilkinji nahalyň kök urmagydy.
NAHAL KÖK URDY
Hawa, nahal kök urdy. Turgut Ozalyň sargyt edişi ýaly welaýatlada hem türkmen-türk mekdepleriniň açylmagyny tizleşdirmek hakynda Bilim ministrligine tabşyryk berildi. Şonda welaýatlaryň hersinde bir däl-de iki mekdebiň yz-yza açylmagynyň sebäbini Orazguly Annaýewden soradym.
„Hakykatdanam şol ýyllarda her welaýatda bir türkmen-türk mekdebiniň açylmagy göz öňünde tutulýardy. Bu işi Türkiýäniň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde amala aşyrmalydy. Hususy mekdepleriň wekillerem Turgut Ozal adyndaky mekdep bilen çäklenmän örülerini giňitmek isleýärdiler. Bilim ministrligi olara öňki şertlerde, ýagny, ähli çykdajylary öz üstüňize alsaňyz her welaýatyň merkezinde däl-de, haýsy hem bolsa bir etrabynda, ýa-da şäherinde mekdep açmaga rugsat berip bileris. Çünki welaýat merkezlerinde Türkiýäniň döwlet mekdepleriniň açylmagy göz öňünde tutulýar diýip jogap beripdi. Hususyýetçiler muňa razy boldular hem-de şol döwürdäki Krasnowodsk welaýatynyň Krasnowodsk şäherinde, Daşhowuz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde mekdep açmakçydyklary hakynda teklip getirdiler.
Emma Aşgabat şäherinde Anadoly liseýini açan Türkiýäniň Bilim ministrligi welaýatlarda mekdep açmakdan el çekdi. Netijede welaýat merkezlerinde mekdep açmak hukugam hususyýetçileriň, ýagny Turgut Ozal adyndaky mekdebi açanlaryň paýyna düşdi. Olar muny birjikde kyn görmediler. Gaýta işe hyjuw bilen ýapyşyp, yz ýandan şol wagtky Kerki şäherinde, Büzmeýin we Tejen şäherlerinde-de mekdep açmaga rugsat sorap geldiler. Şol döwürde mekdebi gutaran ýaşlara hünär bermek maksady bilen mekdepleri ýöriteleşdirmek işi alnyp barylýardy. Bu işe öz goşantlaryny goşmak üçin türk doganlarymyz Aşgabatda bazar ykdysadyýetine geçilýän döwür üçin zerur bolar diýen pikir bilen ykdysadyýet hem-de geljegiň kompýuter zamanasy boljakdygyny nazarda tutup kompýuter öwredýän tehnik liseýi açmaga isleg bildirdiler. Şeýdibem sähel salymyň içinde türkmen-türk mekdepleri ýurdumyzyň çar künjegine ýaýrady.“
Şol ilkinji ädimleri ýatlap Sadetdin aga şeýle sowal berdim.
— Sadetdin aga, çynmy ýalanmy bilemok, Türkmenistana daşary ýurtdan gelen uçarda şeýle bir waka bolanmyş. Uçar Aşgabada gonandan soň ondan düşmeli ýolagçylar düşmändirler. Olardan biri uçaryň gapysynyň agzyna gelip galama meňzeş bir guraly daşary uzadypdyr. Daşarda tomsuň ortaky aýy, süýr günortan, epgek ösýärmiş. Ýaňky adam gurally elini yzyna çekip oňa seredenmiş-de: „Biz beýle yssy howa çydap bilmeris“ diýipdir. Ahyrynda-da uçardan düşmänem yzlaryna gaýdanmyşlar. Munuň degişme bolmagy hem gaty mümkin. Sizem biziň ýurdumyza iň yssy günlerde gelen ekeniňiz. Belki siz, ilkinjiler bolup geleňsoňyz yssa-beýlekä ähmiýedem beren dälsiňiz. Emma soňky gelen ýoldaşlaryňyz howamyzdan zeýrenmedilermi?
— Nähili aýdaýyň, bizem, şu ýerde ýaşap ýörenlerem adam. Onda-da kowumdaş doganlarymyz. Olar yssyny nähili geçirýän bolsalar bizem şonuň ýaly. Dogry birbada hopukdyrjak bolýar, soň öwrenşip gidýäň. Men size bir mysal aýdaýyn. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda arassa agyz suwuny öndürýän zawodlary açmaga üns çekilipdi. Häzir bu mesele oňyn çözülenem bolsa, şol ýyllarda aýratynam Daşoguzda agyz suwuny içmek saglyňa zyýanlydy. Böwregiňi, bagryňy zaýalaýardy. Muny bilselerem, hatda, aralarynda keselläp Türkiýä yzyna gaýtmaly bolan ýoldaşlaryny görselerem, hiç bir mugallym ýa-da terbiýeçi şol ýyllarda «Men Daşoguza gitjek däl, ol ýeriň agyz suwy ýaramaz» diýmändi. Özüm hakynda aýtsam, türk mekdeplerini açmak üçin men birnäçe ýurtda boldum. Emma olaryň hiç birinde türkmen topragyna aýak basanymdaky ýaly duýgyny başdan geçirmedim. Bogazymam dolmady, ýüregimem beýle jiglemedi. Hajy Muammer Türkýylmazyň ýigrimi ýaşlaryndaky gül ýaly ogly Türkmenistanda talypka dünýäden ötdi. Hajy aga ony Gökdepäniň şehitleriniň gonamçylygynda jaýlady. Ýogsa, sizde däp bolşy ýaly bizde-de, ýogalan bendäni öz önüp ösen ýerinde, dünýeden öten ýakynlarynyň ýatan gonamçylygynda jaýlamak däbine uly üns berilýär. Ogluny Türkiýä äkitmäge hajy aganyň doly mümkinçiligi bardy. Emma ol Gökdepäniň topragyny oglunyň göbek ganynyň daman topragyndanam eziz gördi. Hatda «Dünýäniň islendik ýerinde jan bersemem jesedimi Türkmenistana getirmek mümkin bolsa, meni türkmen topragyna depin ediň» diýip Hajy aganyň öz wesiýedem bar. Onsaň heý bize bu ýerleriň howasy yssy görünermi?
