GÜNÜŇ DOGMAGY AŇSATMY? (Dowamy)
„Türk doganlarymyz işden ýadadyk diýmezler. Hatda ilki gelenlerinde ýaga gowrulan kortoşkadan, badamjandan, sogandan başga zat iýmedigem bolsalar, iýmitdenem kösendik diýmezler. Olary esasy kösän zat biziň şol döwürdäki, bar zady umumylaşdyrmagy söýen soýuzyň birnäçe deşikli umumy hajathanalary boldy. Olar hajathana ýeke-ýekeden girerdiler. Iki sanysam „O ýerde adam bar“ diýip daşyny garawullardy. Bularyň utanç meselesini birinji derejede goýýandyklaryna men şonda göz ýetirdim. Gurulmagyna mümkinçilik tapylan badyna olar derrew aýratyn gapyly hajathana gurdular. Çagalarymyza ýörite hajathana medeniýetini öwretmäge başladylar. Göräýmäge ownuk görünýän meselelerem olar gözden salmaýardylar. Ähli zadyň talaba laýyk bolmagyny gazanmaga çalyşýardylar. Şol bir wagtyň özünde-de özlerini giň, parahat tutýardylar. Häzirki mekdebimizdäki tertip, çagalaryň özlerini alyp baryşlary birtopar mugallymyň gahary, galmagaly, nerw öýjüklerini ýakmagy bilen mümkin bolandyr öýtmäň. Dogry, okuwçylaryň degnaňa degýänlerem bolardy. Emma bu işleriň köpüsi diňe hoş sözüň üsti bilen, gerekli talaby çaganyň aňyna gaty parahat hem mylaýymlyk bilen ýetirmegiň hasabyna gazanyldy. Türkmeniň „Ýagşy söz ýylany hininden çykarar“ diýen nakylyny köpümiz bilýäs. Biziň mekdebimizde-de çaganyň aňyndaky ýaramaz endik diňe ýagşy sözüň kömegi bilen çykarylyp ýok edilýär.
— Bu başartmasa nätmeli?
— Başarmaýan bolsaň günäni özüňden gözleýäň. Çünki çaga beýnisi ýaly arassa zat ýokdur. Oňa ulular näme ýazsa şonam okalar. Meniň bu aýdýanym täzelik däl. Onuň şeýle bolmalydygyny biz öňem bilýärdik. Bilsegem, öňler bu bize ýalan ýalydy. Çaga töwereginden, ýaramaz dostlaryndan, şuňa meňzeş zatlardan täsirlenip ters ýola düşýär. Onsoň oňa sypaýçylyk ýa-da hoş söz bilen edip biljek zadyň ýok diýip düşünýärdik. Emma çaga ilki gözüni açyp kimi görýär? Enesini, atasyny, ony söýýänleri, özüni ters däl-de dogry ugra alyp gitjegi görýär. Biziň köpümiz çagamyzy bäbekkä söýýäs, öýden özi çykyp bilmeýän çagaka gowy görýäs, çagalar bagyna, mekdebe gatnap ugraýaram welin döşünden itekleýäs. Dogry çaga ulaldygyça oňa maşgalaň täsirinden töwereginiň täsiri güýçlenip başlaýar. Bu onuň özbaşdaklyga ymtylmagyndanam bolup biler. Emma şol isleg artdygyça biz hem çaga berýän ünsümizi güýçlendirmeli. Oňat görelde görkezip, mysal getirip olar bilen uly adam ýaly gürleşmäge ýaltanmaly däl. Diýmesi aňsat, etmesi kyn bolan bu işi başarmak üçinem ýüregiňde işiňe bolan söýgi gerek, aňyňda edýän işiň ähmiýetine aňry ýaly bilen göz ýetirmek gerek. Iň esasysam her bir hereketiň ýüregiňdäki şol söýgi bilen, aňyňdaky düşünjäňden gaýtmagy gerek. Häzir siziň ýanyňyzda „ony başarmak gerek, muny başarmak gerek“ diýip otyryn. Ýöne ýaňam aýtdym, biziň işimiz dilde aňsat-da etmesi kyn iş. Türk mugallymlaryndan meniň öwrenen zadym olar şol kynçylygyň öňünde ejizlemeýärler, darykmaýarlar. Ähli kynçylyklary gülüp-degişip, çaý başynda söhbet edip, bir-birleriniň ynamyny berkidip ýeňýärler. Haýran galaýmaly, olar derdiňi deň çekişmäge gaty höwesjeň hem ýürekdeş adamlar. Bir söz bilen aýtsam, hakyky mugallymlary men türk doganlarymyzyň arasynda gördüm…
Hajy Muammer Türkýylmazyň sözleri bilen Kadyr Hajyýewiň bu sözleriniň üstüni ýetiresim gelýär.
„Agaç ussasy, jaý ussasy, zawod-fabrikdäki ussalar ýaly mugallymam ussadyr. Durmuşda her ussaň öz orny, gymmaty bar. Biziň üçin agaçmy, jaýmy, zawod-fabrikmi ýa-da adam gymmatly? Elbetde adam. Çünki, mugallym agaç ussasynam, zawod-fabrik ussasynam terbiýeli adam edip ýetişdiren ussadyr. Akylly-başly adam öz mugallymyna başgaça garaýar. Her kim mugallymynyň öňünde özüni borçly duýýar. Eger biz şeýle borjy ýürekden duýýan bolsak, mekdebe bolan garaýyşymyzam başgaça bolar. Çünki, mekdep biziň öňünde borçly adamlarymyzyň jemlenen ýeridir. Diňe bir öz borjumyz däl, ogullarymyz, agtyklarymyz üçinem borjumyzyň üstüne borç goşulyp dur. Şeýle borçlulyk duýgusy iki taraplaýyn bolmalydyr. Mugallymlar ynsanlaryň edep-terbiýesiniň, biliminiň garamatyny öz üstüne alanlardyr. Bu az-küş ýük däl. Bu ýüki göterip bilmegiň üçin ilkinji nobatda ýüregiňde çagalara bolan çäksiz söýgi gerek… “
MUGALLYM BIR ADÝDYMDYR
Edep-terbiýe hakynda täsirli gürrüňi Atamyrat şäherinde Ferit beýden hem diňläp otyrkam, gürrüňdeşime şeýle sowal berdim.
