| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 11, 2012 | 0 teswir | 814 okalan

Bu gvn uzakly gün gar ýagdy. Ýagdy, ýaganjasam ere gaçyp gaçman eräp dur. Öýden çykman oturdym diýsemem bolýar. Gelen-gidenem bolmady diýsemem boljak. Gar ýagýar,ereýär. Göräýmäge netijesiz zat ýaly.Şonça ýol geçip ýere gaçýaň, gelşiňe-de ereýäň. Ýa olaryň ömri ýere gaçýançalarmyka? Ýerde ýataňda-da uzak ýatmak ýok. Haýran galýan. Asmandan gaçýan garlaryň hemmesi arassa. Biziň kirli howamy kirledäýmese, olarda kiriň ýokundysam ýok. Şeýle kän, hiç birem beýlekisine galtaşanok. Biri-beýleksine degäýse ýelmeşjek, agraljak, ulaljak. Şu günki ýagan garlar bir gezekde bir-birine ýelmeşip birden gaçaýsa, jaýlarymyzy gar basardy. Çagaň gürrüňi ýaly görünmegem mümkin, emma bu gudrat. 

Terjime işme meşgul boldum. Gidim, çykdym. Agtyjagymy oýnatdym. Günüm gar ýaly eräp gitdi. Hernä gar ýaly halal, bereketli bolsunda.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.