Sadetdin aganyň janygyp aýdan bu sözleri meni beren sowalymdan utandyrdy. Ýöne maksadym bu adamlaryň hakyky keşbini açyp görkezmek bolansaň Sadetdin aga maňa dogry düşünendir diýip umyt edýärin. Dogrusy, iş bilen subut edilmedik bolanda Sadetdin aganyň bu sözlerine ynanar ýalam däl. On arka mundan öň geçen, ata-babalarymyň ýurduna geldim diýip, bogazyň dolup, gözüňe ýaş aýlamak, şehit ata-babalarymyň ýatan ýeri diýip diňe bir oňa wepaly ýaşamak däl, öleňsoňam şu ýurtda galjak bolmak … ynanar ýaly däl!
Şu ýerde ýene-de Hajy aga bilen bolan gürrüňdeşligimize dolanmak isleýärin.
„Suwa bir daşy atsaň ondan töweregine halka-hajka tolkunlar ýaýraýar. Onuň birinji halkasy adamyň öz öňündäki, ikinji halka ene-atasynyň, üçünji halka dogan-garyndaşlarynyň, dördünji halka il-ýurdunyň, bäşinji halka ynamdaş, pikiri gabat gelýän ähli dünýä adamlarynyň, altynjy halka bolsa tutuş adamzadyň öňündäki borçlaryny, wezipelerini, bitirmeli hyzmatlaryny aňladýar diýip alalyň. Bu halkalaryň iň ulusy iň daşyndakysydyr. Iň içki tolkun bolsa iň kiçisidir. Olaryň birini ähmiýetli saýyp beýlekisini, mysal üçin, bäşinji derejeli borjum diýip düşünmek nädogrydyr. Suwa atylan daşyň göwrümi näçe uly bolsa şonça-da halkalar uly, tolkunlaram güýçli bolýar.
Biziň Türkiýede mekdep açmak bilen çäklenmän ata Watanymyz Türkmenistana, Merkezi Aziýanyň garaşsyzlygyny alan beýleki döwletlerine-de gelmegimiziň esasy sebäbine şol „tolkunlaryň“ mysalynda has gowy düşünip bolar. Mekdeplerimizi biz dünýäniň dört künjeginde — Orsýetde, Angliýada, Taýlandda, ABŞ-da, başga-da birnäçe döwletlerde açdyk. Şeýtmek bilen biz tutuş adamzat öňündäki borjumyzy berjäý etmäge çalyşýarys. Ata Watana gelip diňe Turgut Ozal adyndaky mekdebi açmak bilen çäklenen bolsak bu biziň esasy ýörelgämize gabat gelmezdi“.
Welaýatlarda mekdep açmak meselesiniň oňyn çözülen gününden işiň kyny başlanýardy. Ol ýerlerde nähili garşylanjagyň belli däldi. Diňe ýerli bilim edaralary hem-de häkimlikler kömek etjekdigini aýdýardy. Welaýatlara ýola düşen wekilleriň ünjüsi ýeterlikdi.
Bir adamy tanajak bolsaň, bolmanda onuň köpräk gürlemegine maý ber. Çünki bir söz aýdyp, soň sesini çykarman oturan adam bolanja abraýyny ýitirmän oturýar. Bir mekdebi açmak bilen çäklenen bolanlarynda, bolmanda gazanan abraýlaryny saklamak türklere kyn düşjek däldi. Emma Türkmenistana mekdep açmaga gelenleriň maksady abraýdanam ýokardady.
— Elbetde, abraý hemmä-de gerek. Ýöne, gazanan abraýyň maksadyňa ýetmegiň üçin iň ýakyn kömekçiň bolýan bolsa gerek. Abraýymy ýitiräýmäýin diýip tutan maksadyň ýarpy ýolunda saklansaň, ýa oňa biwepalyk etseň, abraý senden ýüzüni öwürer. Özüňe abraý getiren niýetiňe, maksadyňa has-da yhlasly gulluk etdigiňçe bolsa, abraýyňam artmak bilen bolýar, maksadyňa-da ýakynlaşýarsyň.