— Meni bagyşlaň. Siz çagalary söýmeli diýýärsiňiz. Okuwçylary öz çagaň ýaly görmeli diýýärsiňiz. Ony menem diýip biljek. Emma muny düşündir diýseler men näme diýjegimi bilmerin. Çünki men mekdepde işlemedim. Başga biriniň çagasyna terbiýe berip görmedim. Siz muny edip ýören adam. Şonuň üçinem çagany söýmek, her bir okuwçyny öz çagaň ýaly görmek diýýäniňizi düşündiräýseňiz.
— Söýgi diýilýän zady düşündirmek kyn. Ýöne şonda-da men aýdaýyn. Mysal üçin, mekdepde peçler ýanman çagalaryň ýatak jaýlar sowuk bolsa, meniňem öýüm ýyly bolsa men uzak gije ýatyp bilmeýän. Okuwçylaryň nahary meniň öňüme alan naharymça bolmasa, ol meniň bogazymdan geçenok. Mugallym mekdebe kapasa öwrenşen guş ýaly baglanmalydyr. Ol mekdepsiz galsa, şol guş ýaly ýaşamaga ukypsyz bolmalydyr. Mugallym aýdym bolmalydyr, ol aýdymyň sazyny okuwçylary ýazmalydyr.
— Beýle bolmak türkmen-türk mekdepleriniň ähli mugallymlaryna başardýarmy?
— Bu sowaly Baş müdirimizden sorasaňyz has göwnejaý bolardy. Men öz mekdebim hakynda aýdyp bilerin. Aglabasyna başardýar. Heniz başrmaýan iki-ýekelerem mydama «hiňlenip» gezýärler. Umyt edýärin olaram oňat aýdymlara öwrülenlerini özlerem bilmän galarlar.
— Siz umyt hakynda okuwçylaryňyzyň geljegi hakynda aýdanyňyzda-da aýtdyňyz. Siziň umytlaryňyz hasyl bolmaz diýen gorkyňyz ýokmy? Umytlaryňyz durmuşyň urgularyna çydarlar-da hernä?!
— Dogry biz çagalara durmuşa ýakyn terbiýe bermäge çalyşsagam ony doly berip bilmeýäris. Bu mümkinem däl. Durmuşyň akymy, siziň aýdyşyňyz ýaly, urgusy, silterlemesi kähalatda göz öňüne getirerden has çylşyrymly. Durmuş biziň uçurymlarymyzam aýap goýmaz. Emma olaryň köpüsi islendik urga çydar, niýetini gowulykdan üýtgetmez, ýaramaz täsirleriň yzyna düşmez, ýamandan daş durup, gowa görelde bolar. Olaryň arasynda iki-ýeke jaýryk atanam tapylyp biler. Emma hiç biri çym-pytrak bolup gider öýdemok. Inşallasa, wagt görkezer, bu çekilen zähmetleriň miwesini.
— Mugallymçylyk käri kellä agram salýan kär. Şol bir sapaklar, şol bir klaslar. Onuň irizýän, ýürek gysdyrýan wagtam bolýandyr. Siz şonda ünsüňizi nämä sowýaňyz? Türkiýede bolsaňyz dogan-garyndaş, dost-ýar kändir, öýüňiz bardyr. Bärde ýaşaýan jaýyňyzam kireýine tutup ýaşaýansyňyz, goňşy-golam bilen düşünişmegem kyndyr.
— Bu kynçylyklaryň hemmesini ýene mugallym bolanymyz üçin ýeňil geçirýärmikäk diýýän. Çünki hakyky mugallymyň ýüregi gyssa onuň dermany çagalarda. Kä gijeler düýşümde çagalara sapak geçip durkam oýanýan. Şonda gijäň bir wagtydygyna garaman, geýinip mekdebe ugraýan. Garawullar bilen oturyp çaý içýän, rahatlanybam öýüme gelip ýatýan. Siziň at seýisleriňiz ýaly. Mugallymçylygam bir seýisçilik. Keýpini bilen adamy ol öz erkine goýmaýar. Üstesine-de ol bir sungat. Üns beren bolsaňyz, haýwan özüniňkiden başgasyny depip, dişläp ýanyndan kowýandyr. Özünden bolany welin gabanyp ölüp barýandyr. Muny ylym „instinkt“ diýip düşündirýär. Adamda-da şeýle instinkt bar. Edil kesekiň çagasyny depip-dişläp durmasa-da, sizde aýdylyşy ýaly „Garganyň gaz balasy, her kimiň öz balasy“. Emma mugallymda bu häsiýet başgaçadyr. Her klas ýolbaşçynyň öz klasynyň okuwçysyna has ýyly garaýandygyny klaslar arasyndaky bäsleşikde görýän. Soň mekdepler arasyndaky ýaryşda meňem „Atamyrat şäheriniň okuwçylary“ diýlenden ýüregim gürsüldäp başlaýar. Biziň ykbalymyz şeýle. Eger şeýle ykbala razy bolsaň mugallym bolmaly. Ýogsa bolmaýar. Eger sen özüňe ynanylan çagalara kesekiň çagasy diýip garaýan bolsaň onda sen mugallym dälsiň. Şonda-da mugallymçylyk edýän bolsaň adamam dälsiň. Çünki, okuwçylary söýmän mugallymçylyk edýän adam öz adyna diňe ysnat getirer.
IŇ AJY HEM HEM IŇ SÜÝJI ÝATLAMA
— Türkmenistana gelip iň ajy hem iň süýji ýatlamaňyzy gürrüň berip bilmezmisiňiz?
