| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 10, 2012 | 0 teswir | 793 okalan


Bu gün fewral aýyndan on gün geçýär. Häzir gündeligi ýazmak kyn. Okamagam onçakly gyzykly däldir. Emma, üstünden 10 ýyl geçensoň olaryň gyzygy artar. Şonda „Wah, has jikme-jik, ol-a gün eken sagadynam sypdyrman ýazsam bolmaýarmy” diýerin. Köp tanyşlarym, ýakynlarym, bu günlerime dahylly adamlar olardan öz atlaryny gözlärler. Men hakda näme ýazdyka diýerler. Atlaryny tutanlarym begenerler (eger begener ýaly zat ýazan bolsam, gynandyrjy bir zady okasalaram has beter gynanarlar) gynanarlar, bilesigeljiliklerini kanagatlandyrarlar. Nähili geň! Megerem gybadyň ýigrenilýänem şondan bolsa gerek, ol ýyl geçdigiçe könelmän gaýta has jan agyrdyjy bolýar. Ýagşylykda ýatlanmagam onuň tersine, köne boldugyça süýjeýär. Şu wagt kakam maňa kiçijikkäm şeýdiýipdi diýip ýatlsam, waka görä ernim syrtarýar ýa-da ýüzümi sallap otyrýan. Emma şol wagtlar olarda beýle ähmiýet ýokdy. Kakam mydam ýanymy alyp oturjak, bolýanja otagy boşamajak ýalydy. Barlygyň barka gadyryny bilmek kämilligiň bir derejesi bolsa gerek. Dostumy barka öýkeletmesem, onuň bardygyny barka bilsem. Öýkeläp gidenden soň, hernäçe puşman etsemem, ony yzyna gaýtarjak bolsamam başartmaz. Diňe wagt däl, gaty köp zatlar yzyna akmaýar...

Gary yzyna ýagdyrmarsyň, eränsoň erär gider, hatda şemalam öser geçer. Ýöne, geçip gitmejek bolmak bize berlipdir. Geçirip gidirmezligem. Aýal adamlar, muňa erkeklerden çuň düşünýän ýaly... Şondandyr mümkin, olaryň aglamasy aňsat bolýar...

Bu gün arap dilinden okaýan bir talyp staž geçmäge işe geldi. Gurap, çaňap ýatan meýdanda bir gül gögeren ýaly. Ony meniň bilen işleşmeli etdiler. Begendim. Uzakly gün ökjäm ýere degmedi.

Garrygala gidesim gelýär. Ýeke özümiň ýaşan kümejigimi küýseýän...                   

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.