Gürrüňi abraýdan başlan gürrüňdeşim Başkent Bilim merkeziniň Baş koordinatory Seýit Embel anyk hem arkaýyn gürrüň etmegi halaýan adam eken. Men ondan gep arasynda bu arkaýynlygyň gözbaşynyň nämededigini soradym. Gürrüňdeşim sowala çala ýylgyryp jogap bermäge başlady:
— Bu meniň häsiýetimdenem bolup biler. Ýöne meniň arkaýynlygym biziň ata Watana hiç haçan hyýanat etmejekdigimizden gaýdýar. Ata Watanyzda bize dogry düşündiler, ynamymyza ynam bilen jogap berildi. Iliň güýji siliň güýji diýýärler. Emma iliň söýgüsi, ynamy güýjündenem uly. Ol gutarmaýar. Sanlaryň dereje bilen köpelişi ýaly dereje üstüne dereje münüp ulalýar. Ine şeýle ynamy gazanyp, şeýle söýgä mynasyp bolanlar özüni neneň arkaýyn duýmasyn?! Şeýle arkasy bolanyň, şeýle söýgüsi bolanyň dargursaklyk etmäge hakam ýokdur. Bu biziň düýnümizden gaýdan şu günümizdir, şu günümizden başlanýan ertirimizdir. Biziň şu günümize düşünmegimiz üçin düýnümizi bilmegimiz, ertirimizi göz öňüne getirmek üçin bolsa şu günümize dogry baha bermegimiz gerekdir. Bu, meniň pikirimçe, her bir işde şeýle.
Türkmenistana ilki gelenleriň berýän gürrüňlerini diňlemegi gowy görýärin. Eger üns beren bolsaňyz olar şeýle jana ýakymlydyr. Olar maňa nähili dürs bolmalydygyny öwredýär. Men olardan ynsan kalbynyň arassalygyny, bir göräýmäge biri-birine şeýle ýat adamlaryň nähili ýakyn durup, düşünşip, işläp biljek ekendigini öwrenýän. Olary ýakynladan gudrata tagzym edýärin. Şol wakalara dahyllydygym üçin özümi bagtly saýýaryn hem ýüzde-müň şükür edýärin…
Soň Seýit beý uzak wagtlap öz üstlerine düşýän jogapkärçilik hakynda gürrüň etdi. Men başardygymdan ony kagyza geçirdim.
— Hassany gören lukman ony halas etmäge özüni taýýarlaýar. Ähli bilimini, hatda bilimdenem aňyrdaky duýgurlygyny, tejribesini özi bilmezden beýnisine jemleýär. Ol edil agyr ýüki götermekçi bolýan agyr atletikaçy ýaly güýjüni çugdamlap, ünsüni bir ýere jemleýär. Megerem, lukman üçin iň agyr pursatam şudur. Işe girişip, näsagyň derdini kesgitländen soň, ýeňillik bilen dem alyp, ol sazlanyp goýlan gural ýaly, ussatlarça-da elinde baryny edýär. Şondan soňky ahyrky netije welin, oňa bagly däl. Kesel ondan rüstem gelse, ajaly ýeten hassa etjek alajy ýok. Eger keseli ýeňmek başartsa ýene-de ol: „Hassanyň ajaly ýetmändir, derdi ýeňil eken“ diýýär.
Bizem çagasynyň elinden tutup mekdebiň gapysyndan giren ene-atany göremizde, çaganyň bize uly umyt bilen garaýan päkizeje nazaryna gözümiz düşende, hälki lukmanyň, agyr atletikaçynyň gününe düşýäris. Götermeli ýükümiziň öňünde özümizi rastlamaga çalyşýarys. Çaganyň heniz onçakly bekemedik beýnisiniň inçejik ýygyrtlarynyň arasynda nähili häsiýetleriň, endikleriň, höwesleriň, zehiniň ýatandygyny yzarlamaga başlaýarys. Soň çaga biziň maksadaymyza düşünen soň, bizem onuň başarnygyny bilenimizden soň bar iş düzgüne laýyk akyp ugraýar. Çaga ulalyp kämillik ýaşyna ýetýär, soňam bilmän durkak mekdebimiziň uçurymy bolýar. Onuň geljekde ýalňyşmazlygy, hakyky ynsan bolup ýaşamagy üçin biz elimizden gelenini etdik. Emma onuň ykbaly biziň elimizde däl.
Nähili gynandyryjy ýagdaý?! Ynsanyň ömrüniň ýene näçe dowam etjekdigi ygtyýarynda bolmadyk lukman ýaly, bizem töweregimize syr bermesegem dilimizi dişläp galýarys. Şonda-da, adamlar lukmansyz oňmaz, mekdepsizem kemala gelesleri gelmez. Alkyşlanýan lukmanlar bardyr, söýülýän mugallymlar. Unudylmaýan hassalar bardyr, ýürege ornaýan okuwçylar. Lukman ömür tanapynyň ýolunmagy ajala bagly diýip, hassanyň ýanynda gol gowşuryp durup bilmez. Adamyň ykbaly görjegi-geljegi kysmatyna bagly diýip mugallymam başyny ýaýkap gezip ýörüp bilmez. Gaýta tersine, lukman hassany ajalyň elinden halas etmäge ähli güýjüni sarp eder, mugallymam okuwçysynyň geljeginiň gowy bolmagy, durmuş öwrümlerinden halal hem arassa baş alyp çykmagy üçin has-da yhlas eder. Lukman ynsanyň beden saglygy ugrunda göreşse, mugallym onuň ruhy saglygy ugrunda göreşýär. Olar näçe köp, uly ýeňişleri gazandyklaryça Watan berk, watandaşlar ahlak taýdan arassa bolýar.