— Şehitlerimiz hakyndaky habardan ajy habary eşitmedim. Iň ajy ýatlamam… Bir gezek mekdebiň ene-atalar guramasynyň iň işjeň agzalaryndan iki sanysyny alyp Aşgabada gitdim. Niýetim ol ýerde biziň mekdebimize hemaýat edýän, Türkmenistanda işleýän türk işewir adamlaryň maslahatyna gatnaşmak. Çünki, şäherimizdäki guramalardan, ene-atalardan alyp boljak ähli kömekleri alypdyk. Mekdebimiziň täze binasynyň gurluşygyna gyssansak öňem kömek edip duran hemaýatçylar bu gezegem haýyşymyzy yzyna gaýtarmaz diýip tama edýärdim. Bize mekdebiň laboratoriýalaryna, koridora düşär ýaly syrçaly plitalary almaga 3 müň töweregi dollar gerekdi. Hemaýatçylar meniň hem-de ene-atalaryň aýdanlaryny üns berip diňlediler. Soňam olardan biri söz aldy-da eger syrçaly plitalary satyn almaga serişde tapylmaýan bolsa şol mekdebi ýapyp Türkmenabat şäherindäki mekdebe goşmak hakynda teklibi orta atdy. Bu söze gahardan ýaňa gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Hernä başga bir hemaýatçy turup bu ýalňyş teklibi düzetdi hem-de, mümkinçilik boldugy kömek etjekdiklerini aýtdy. Biz lapymyz keç bolup şäherimize dolanyp geldik. Meniň üçin iň ajy ýatlama şu gep boldy.
— Soň syrçaly plitalary almaga serişdäni berdilermi?
— Dogrusy, hemaýatçylarymyzdan göwün edere bizde ýagdaýam ýok. Çünki, olar bize gaty köp hem degerli kömek edip durlar. Men ýaňky wakany şol hemaýatçyň ýersiz-ýere göwne degiji teklibi orta atmagy sebäpli ýadymdan çykarman ýörin. Şol gün gelşime Türkiýä, öýmüze jaň etdim. Ol ýerdäki ýakynlaryma maşyn almakçy bolýanymy, 3 müň dollar töweregi puluň gerekdigini aýtdym. Olar ibereris diýip boýun aldylar. Hakykatdanam bir az salymdan men diýen pulumy aldym. Oňa çenli ene-atalaram bir müň dollar töweregi pul topladylar. Şoňa-da biz mekdebiň koridorynam, laboratoriýalaram syrçalatdyk. Şondan soň ene-atalar ýygnagynda “Müdiriň goýan puluny yzyna gaýdyp bermesek bize aýyp bolýar” diýip özara maslahat edipdirler. Şeýdibem ýene-de bir ýarym müň dollary jemläp ýaşulylar ýanyma geldiler. Olaryň getiren puluny almajak boldum. Emma almasam öýkelejekdiler.
Meniň iň süýji ýatlamamam şol syrçaly plitalar bilen baglanşykly. Aşgabada bile gitdik diýen ene-atalaryň biri Welnazar Mämmedow mekdbimizi salýan döwrümizde, kerpiç zawodynyň müdiridi. Bir gezek ol maňa: „Müdir beý, men zawodymyň kerpiç çykarýanyna gynanýan“ diýdi. Menem: “Näme üçin?“ diýsem „Zawotda syrçaly plitalar çykýan bolsady, ondan näçe diýseň bererdim. Zawodym kerpiç-kerpiç altyn çykarýan bolsady, men şondanam mekdebe näçe gerek bolsa bererdim. Şonda-da çagalarymyz üçin edýän yhlasyňyzyň ondan birinem üzlüşip bilmezdim. Arman zawod kerpiç çykarýar, olam indi saňa gerek däl“ diýdi. Men bu hoş sözleri ömrüm ötünçä unutmaryn, çünki ony aýdan adam ýüregindäkini aýdypdy…
BARY PULUŇ HASABYNAMY?
Bu ýatlamalary diňläp men beýle hormaty, beýle ynamdarlygy, beýle söýgini nädip gazanyp bolýarka diýip pikir etdim. Mekdep üçin öýüňden getirden pullaryň hasabynamy? Şu ýerde bir gybatkeşiň: “Türkmen-türk mekdepleri abraýlaryny puluň hasabyna gazanýar“ diýeni aňymda ýyldyrym çakan ýaly bolup gitdi. Şu ýerde-de men sizi Malaziýada okan ildeşimiz Merdan Ataýewiň ýatlamasyny üns berip okap çykmaga çagyrýaryn.
„Bir gezek mekdepde futbol oýnap ýörkäk süsüşip atdanlykda burnum döwüldi. Sekiz günläp keselhanada ýatmaly boldum. Her gün „Merdan yzyňdan adam geldi“ diýenlerinde „Terbiýeçimdir“ diýip gapyň agzyna barýardym. Her gezegem öňümde terbiýeçim Mustafa Tahtakyran hojam dur. Tomsuň jokramasynda ol her gün günortan yzymdan nahar getirýärdi. Men: „Keselhanada-da naharlaýalar, kösenip ýörmäň“ diýsemem, „Işdäň alanyny iýersiň“ diýip, nahar getirmesini goýmaýardy. Sekiz günde her çagyrlamda terbýeçim gelendir diýip gapa barsam ýedisinde dogry bolup çykdy. Ýekeje gezek ýalňyşdym, onda-da yzymdan ejem gelen eken.
Soň keselhanadan çykdym. Terbiýeçimiň otagynda çaý içmäge oturdyk. Ol maňa gyzgyn çäýnegiň daşyndan iki eli bilen gysymlap çaý guýup berjek bolýar. Men: „Mustafa hojam, eliňizi ýakarsyňyz“ diýip, ony saklajak boldum. Ol maňa: „Sekiz günüň içinde elim öwrenşip gitdi“ diýip jogap berdi. Görüp otursam keselhanadakam maňa çaý içmäge tutawajy abat çäýnegi eltip, özi bolsa men çykýançam mydar etjek bolup, her çaý içende ellerini ýakyp çaý içipdir. Şonda ýüregim jigläp, bogazym dolup gitdi. Özüm üçin bir adam şeýle jebirlere dözüp ýörkä, oňa mynasyp ýaşamalydygym, okamalydygym hakynda pikir etdim. Özümi, okuwumy gowlamaga yhlas etdim. Mümkin Malaziýada okap bilmegime-de şol waka sebäp bolandyr…“
Biz gybatkeşiň diline, bahylyň, görübiň görübilmezek gözüne üns bermezlige çalyşýarys. Çünki olar üns bereniňe-de degmeýär. Belli rus ýazyjysy F.Dostoýewskiý: „Her öňüňden çykyp üýren güjüge daş atjak bolup güýmenseň, barjak ýeriňe ýetip bilersiň“ diýen manydaky sözlerini bilsegem, „It üýrer kerwen geçer“ etmäge çalyşsagam, gelip-gelip ýüzüňe gonýan siňek ýaly gybatlara ünsüň sowlup durýar. Belki durmuşda özüňe tankydy garaýyşyňy ýitirmezlik üçin bu-da gerekdir.