— Meni bir sowal aýratyn gyzyklandyrýar. Siziň pikiriňizçe ýene-de on ýyldan otuz ýaşyna golaýlajak siziň uçurymlaryňyz Watanymyza haýsy ugurdan köp peýda bererler? Ykdysady ösüşdemi ýa-da ruhy ösüşde?
Watanymyzyň ertriri hakyndaky bu sowalyň jogabyny şu ýerde galdyryp geliň düýnümize dolanalyň. Has içgin gyzyklansak, hakykatdanam Türkiýeden mekdep açmaga gelenleriň ruhy dünýäsi nähilidikä?
GELIŇ DÜÝNE DOLANALYŇ
Ýadyňyza düşýändir yzynda atasy: ”… Okuň üstüne özüň barmagyn“ diýip galan Erkan Hyşyr. Geliň, onuň Türkmenisatany tanap başlaýyşy hakyndaky gürrüňlerini üns berip diňläliň. Ol gürrüňler bizi onuň özüni tanamak hem hakyndaky niýetimize-de ýakynlaşdyrsa gerek.
— Biz Türkiýeden Türkmenistana gelenimizden soň Aşgabatda bir gije bolduk. Ertesi güni — bäş-altymyzy jemläp Nebitdaga, häzirki Balkanabada ugratdylar. Ol ýere barýan nätanyş türkmen aýalyndan Balkanabatdaky türkmen-türk mekdebine eltmegi haýyş etdiler. Şeýdibem ýene-de uçara mündik. Uçarymyz kiçijik oba çalymdaş bir ýere gondy. Biz şu ýerde işlemeli bolarmykak diýip hopukdyk. Çünki köçelerinde adam-gara görünmeýän bu gum-guklykda nähili mekdep, nähili okuw bolup biler? Ony göz öňüne getirer ýaly däldi. Howanyň yssysy, epgekli jöwza-da bir tarapdan.
— Siz şeýle pursatlarda Germaniýadaky agaňyzy, onuň teklibini ýatladyňyzmy? Belki Türkmenistana gitmegi bagtym diýip hasap edeňizde ýalňyşansyňyz?
— Agamy elbetde ýatladym. Diňe agamy däl, ýol boýy enemi, atamy, ejemi, kakamy köp ýatladym. Gapymyzdaky agaçlaryň diňe miweleri däl, ýapraklaryna çenli göz öňüme gelip gidýärdi. Gelen ýerimizde welin, kä ýerde bir gök agaç… Hernä bu Jebel diýilýän ýer eken. Biz bir köneje awtobusa münüp ýolumyzy dowam etdirmeli ekenik. Awtobusyň köneligi gözüme görünmedi, menem, ýoldaşlarymam şu ýerde galmaly däldigimize begenişýärdik. Awtobusda eslije ýöränimizden soň Nebitdaga-da baryp ýetdik. Şäher ulurak diýäýmeseň edil Jebeldki ýaly bu ýeriňem köçelerinde adam känmi ýa-da ýol ýakasyna dikilen telegraf sütünleri diýseler, näme diýjegiňi bilmän ýaýdanyp durbermelidi. Seredip otursak, her kim kondissionerli jaýyndan çykman, yssydan goranýan eken. Kondisioneriň bolmaýanda-da yssydan ýaňa köçä çykar ýaly däldi. Bir tarapdan bu biziň üçin gowy boldy.
— O nähili gowy boldy? Daglyk-tokaýlyk Türkiýeden gelene şol wagtky tozanly Nebitdagyň nämesi gowy bolsun?
— Siz bir zada düşüniň. Biz Türkiýeden gaýdamyzda dünýäniň eşretini görmek üçin däl-de başardygymyzdan onda eşret döretmäge gaýdypdyk. Şonuň üçin şertler näçe kyn boldugyça, sähel edilen iş eşret bolup görünýär. Mysal üçin, abzallaşdyrylan biologiýa klasy. Hakykatda ol eşret däl. Ol okuwçynyň bilim almagy üçin hökman bolmaly zat. Emma şeýle klasyň döredilmegi ertir mekdebimize okamaga geljek çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň gözüne eşret bolup görünjek.
Muny bilip durkaň, sol eşretiň döremegi üçin, senden diňe gara zähmet talap edilýärkä, heý biparhlyk ýa-da ýaltalyk edip bilermiň? Meniň üçin çygy ýüzünde buldurap duran agaç miwesini görmekden, öz zähmetimiň miwesini görmek has gymmatly. Çünki, ol agaç miwesini iýerin ýeke özüm lezzet alaryn, eden işimiň lezzetini bolsa gör näçe okuwçy görjek! Ene-ata görjek! Şol laboratoriýalardan peýdalanjak çagalar ertir uly adamlar bolmazmy näme? Bolar inşallah! Şeýle laboratoriýaly klasda okamagy üçin zähmet çekene ol taňryýalkasyn aýtmazmy? Şol zähmetiň gadyryny bilmezmi näme? Taňryýalkasynam aýdar, gadyrynam biler, inşallah! Onsaň siz biziň gele-gelmäne yssy diýmän iş bilen alyşyp gidenimizi geň görmäň.