Ozal Bangladeşde mugallymçylyk edip, soň Türkmenistana gelen Engin Erkalkan bilen tankydy nazar hakynda, mugallymyň mekdepde „aýdym bolup ýaşamagyna“ päsgel berýän zatlar hakynda söhbet etdik.
„Dogrudanam, bizem adam. Her bir ynsana mahsus bolan gowy hem pes häsiýet bizde-de bardyr. Kimde pes häsiýet azyrakdyr, kimde-de ol köpüräkdir, bu başga mesele. Bu meselede, goý, her kim öz ynsabynyň, wyzdanynyň öňünde jogap bersin. Ýöne mekdeplerde, dogrusy, ýalňyşýan bolmagymam mümkin, diňe türkmen-türk mekdeplerinde däl, Türkmenistandaky ähli mekdeplerde „aýdymy“ bozýan esasy zat bar. Ol hem bu ýerdäki ýokary okuw jaýlaryna bilimi pes, zehinsiz okuwçam kakasynyňmy, daýysynyňmy, bilmedim, ýene biriniň haýyşy bilen okuwa girip bilýändigi. Bu belki türkmen halkynyň ýüz göregenliginden, bir-biregi ynjytmajak bolup, haýyşy-ýumuşy bitirmäge gaty göwünjeň ýapyşýanlygyndan gelip çykýandyr. Emma islendik ýumuş ýa-da haýyş ynsabyňa geňeşilip, kanuna gelýärmi, gelmeýärmi oýlanşylyp buýrulmalydyram, bitirilmelidirem. Ýogsa käbir okuwçylar „kakam meni ýokary okuw jaýyna özi salar“ diýip mekdepde gowy okamaýar. Tutuş klasa ters täsir edýär. Netijede tutuş mekdebi zäherleýär. Bu ýaramazlygyň öňüni almak bir adamdan çözülmeýär. Ol mümkinem däl. Onuň çözülmegi üçin her bir türkmenistanlyň şeýle hereketi bilen ýurduny örän uly zyýana goýýandygyna düşünmegi gerek. Jübüsi diplomly bolanda-da, zehinsiz adam bilimsizliginde galýar. Bilimsiz adamam kime, haýsy edara gerek? Meniň pikirimçe şeýle adamlar ýyl-ýyldan has hem gerekmejek adama öwrüler. Ata Watanymyzyň ugry şoňa barýar. Bu mesele gysga wagtda, öz-özünden çözülmeýär. Halkyň öz ýurdy hakynada edil öz öýüniň pikirini edişi ýaly pikir etmegi üçin ýurdunyň indi özüniňkidigine, Garaşsyzdygyna on iki süňňi bilen düşünmegi gerek“.
Garaşsyzlyk. Bu beýik sözüň aňyrsynda nähili manylar ýatyr, nähili umytlar ýatyr! Aň-düşünjäň päklenmegi, arassa ahlak, ynsap ölçegine görä hereket etmek ýaly düşünjeleriňem Garaşsyzlyk sözünde jemlenip biljek ekendigi hakynda ozal oýlanmandym. Bu söhbetdeşlikden soň men muny has ýiti duýdum.
WATAN SÖÝGÜSI WE ÝASAMALYK
Büzmeýin, häzirki Abadan şäherindäki türkmen-türk mekdebiň müdiri bolup işlän Mesut Lelik bilen gürrüňimiz esasan Watan hakynda boldy.
— Mesut beý, siz çagaň Watançylyk duýgusyny mekdebe gelen ilkinji gününden oýarmaga çalyşýarys diýýärsiňiz. Bu mukaddes duýga ýokary klas okuwçysynyň düşünmegi mümkin, olarda bu duýgy oýanýandyram. Emma 5-nji klasy gutaryp gelen çaga bu meselä düşünmek kyn düşenokmy? Biz muny olara düşündirjek bolup ýasamalygy oýaraýýana däldiris?
— Çagada ýasamalyk emele gelse, ol örän howply zat. Mysal üçin, ata-enesini ýasamalyk bilen söýen bolýan çaga mugallymyny sylarmy? Watansöýüjilikde ýasamalyk edýän adamda bolsa mukaddeslik duýgusy köki-damary bilen gurap biler. Şonuň üçin biz hiç bir zatda ýasamalyga ýol bermeýäris. Uly klas, kiçi klas, terbiýeçimi mugallym, müdirmi, ýa, aşpez mekdepde ýasamalyk etmeli däldir. Eger mugallym bolsaň, agşam ýaraman, ýa-da, başga bir sebäp bilen ertirki sapaga taýýarlyksyz gelen bolsaň, gowusy sapagyňa barma. Çagalaň boş bolmazlygy üçin bir alaç tapylar. Emma sen taýýarlyksyz sapak geçjek bolup ýasamalyga ýüz ursaň, okuwçam ertir sapagyna taýýarlanman ýasamalyk bilen senden oňat baha almaga dyrjaşar. Watansöýüjilik meselesinde-hä ýasamalyga asla ýol bermek bolmaz. Şonuň üçin biz çagalara öz derejelerine, ukyplaryna görä Watany göz öňüne getirmegi ündeýäris. Okuwçyň muny mugallymyna aýtmagy hökman däl. 9-njy klasyň okuwçysy bilen 6-njy klas okuwçysynyň Watan hakyndaky düşünjesinde tapawut bardyr. Ony deňlejek bolmak ýalňyş. Ýa-da 6-njy klas okuwçysynyň Watan duýgusyny kiçi görüp kemsitmegem bolmaz. Kiçi diýip çaga Watanyňy söýmegiň zerurlygyny düşündirmeseň ol muňa ulalandan soňam düşünmez. Düşünäýse-de geregiçe bolman biler. Biz çagalara edebi siz türkmensiňiz, türkmenistanlysyňyz, siz Watan perzendisiňiz, altyn neslisiňiz diýip başlaýarys.
— Bagyşlaň, siziň özüňiz Watanyňyzda däl-de, başga bir ýurtda, başga bir ýurduň çagalaryna edep bermäge yhlas edip, ýaşap ýörkäňiz, Watançylyk hakyndaky aýydýanlaryňyz çagalaryň maňzyna batýarmyka?
— Çaganyň arassa, entek doly bekemedik aňyna her hili sowal gelip biler. Şonuň üçinem biz bu meseläni düşündirmekden gaça durmaýarys. Gaýta, bu gürrüňleri özümiz gozgaýarys. Biziň Türkmenistana Ata Watan diýýändigimizi olar gaty gowy bilýäler. Ata Watanymyza bolan duýgularymyzam, söýgümizem biz olardan ýaşyrjak bolup durmaýarys. Biziň däp-dessurlarymyzam, edep-ekrama garaýyşlarymyzam, dinimizem deň gelýär. Türkmen içerisine goýýan hormatymyzy olar öz öýlerine myhmançylyga baramyzda görýäler. Çaga örän synçy bolýar. Mugallymynda ynsanperwerlik duýgusynyň nä derejede ösendigi onuň ýiti nazaryndan sypmaýar.
— Siziň Türkmenistanda ýaşap, işläp ýörmegiňiz ene-atalaryňyzy kyn ýagdaýa salýan dälmidir?
— Ýok. Olar üçin tapawudy ýok. Çünki Türkiýäniň döwlet işinde işleseň ýigrimi bäş ýyllap öz doglan welaýatyňdan daşynda işlemäge borçly edýän kanun bar. Mysal üçin, Türkiýäniň gündogarsynda doglup, günbatarsynda-da işläp ýörseň, ýyl içinde bir gezek rugsatda mahalyň ene-ataňy görýäň. Bizem şeýle. Toý ýa-da ýas diýen ýaly zerurlyk ýüze çyksa, bärden Türkiýä gitmekde-de, hiç bir kynçylyk çekemizok.
— Türkiýäniň tokaýly daglaryny, deňizlerini, Türkiýe howasyny küýsäp ýüregiňiz gysmaýarmy?
— Ýok. Gaýta tersine, tomusda bir aýlyk zähmet rugsadyna çykyp Türkiýä barýanam welin, aňry gitse on günden Aşgabady, çagalaryň gülküsinden başga galmagaly bolmadyk Büzmeýindäki mekdebimiziň asuda howlusyny, aýratynam türkmen çagalaryny göresim gelip ýüregim gysmaga başlaýar.
— Türkmen çagasynyň türk çagasyndan tapawudy barmy?
— Elbetde bar. Şäher bilen oba, hatda iki goňşy öýüň çagasynda-da tapawut bar. Türkmen çagalary ýuwaş, sylaşykly. Mekdepden daşarda tanamaýan çagalarymam synlap görýän. Olaryň köpüsi uly adamy görenlerinde hiç wagt salam bermegi unutmaýar. Munuň sebäbi ulularyň şeýle çagalary „agzy salamly“ diýip aýratyn gowy görýändigindenem bolup biler. Türkmen çagasy biraz tutuk bolaýar. Öz gaýgy aladasyny daşyna çykarman, özi çözmäge çalyşýar. Hatda begenen zatlarynam känbir daşyna çykarmaýalar. Onsaňam olaryň örän wepadar gözleri, seredişi bar. Olar maňa gowy görýänimden şeýle görünýän bolmagam mümkin. Emma käri çaga edep-terbiýe bermek bolan adam şulardan mährem, şulardan gulakasyjy çagalary başga ýerden tapmasa gerek…
Mesut beýiň bu pikirine gabat gelýän pikiri Baýramalydaky türkmen-türk mekdebiň mugallymy Ismail Arduç öz mysalynda gürrüň berdi.
„Meniň Türkmenistana gelenime eýýäm esli ýyl boldy. Bu ýere men şunça wagtlap işlärin öýdüp gelmändim. Ýurt görerin, täze adamlar bilen tanyşaryn, bir ýyl işläbem, işden çykar-da, gaýdaryn diýip gelipdim. Ýöne bir aý işläp-işlemänkäm o diýenimi etmejekdigime düşündim. Çünki men bärdäki adamlaryň mugallyma bolan ynamyna haýran galdym. Çagalarynyň elinden tutup getirýärler-de: „Oglumy adam ediň“ diýýärler. Bir tarapdan: „Adamyň özüniň adam bolmasy gerek. Ene-atasyndan terbiýe görmegi gerek. Biz oňa diňe daşyndan kömek edip bileris“ diýesiň gelýär. Beýle diýseňem jogapkärçilikden gaçýan ýaly görünjek. Dogrusy, hernäçe kärimize ussat bolamyzda-da, biz Hudaý däl ahyryn. Onsaňam aň-düşünjesi päkize, zehinlije çagaň adam bolup ýetişmesini gaýgy edip daşary ýurtdan gelen biriniň ýanynda „Oglumy adam et“ diýip durmak dürsmi beri? Emma ene-ata onuň dürsdügi ýa-da däldigi hakynda pikirem etjek bolmaýar. Olar bize şeýle ýürekden ynanýarlar. Ol ynam çagasynyň garamatyny başga biriniň üstüne atjak bolmak däl. Olar mekdep bilen örän ýakyn gatnaşyk saklaýarlar. Çagalaram ene-atalaryndan beter mugallym näme diýse, şony berjaý etmäge ähli yhlaslaryny goýýarlar. Bu yhalasa yhlas bilen jogap bermezlik mümkin däl. Daýhanam tohumy hasylly topraga ekip bilse umytly, begenip ýaşaýar. Menem bu ýerde hasylly topraga duşan daýhan ýaly begenip gezýän. Mysal üçin, men Amerikada bolsamam şunuň ýaly wagtyhoş bolmasam gerek. Mugallym üçin şäherdäki jaýlar näçe gat bolanda näme? Ýa-da ol şäherde näçe meşhur adam ýaşap, näçe baýlyklar bolanda näme? Mugallymy ilkinji nobatda işe baran ýeriniň çagasy, ene-ata gyzyklandyrýar. Oňa bu ikisi has zerur. Başga ýerde futboluň ýa-da şoňa meňzeş zadyň gürrüňi kän edilýän bolsa Türkmenistanda märekäň üýşen ýerinde edep-terbiýäň, mekdebiň, mugallymyň, ýokary okuw mekdebiniň gürrüňi edilýär. Mugallym bolanym üçin bu maňa şeýle görünýändir diýibem pikir edýän. Olam bolup biler.