Erkan Hyşyr maňa geň görmäň diýse-de, bu maňa geňdi. Köpler üçinem geňdir. Çünki, zähmetiň miwesini bagdaky miwe ýaly açyk görmek aňsatmy näme? Bagdan ýolan miwämiňi agzyňa saldygyň tagamyny bilýäň. Çekilen zähmetiň miwesini bolsa, agyz boşlugyna atyp bolanok. Onuň tagamyny aň bilmeli. Käbirlerimiz üçin kimdir biriniň ömri ötünçä taňyrýalkasyn aýdyp gezjek zähmetimiziň miwesinden, bagdan ýolup iýen miwämiz süýji görünýär. Öz ýurduny taşlap gelip, bärde mekdep açyp ýören türkleriň maksadyna düşünmegiň käbirimize kyn düşýändigi, megerem şondandyr?
Gürrüňiniň arasyny bölüp, uzaklara seredýän gürrüňdeşim, özümi özi bilen deňeşdirip edýän bu pikirlerimden habarsyzdy. Meniň görmäge endik eden adamlaryma meňzemeýän Erkan Hyşyr uzakda galan günleriň ýatlamasyna has çuňlaşyp, yzyna gaýdyp bilmän, birsellem şol günlerde galana, soňam ýuwaş-ýuwaşdan şu gününine dolanyp, gürrüňini dowam etdirene meňzedi.
— Mekdebiň müdirine Ahmet Fazyl Aýdogan diýýärdiler. Biz gijesine onuň kabinetinde ýatardyk. Onuň özem biziň ýanymyzda galardy. Ýoldaşlarymyň atlaryny aýdaýyn: Sezgin Kyrbanjyoglu, Ahmet Dynç, Şükri Ýylmaz, Mustafa Ýyldyz, Kazym Uýar, Mahmyt Arslan, Selm Şakir Egilmez. Bularyň hersi bir arkadagymdyr, ýürek bagymdyr. Şol döwürleriň ýatlamalary ne söze sygar ne-de sözleme, ne gürrüňe sygar ne-de kitaba. Olar üýtgeşik ýatlama bolup şol ýaşalan günlerde-de galdy. Gaýdybam gelmezler. Häzir olary size jikme-jigi bilen gürrüň bersem zeýrenmek ýalam kabul etmegiňiz mümkin. Emma şol günleri men hiç wagt zeýrenip ýatlamok. Gaýta olar meniň durmuşymyň iň ýakymly günleri. Men gaty köp zada şol günlerde düşündim.
Ata Watanymyň şol yssy günleri kalbyma yssy mähir bolup ornady. Men her bir kynçylygy Ata Watanymyň, bolmanda onuň perzentleriniň, türkmen ata-babalarymyň çagalarynyň geljegi üçin çekmeli bolýan diýip kabul edýärdim. Şonuň üçin olar maňa şatlykdy. Çünki beýle bagt hemmelere ýetdirmeýär. Men her geçen günümde agama öz bagtymy Germaniýa çalyşjak däl diýip aýdamda ýalňyşman ekendigime has gowy düşünýärdim. Ýogsa ol günlerde biziň nahar iýýän tabagymyzam ýekejedi. Onda hem iýjegimizi taýýarlaýardyk, hem naharlanýardyk. Dogrusy, golaýymyzdaky türkmen öýleriniň birinden tabak haýyş etsek, getiribem bererdiler. Emma biz onda zerurlyk duýmadyk. Her kim bir tabakdan nahar iýenden hemmäň üýşüp bir tabakdan nahar iýmegiň öz lezzeti bardy.