Bizde okuwçynyň öýlerine myhmançylyga baryp ene-atasy bilen tanyşlyk açmak däbi bar. Şeýle tanyşlykdan soň gatnaşyk iki tarapdanam ýygjam alnyp barylýar. Beýleki mugallymlary biljek däl welin, maňa-ha okuwçymyň ene-atasy bilen duşuşmak olaryň öňünde özümi synagdan geçirmek ýaly täsir edýär. Her myhmançylykdan soň işime has-da yhlasly ýapyşmaga çalyşýaryn. Işden ýadabersem ene-atalaryňka myhmançylyga gidýän, ýa mekdepde olar bilen çaý başynda söhbet edip oturýan. Şondan soň ganym täzelenen ýaly bolaýýan…
„ISGENDEREM ELLERINI AÇYP GIDIPDIR“
Türkmen-türk mekdepleriniň hemaýatçylaryndan biri Tuna Gökmenden hemaýatkärlik hakynda soramyzda ol bu hakda gürrüň bermekden birbada boýun gaçyrdy. Hem bize şeýle sowal bilen ýüzlendi:
— Siz meniň aýdýanlaryma ynanylar öýdýärmisiňiz? Türkiýeli bir iş adamsynyň Türkmenistanda çagalaryň bilimi üçin jübüsinden pul çykaryp berjegine ynanylarmy? „Türk adamsy puly gazanmagyň kyndygyny bizden gowy bilýär, girdeji görmejek ýerine bir köpügem harçlamaz“ diýseler näme jogap berersiňiz?
Men degişmä salyp oňa şeýle jogap berdim:
— Biz olara „Şeýle adamlar bar“ diýeris soňam sizi mysal getireris.
— Size ýylgyryp bakaga-da „Bolup biler“ diýip köp manyly jogap berseler gaharyňyz gelmezmi? Şonuň üçin gowusy bu barada gürrüň etmäliň. Ynanylmajak gürrüňi etmek nämä gerek? Ýogsa biz ynanmaz ýaly iş edemizok. Ynsanyň gazanan puluny haýyr işlere harçlamalydygyna hemmelerem düşünýär. Puluňy, hatda, haýyr işe harçlamaga dözmän saklaňda-da, öleňden soň ýanyň bilen äkidip bilmejekdigiňi, boş ellerini tabytdan salladan Isgenderiň mysalynda her kim bilýär. Emma şonda-da, öz duldegşir goňşyňa mätäç wagty özüňden bilip kömek edäýseň ony ynsanperwerlige ýorubermeýärler. Goňşyňdan başga bir hantama zadyň bardyr diýýärler. Menem türkmen-türk mekdeplerine ak ýürekden, hiç bir tamakinçiliksiz kömek edýän diýsem „Ýalan“ diýiljek ýaly bolup dur. Ýogsa mekdepden men nämä tamakin bolaýyň? Bu meniň haýyr-sahawadym, hüşür-zekadym, başymyň sadakasy diýsemem, „goý“ diýiläýjek ýaly. Bilýän, maňa dogry düşünjeklerem kändir. Men „Ýalan diýäýmesinler“ diýemde, ýer ýüzüniň orta adamsynyň düşünjesini göz öňünde tutup, tutuş adamzadyň mysalynda aýdýaryn. Ýer ýüzünde bolup geçýän pajygaly wakalar, gapma-garşy güýçler, goňşynyň goňşa bolan ynsanlyk hormatynam azaldyp barýan ýaly. Ýigriminji ýüzýyllygyň başlarynda adamzat köp ýurtlarda açlykdan, ýokanç keselleriň köplüginden, jahan uruşlarynyň tutaşyp durmagyndan ejir çekýärdi. Häzirki täze asyrymyzda bolsa adamzat garyn açlygyndan däl-de, ruhy açlykdan, ýokanç keselleriň köplüginden däl-de, onuň ahlaksyzlyk sebäpli ýüze çykyşyndan, uruşlaryň hem örän wagşy – terror diýlen bela öwrülmeginden has beter ejir çekýär. Bu elhençlikleriň köki bolsa dünýäde ynsanperwerligiň pese gaçmagynda bolsa gerek. Şeýle döwürde türkmen-türk mekdepleri ýaly mekdepleriň Taýlanddan Orsýede çenli ýaýrandygy ruhuňy galkyndyrýar. Şu mekdeplerde ýetişen çagalara terbiýe, onda-da ahlak terbiýesi bilimdenem berk berilýär. Meniň gözüme bu mekdepler ahlakly adam ýetişdirýän zawod ýaly. Menem maýamy şeýle zawodyň işlemegi üçin harçlaýandygyma begenýän. Meniň ýene-de bir esasy begenýän zadym ol hem Ata Watanymyň Bitaraplygy. Bitaraplyk ruhy uçarlaryň uçuş meýdançasydyr. Ata Watanymyzda ruhy ösüşe şeýle uly sarpa goýuýandygy diňe bir türkmen il-halky üçin däl, Merkezi Aziýada bütin dünýäniň asudalygy üçin, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Asuda ýurtda, çagalaryň bilim-terbiýesi diýip, ruhy ösüşde… halal hem haýyr işleriň aladasynda ýaşamak bu uly bir bagt. Onsaň bu bagty duýmazdan „Ýalan“ diýýän, haýyr işleriň ugrunda ýaşamagy bolup bilmejek zat hökmünde göz öňüne getirýän goý özünden görsün. Allah Tagaladan bir dilegim, olam bizi päk niýete ýalan diýýänlerden etmesin hem ömrümiz ötünçä haýyr işlere hemaýatçy bolmaga medet bersin!