Bu wakalardan kän soň men türkmenleriň „tabakdaş bolmak“ diýen jümlesini öwrendim. Tabakdaş bolan, ýagny, bir tabakdan bile nahar iýen adamsyna türkmenler uly hormat goýýan eken. Tabakdaş bolanyňa beýleki adamlar bilen deňeşdireniňde bir çöregi paýlaşyp iýen adamyň ýaly, ilki kömege ýetişilip, onuň haýyşyny bitirmäge çalşylýan eken. Iň ýakyn dostlar tabakdaşlardan saýlanýan eken. Şeýdip tabakdaşlar bolup biz bir dogan ýaly ir ertirden tä ýadap ýatylýança mekdepde remont işlerinde işledik. Remont işleri takmynan dört aýa çekendir…
„EKMEK“ DIÝMEK „ÇÖREK“ DIÝMEK
Erkan Hyşyry diňläp oturşyma şol ýyllaryň Nebitdagyny göz öňüme getirýärin. Entek ady Balkanabadam bolmadyk Nebitdagyň Garaşsyzlygyň ilkinji günlerindäki kynçylyklary ýadyma düşýär. Ol ýyllarda diňe bir Nebitdag däl, tutuş ýurdumyz özüni galla bilen üpjün edip bilmeýärdi. Üstesine gök önümlerem Nebitdaga esasan daşyndan getirilmelidi. SSSR-iň ýykylmagy bilen söwda ýollary bir bada kesilipdi. Ozal beýle ýagdaýa düşüp görmedik halka bu gytçylyklar başyndan aýrylmajak ýaly duýulýardy. Özüni haryt gytçylygyndan halas etjek bolup her kim dükana gelen islendik harydy suwsan goýun ýaly artykmajy bilen alýardy. Emma ol has beter gytçylyga getirýärdi. Munuň garşysyna harytlara talon sistemasy çykarylypdy…
Belki şol günleri häzir ýatlamak öz aýbyňy açmakdyr? Köne samany dörmekdir? Emma ol biziň däl-de, ýykylan sistemanyň üsti açylan aýbydy. Ters sistemanyň ejirini çekip, biz ol günleri ýaşamaly bolupdyk. Eger ol günleri üstünden atanak çekip unutsak, olary ýitirdigimiz bolar. Ýolumyzda hiç bir päsgelçilik, hiç bir kynçylyk bolmadyk ýaly bolar. Emma päsgelçilikden geçmezden, kynçylygy ýeňmezden ýeňiji bolup bolmaýar. Şol günleri göz öňüne getirmän, biz şu günlerki ýeňişlerimiziň gymmatyna nädip düşünip bileris? Bu mümkin däl. Bu barada Türkmenabat şäherindäki türkmen-türk mekdebiň müdiri Kadyr Baljyň aýdany ýüregime jüňk boldy. Ol Türkemnistana gelen ilkinji günlerini ýatlap: „Siz biz ýaly daşyndan gelen adamlar bolmansoňyz Garaşsyzlygyň ýyllary içinde döwletiňizde nähili öňe gidişlikleriň gazanylandygyny duýmaýan bolmagyňyz hem mümkin. Sebäbi siz, mümkin, ýurduňyzda şu günüňiziň düýnüňizden näçeräk gowlanandygynyň pikirini edenden, ertiriňiziň näçeräk gowy bolmalydygy hakynda köp pikir edýänsiňiz. Ol şeýle-de bolmaly. Bu halkyň ösüşe bolan ymtylyşyny aňladýar. Ata Watanymyzyň ösmegini bizem isleýäris. Emma öz ogluny günde görüp ýörensoň kakasynyň ondaky özgerişleri känbir duýmaýyşy ýaly, sizem öz ýurduňyzyň gün-günden tanalmaz ýaly özgerýändigini duýmaýan bolmagyňyz mümkin. Bu meniň şahsy garaýyşym, onuň düýbünden ters bolmagam ahmal“ diýdi.
Mesele, Kadyr beýiň Watanymyzyň ösüşini biziň nähili derejede görýändigimiz hakyndaky pikiriniň ýalňyş ýa-da dogry bolmagynda däl. Mesele biziň şol ösüşi görmegimiziň nähili ähmiýetlidiginde. Ösüşi özeni, manysy bilen dolulygyna görmegimiziň ähmiýetinde.
Daşoguz şäherindäki türkmen-türk mekdebiniň şepagat uýasy Oguljan Goçowa türkçe „ekmek“ diýmegiň „çörek“ diýmek ekendigini öwrenişini ýatlaýar.
„“Ekmek“ sözündenem öň men türkleriň „ýardamlaşmak“ diýen sözüni öwrendim. Bu söz biziň ýardam etmek, kömek etmek diýen sözümiz bilen manydaş eken. Ol wagtlar men Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen sport-harby mekdepde şepagat uýasy bolup işleýärdim. Türkler mekdep açmaga gelenlerinde olara biziň mekdebimizden bir korpusy bölüp berdiler. Türkmen-türk mekdebi üçin berlen şol jaýymyz bizde okaýan okuwçylaryň sany az bolansoň boş diýen ýalydy. Türkler gele-gelmäşe onuň remontyna girişdiler. Gürsel Erjan diýip mekdebiň müdiri bardy. Ol gara işçi ýaly ähli işi ederdi. Gaty köp işlärdi. Men ýogsa o wagtlar kesesinden synlaýardym. Bir gün penjiräm kakylýar. Seretsem türkleriň müdiri. Ol barmagy bilen yşarat edip „Ekmek ýokmy?“ diýip sorady. Onuň barmagy bilen çöregi görkezýänini görüp men oňa düşündim. Emma ol çörek biraz gatyrakdy. Şonuň üçin men oňa öýden ýumşagyny getireýin diýsem „Ýok, şol bolýar“ diýdi. Menden çöregi alyp maňlaýyna degirip ogşady. Soň eşidip otursam türk doganlarymyzyň üç günläp agzyna çörek degmändir. Çörek o döwürde talona berilensoň, satlyga-da tapmandyrlar. Köke bilen gawun iýip oňupdyrlar.