Tuna Gökmeniň dilegine goşulyp biz gürrüňimizi türkmen-türk mekdepleriniň ýene-de bir hemaýatçysy Emin Şener bilen dowam etdirdik. Söwda işleri bilen meşgullanýan adam bolansoň men ondan:
— Söwda bilen meşgullanyp adyňyza mynasyp emin bolmak başardýarmy? — diýip soradym.
— Eşidişime görä Türkmenistan Garaşsyzlygyny almanka, bu ýerde söwdany dogry ýöretmek mümkin bolmandyr…
Gürrüňdeşimiň aýdanlaryny tassyklap başymy atyp oturşyma magazinine del harydy getiren magazin müdirleriniň harydy öz bahasyndan gymmat satanda „Bizem bazadan üste berip almaly bolýas“ diýişleri ýadyma düşdi. Emin beý bu ýagdaýlary eşiden bolmaga çemeli.
— …Häzir dükan eýesi harydy özi getirýärem, eden çykdajylaryna görä-de özi bahalap satýar. Ynsapdan çykylman goýulýan bahalarda haramlyk ýok. Bu-da Garaşsyzlygyň miwesi. Menem aslym söwdagär bolansoň, kiçiligimden söwdaň içinde. Özüm bilip haram gazanç eden ýerim ýok. Bilmezlikden kişiň hakyny iýen bolsam oňa etjek alajym ýok. Allahym günämizi geçirsin-dä.
— Türkiýeden haçan Türkmenistana geldiňiz? Söwdany haýsy ugurdan edýärsiňiz?
— Türkmenistana 1994-nji ýylyň ahyrlarynda geldim. 1995-nji ýylda maşgalamam getirip bärde ymykly ýaşamaga başladyk. Gurluşyk materiallarynyň söwdasyny edýäris. Kiçiräk gurluşyk işlerini edýän ýerlerimizem bar.
— Türkiýede-de şu işlere meşgulmydyňyz?
— Ankarada kakam bilen birlikde gurluşyk işlerini edýärdim.
— Türkmenistana gelmegiňize näme sebäp boldy?
— 1994-nji ýylda türkmen-türk mekdepleriniň çakylygy bilen Türkmenistana gezmäge geldim. Bärde galmak niýetim ýokdy. Türkiýedekägem kakam bilen birlikde mekdeplere goldaw berip gelýärdik. Türkmenistanda türkmen-türk mekdeplerinde işleýän, gowy görüşýän dostum Türkiýä gelende maňa: „Emin dost, men seni düýşümde gördüm. Ýorgudym dogry bolsa sizem Türkmenistana göçüp barýarsyňyz“ diýdi. Emma men şol wagtlar „düýşdür-dä“ diýip oňa kän bir ähmiýedem bermedim. Ine indi görüp otursam, çyn bolup çykdy. Ikinji gezek Türkmenistana gezmäge gelemde özümem içimden Ata Watanymda işläýin diýen karara geldim. Bir ynsanyň gözüni baglap dünýäni aýlasaň, soňam ýene öz ýurduna getirip görmedik ýerinde bir daşyň üstünde oturdyp gözüni açsaň, ol şol daşy tanap: „Bu ýerler meniň öz ýurduma meňzeýär-le? Bu daş, bu toprak öz ýurdumyň topragy-daşy“ diýer. Menem edil şonuň ýaly boldum. Türkmenistana ilki gelemde onuň topragyny, daşyny görüp: „Allah-Allah, bu topraklar-daşlar edil öz ýurdumdaky ýaly-la“ diýdim. Ýüregim ýerinden gozganan ýaly boldy. Ýaşulylara baksam atama meňzäp durlar, enelere baksam öz enemiň mähriban ýüzüni gören ýaly boldum. Ýüregimizde bu ýerlere bolan küýseg bar bolmaga çemeli.
— Şeýle-de bolsa, öňüp-ösen ýeriňe taý geljek zat ýokdur. Käte işiň kynlaşan wagty: „Ýurdumdan çykyp gaýtmadyk bolsam bolmaýarmy?“ diýmediňizmi?
— Edil beýle diýmesemem, söwda işleriniň bir şowuna bolup, bir şowlaman durmasy bolýar. Şonuň ýaly wagtlarda darykýaň. Soň özüňi köşeşdirýäň. Emma şeýle wagtlarda Türkiýä dolanmak ýadyňa düşenok. Özüňe, işiňe has çynlakaý ýapyşýaň. Dogry, Türkiýede enem-atam bar, kyrk ýylyň dostlary, bile aglap, bile gülen deň-duşlarym bar. Türkiýede ýürek-bagrymyzyň bir bölegi galdy. Ine şu sebäpler bilen ýyldyzly gijeler, ýa-da dury gök Asmanyň bulutlaryna bakyp uludan dem alanyňy bilmän galýaň. Iş kyn bolanda däl-de, tersine gowy adamlara sataşyp dostlaşamda, mähir-muhabbete duşamda, edil adamyň gaty begenende gözüne ýaş aýlanyşy ýaly bolýar. Şeýle günler hiç hakydaňdan çykmaýar, kynçylykly günler bolsa ýuwaş-ýuwaş ýadyňdan çykyp gidýär.
— Bir mysal aýdaýsaňyz?