Şepagat uýasy bolamsoň ýanyma, howamyza hem iýmite öwrenişip bilmän keselläp, derman sorap gelýän türk mugallymy ilkibadalar köp boldy. Gursel beýiň bagrynda kem döredi. Men oňa: “Ýagly nahary iýmek bolanok“ diýsemem ene-atalaryňka myhmançylyga gidende iýip gelerdi. Ertesem ýaraman ýanyma gelerdi. „Näme üçin ýagly palaw iýýäňiz, saklanyp bileňizokmy?“ diýsem, „Men olaryň aragyny içemok, ýörite bişiren palawlarynam iýmesem gaty görjekler, onsoň nalaç iýmeli bolýan“ diýerdi. Bir adamyň göwnüne degäýmäýin diýip janyna kast ederdi. Men beýtmek bolanok diýip hernäçe düşündirjek bolsamam bolmazdy. Bolmanda gutulýança özüne agram salman işlemän gezse-de boljak welin, onam etmezdi.
Soň mekdebe uly başlyklardan biri (Muammer Türkýylmaz bolmagy mümkin) geldi. Ol menden Gursel beýiň saglyk ýagdaýy barada sorady. Men baryny bolşy ýaly gürrüň berdim. Şondan soň saglyk ýagdaýy sebäpli ony Türkiýä işe geçirdiler. Gursel beý mekdep bilen hoşlaşyp ýörkä meniň ýanyma gelip „ekmek“ soraýyşyny ýatlady. Minnetdarlygyny bildirdi, razylaşdy. Soňundanam özüniň bärden gitmegine sebäp bolanym üçin menden biraz göwün etjek bolýanyny aýtdy. Emma ol maňa dogry düşündi. Bu ýerde meniň niýetim şeýle gowy adamyň mümkingadar uzak ýaşamagydy. Beýle adamlara gaty seýrek gabat gelinýär. Çagalara täze öldürilen goýnuň etini iýdirjek bolup öz hasabyna janly alardy. Şeýde-şeýde jübüsiniň boşap galýan wagtlary bolardy.
Şu günki ýaly ýadymda, Albert Huseýinow diýip bir okuwçy giriş synagyndan geçip biziň mekdebimize girdi. Ol oglanjygyň ýeke ejesi bardy. Kakalary taşlap gidipdir. Albert bize okuwa girensoň ejesinem sähel zadyň üstünde tutup türmä basdylar. Ejesi türmedekä öýlerinem ellerinden aldylar. Çaga öýsüz-öwzarsyz, hem sopbaş ýeke özi galdy. Oňa mekdep hossar çykdy. Göz öňümden gidenok, Gürsel beý Albertjigiň elinden tutup ony bazara äkiderdi. Oňa täze eşikler alyp berip geýindirerdi. Mekdebiň mugallymlary hatda onuň ejesiniň yzyndan türmä-de barardylar. Albert mekdepde ýatyp-turup ulaldy. Üç ýyldan soň ejesi türmeden çykdy. Onuňam mekdebe geläýmese başga barara gapysy ýokdy. Ýöne başga barara ýeri bar bolanda-da, ol mekdeden başga ýere gitmezdi. Mekdep müdiri Gürsel beý ony jaý süpürji edip işe aldy. Ýaşara jaý tapynýança mekdepde ýaşamaga rugsat etdi. Albert mekdebi tamamlap Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde kompýuter inženerçiliginde okady. Şol çaganyň türkmen-türk mekdebine okuwa girmegi, bu ýerde hem şeýle ynsanperwer adamlara, Gürsel beýe duşmagy onuň häzirki derejesine ýetmegine sebäp bolan bolsa gerek.
Şu zatlary aňymda aýlaýan-da, Gürsel beýiň tapylgysyz gowy adamdygy türk bolandygy üçinmikä diýibem pikir edýän. Ýöne ol beýle däl bolsa gerek. Türkmende-de Gürsel beýçe ynsanperwer adamlar bar. Ynsanperwerligiň ýanynda seniň haýsy millete degişlidigiň hiç zat bolup galýar. Çünki ýer ýüzünde halanmaýan millet ýok, halanmaýan adamlar bar. Mekdep diýilýänem çagalara bilim bermek üçinem gerekdir welin, halanmaýan adamlaryň aramyzda az bolmagy üçinem gerekmikä diýýän…
HALANMAÝAN ADAMlARYŇ BOLMAZLYGY
ÜÇIN NÄME ETMELI?
Oguljan daýzanyň pikirini Köneürgençde ilki mekdep açylanda onda mugallymçylyk eden, soň Marydaky mekdebiň müdiri bolan Arda Özdemir bilen dowam etdirdik. Arda beýiň türkmen-türk mekdepleriniň müdirleriniň arasynda iň ýaşlaryndan biridigini öňem bilýärdim. Emma onuň ýaşyna görä bolmadyk has çuň pikir öwürmek häsiýediniň bardygyny bilmeýärdim. «Ýaramaz adamlaryň bolmazlygy üçin näme etmeli?» diýen sowal ikimiziňem edil agyrly ýerimize basylan ýaly etdi. Ýaramaz adamlardan ýaňa agzy bişmedikler az-az bolsa gerek. Iň ýamanam
«Sirke aýdar bal menem,
Nebit özün ýag saýar».
Özüň nebit bolaýma diýseler durbermeli. Durmuşyň gyzykly ýeri şunda diýýärler. Wah, durmuş bir roman bolsady, oňa dartgynlylyk bermek üçin ýaramaz häsiýetli gahrymanlaram goşulsyn diýseň. Men pikirimi Arda beý bilen paýlaşmaga durdum.