— Mysalmy?! Türkmenistana ilki gelen günlerimiziň birinde maşynly Häzirki Balkanabada – Nebitdaga gitdik. Häzirki Serdar şäherine – Gyzylarbada ýetemizde agşam namazynyň wagty geçip barýardy. Mesjidem o döwürde häzirki ýaly her obada ýokdy. Nätjegimizi bilmän durkak ýoldaşlaryma: “Bir gapyny kakalyň. Geçip barýan syýahatçydyrys, namaz okamaga ýer gözleýäs diýeliň. Namaz okara ýer görkezerler“ diýdim. Bir gapyny kakdyk. Bir ýaş ýigit gapyny açdy. Niýetimizi aýtdyk. Täret aljak, namaz okajak diýdik. Ol bizi içeri saldy. Derrew gelnine ýyly suw getirtdi. Özi täret suwumyzy akydyp berdi. Biz hernäçe diýsegem kündügi elinden düşürmedi. Täretimizi alyp, namazymyzy okadyk. Taňryýalkasyn aýdyp çykyp gidiberjek bolsak, saklady. Daşarda düşek ýazypdyr, saçak atypdyr. O döwür Türkmenistan galla garaşsyzlygyny gazanmandy. Çörek gytyrakdy. Saçaga seredeniňde öýde bar bolan çöregiň orta goýlanyny aňmak kyn däldi. Demli çaý bar, bir okarada-da gatyk bar. Öýde myhmanlaryň öňünde goýmaga başga taýýar zadyň ýokdugy, gerek bolsa naharam taýýarlatjakdygy ýaş öý eýesiniň ýüzünden görünip durdy. „Duz datman gitseňiz bolmaz diýip“ ol bizi saçagyň başynda oturtdy. Beýle myhmansöýerlige dünýäde gaty seýrek duş gelinýär. Bir rowaýatda aýdylyşy ýaly, bir manadyň müň manada deň gelýän pursady şol. Janly soýulyp, ýagly türkmen palawyna çagyrlan ýerimizem köp boldy. Emma şol gezekki myhmansöýerlik maňa olaryň hemmesinden gymmatly.
Şol döwürlerden ýene-de bir wakany ýatlasym gelýär. Olam ýolagçykak bolan waka. Ýene Balkan welaýatyna tarap öz maşynymyzda barýardyk. Ýanymda iki sany türk işdeş ýoldaşymam bardy. Biz uzak ýola çykamyzda ýol sadakasyny aýdýarys. Bäherdenden geçiberemizde melleginde işläp ýören bir adama gözüm düşdi. Ol wagt günortan wagtydy. Howa beýle yssy bolmasa-da, gyzgyny bildirýärdi. Ol adamyň arkasy öl-suw bolupdyr. Agyr bir zatlary süýräp ýeriň bajaklaryny owradyp ýörene meňzeýärdi. Deňinden biraz geçenem bolsak, men maşyny yzyna aýlap, şol adamyň golaýynda sakladym. Düşüp salamlaşdyk. Armasyny berdim. Ýolagçydygymyzy aýtdym. Ýol sadakasyny bermek däbimizi düşündirip, sadaka diýip orta goýanlarymyzy, jübümde-de ýene näme bar bolsa onam üstüne goýup uzatdym. Daýhan adam pullary almajak boldy. Men ýene-de düşündirdim, çagalaryňyz bardyr, gerek-ýaragyňa sowarsyň. Muny alyň-da töwir galdyryp, bize bir ýagşy dilegler ediň diýdim. Ahyry razy boldy. Ol elini ýüzüne sylyp doga-dileg etdi. Biz ýola düşdük. Ýanymdakylaryň biri Turgut Ozal mekdebiniň şol wagtky müdiri Mehmet Karataşdy. Ol sadakany pukara, daýhan adama berenimi göz öňünde tutup: “Durnany gözünden uraýjak bolýarmyň?” diýdi. Menem: „Beýle niýetimä ýokdy. Ol daýhanyň arkasynyň derine gözüm iläýdi“ diýdim. Gürrüň şu ýerde galdy. Başga gürrüňler, aladalar bilen uzak ýoly külterläp gidip otyrdyk. Barjak ýerimize 30-40 kilometr töweregi galypdy. Inişli-çykyşly, boş ýol. Gatyrak sürüp barşymyza ýoluň beýgelýän ýerine çykdyk. Ondanam aşak inmelidi. Görsem ýoluň bir ýakasyny ýeliň üýşüren çägesi tutupdyr. Garşymyzdan gelýän maşynam çäge depelerinden sowulyp biziň ýolumyz bilen göni üstümize gelýär. Maşyny maňlaýma-maňlaý urdurmaýyn diýip, Allahy çagyryp roly çäge depelerine tarap sowdum. Sagatda 150-160-dan barýan maşyn depä galdy-da uçup gitdi. Jalkyldabam dört aýagyna düşdü-de durberdi. Biri-birimize seredişdik, hiçimize bolan zat ýok. Düşüp maşyna seretdik, oňda-da bolan zat ýok. Men Mehmet müdire: „Durnaň gözi gör nirede eken“ diýdim.
Şular ýaly wakalar meni Ata Watana berk baglady. Bu ýurt ýönekeý daýhanlarynyň dilegleri kabul bolýan ýurt. Ýogsa şol daýhanyň näme doga okap, näme dileg edenine-de düşünmedim. Bu ýurt haýyr-sahawatyňam kabul bolýan ýurdy. Diňe päk niýet gerek.
— Siz haýyr sahawatyň kabul bolýan ýurdy diýip aýdaňyzda türkmen-türk mekdeplerine edýän hemaýatlaryňyzy göz öňünde tutýaňyzmy?
— Ýok diýsem elimizden gelenini berýänlerimiz ýele gidýär diýen ýaly boljak. Hawa diýsemem edenini diline çolaýan ýaly görünjek. Bularyň ikisem däl. Käbir ýerler bolýar, adamyň näçe niýeti düzüw bolsa, şonça-da göreni görgi bolýar. Näçe yhlas etse-de bolanok. Käýerde-de bir gudrat eliňden çekip, kömek edip duran ýaly bolýar. Allaha ýüzde-müň şükür, Türkmenistana gelip men gaty köp gowulyklar gördüm.
— Mekdeplere berýän hemaýatyňyz hakykatdanam ýerine düşýärmi, ýa-da, öz aýdyşyňyz ýaly, ýele gidýärmi, gözüňiz bilen gördüňizmi? Men bu ýerde türkme-türk mekdeplerine berilýän hemaýatlaryň ýerlikli ulanylşy barada däl-de, türkmen çagasynyň bilim-terbiýesi, edilýän yhlasa görä barmy, ýokmy şony soramakçy bolýaryn.
— <
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.