— Belki klasyň ikilikçisiz bolmaýyşy ýaly durmuşda-da «Süri agsaksyz bolýan däldir»?
— Biz bir otlap ýören süri bolsak, onda aramyzda «agsaklaryň» bardygyna känbir ünsem bermezdik. Syn edýän bolsaň, käbir adamyň agysy içindedir. Ýürekdäki agyry, pyçak kesen barmagyň agyrysy ýaly bolmaýar. Pyçak kesen barmagyňy näçe ýygşyrjak bolsaňam göze ilýär. Hemmämiziň ol barmaga nebsimiz agyrýar. Emma agyrysy ýüreginde bolan adamlaryň derdini aňma-da kyn, olara kömek etmegem…
Men Arda beýiň özi hakyndamy, kim hakynda, näme diýjek bolýanyna düşünmedim.
— … Men mugallym hakynda aýtjak bolýaryn. Dünýäde ýürek agyry bilen iň köp keselleýän mugallymçylyk edýänler bolsa gerek. Çünki halanmaýan adamlaryň bardygy üçin ilkinji nobatda mugallym özüni günäkär saýýar. Gowa-da, erbede-de täsiri ýok mugallym o bir gury san. Şeýle mugallymyň bolanyndan bolmany gowy. Ine biziň mekdebimizem gutaryp gidenleriň içinden halanmaýan adamlar, wah, arman, çykar. Şonda näme diýerler? „Hon-ha pylanam türkmen-türki gutaran-da“ diýerler. Ony öz gulagym bilen eşitsem ýüzümiň bir gat hamy ýanar. Ýüregime köz basylar.
Şonuň üçinem kärdeşlerime: „Gije ýatmalyň welin çagalary ýaman ýollardan saklajak bolalyň“ diýýänim. Mugallym, bir amerikan ýazyjysynyň ýazyşy ýaly, çagalary halas etjek bolup uçudyň gyrasyny goraglap ýören adama meňzeýär. Dünýede keselden ölýänleriň sany köpelse wraçlaryň özüni günäkär saýyşlary ýaly, adamlaryň arasynda ogurlyk, jenaýat, neşe çekýänler köpelse, döwri günäkärlemän, bizi — mugallymlary günäkärlemeli ýaly bolup dur. Türkiýedäki, Türkmenistandaky, tutuş dünýedäki kärdeşlerim, goý meni bagyşlasyn. Edýän kärimiziň jogapkärçiligine näçe çuň düşünip işlesek, şonça-da daş-töweregimiz, dünýämiz sagdynlaşar.
— Ferit beý size mekdebe getirmek üçin bir okuwçynyň yzyndan gidişimizi gürrüň berdimi?
— Ýok.
— Isleseňiz men gürrüň bereýin. Fert beý bilen Köneürgençde işläp başlan iliknji ýylymyzdy. Mekdebimize giriş ekzameninde bir okuwçy gazanan baly boýunça birinji üçlüge düşüpdir. Emma okuw başlananda ony mekdepde görmedik. Iki-üç günden soň bu okuwçy bilen görüşmeli diýen karara geldik. Ýaşaýan ýeri şol wagtky Oktýabr, häzirki Türkmenbaşy etrabynyňam çetki obalarynyň biri eken. Maşyn tapyp biz şol oba gitdik. Obadan gözleýänimiziň öýüni salgy aldyk. Olaryň öýi obadanam çetde gum içinde ýerleşýän eken. Deperäkde oturan bu ýeke öý, daşyndan görmäge töwereginden üzülip, öz dünýäsinde ýaşap ýören ýalydy. Kimdigimizi tanadanymyzdan soň mekdebimize giriş synagyny tabşyran oglanjygy alyp geldiler. Kakasam geldi. Biz oglandan näme üçin mekdebe barmaýanyny soradyk. Biziň göwnümize bu meseläni oglanyň özi çözmeli ýalydy hem okuwa barmanlygy üçinem
Teswirler (2 sany)
Ylýas aga bu kitabyñyzy ilkinji gezek okaýan şuwagt. Içimdäki mugallymçylyk ataşy alawlanýar okadygymça. Maña Harun Tokagyñ kitaplaryny ýatlatdy... Aslynda mekdepleriñ açylyşy barada uly gyzyklanmam bardy, ýöne kimden doly maglumat alyp biljegimi bilemokdym has dogrusy. Eliñize saglyk... Gaty duýgylandyryjy.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Haýran galmaly, bu bölümiň öňüni 11 adam, soňuny 16 adam okapdyr. Aralykda bu bölümi okanlaryň sanam 4 adam. Ýogsa iň köp tekst ýerleşdirilenem şu bölüm. Ýa nähilikä okap göreli diýip girip çykaýýalarmyka? Dogrusy her bölüm özbaşyna wakalardan düzülen, onda-da arasynda ep-esli ýerini taşlap okasalar göwnüňe her zat gelýär. Şonuň üçin dowamyny goýmasammykam diýip durun. Häzirki goýanlarym kitabyň ýarsyna golaý. Hany okaýan barmyka göreli. Gyzyklanma bolmasa ýazanlarymdan başgalaryny goýaýmasam.