| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 11, 2012 | 4 teswir | 946 okalan


Agşam düýş görüpdirin. Özüm atyň üstünde, elimde gamçym bar. Atym gowy, gamçy nämä gerek diýýärmikäm diýýän. Ýanymdaky atly barýan biri (kimdigine üns bermändirin) "Gamçysyz bolmaz" diýýär. Gamçy ulanmagy öwredýär. Atymy gamçylap çapyp görýän, hakykatdanam bady gatalýar. Oýanypdyryn. Nämäň gamçysy? Bu meniň ömrümde ikinji gezek düýşümde at çapyp görüşim. Oýalygymda-da ýeke ýa iki gezek ata münendirin. Düýşümde at çapanym öňki gezek maňa düşümli bolupdy. Bu gezegem düýşümi gowulyga ýorup otyryn. Emma gamçy nämäň gamçysy? Ol gözümiň öňünden gidenok. Bu gezek men aty däl-de, gamçyny düýşümde gören ýaly duýguda. Ýa ol gamçy meniň özüme urmaly gamçymmyka? Hakykatdanam adam ömrüni ýeliň ugruna geçirrmejek bolsa gamçy gerek. Özüňe gamçy gerek. Içimden gamçysyz bolmazmyka diýýän. Gamçy bilen däl-de, höwes bilen edilen zatlar başga bolýar ahyryn. Käşkä höwesiň bar bolsa öňüňde at salyp barýan? Höwesimem gamçylap durmaly ýaşa ýetdim. Höwesimem gamçylap görjegim näme? Kime gerek? Gerekdir, belki...

Höwesimiň öňümde gezen günleri... Ýadyma düşýär Mämmet Seýt pahyr welaýat gazetinde edebiýat birleşmesini geçiripdi. Hydyr bilen bile gidipdik. Hydyr o wagtlar ýazuw-pozuw bilen däldi. Ol diňe meniň keýpime gidipdi. Birleşmä gelenler jaýa syganokdy. Maňa-da gezek geldi. Getirenje goşgularymy okap berdim. Mämmet aga "Ogul, okan goşglaryňy maňa goýup gidäý" diýdi. Beýle diýildigi goşgyň derde ýaraýar diýildigidi. Hydyram "Bu meniň jigimdä" diýip töweregindäkiler bilen gülüşýärdi. Ol menden beter begenýärdi. Haktkatdanam gazetiň edebiýat birleşmesi barada çykan sahypasynda meniňem goşgularymy çap etdiler. Ýöne Ö.Tejenowyň adyndan çap edipdirler. Goşgular meniňkidi diýip redaksiýa bardym. Ötünç soradylar. Indiki sanynda-da öz familiýamyň aşagynda täzeden çap etdiler.

Soň Gurbannazr neressäň Ýazyjylar soýuzynda geçiren seminary. Seminara men sonetler çemenimi beripdim. Gurbannazar olary gowy görüp Sowet edebiýady (häzirki Garagum) žurnalyna hödürläpdi. Şol gün meni yzyna düşürip Abdylla Myrat pahyryň ýanyna alyp bardy. Tanyşdyrdy. Sakawlabyrak geplänsoň kän bir zadam aýtmady. Çalarak öwdi. Abdylla Myrat pahyram hoş sözleri aýtdy. Şo taýdanam 1-nji parkdaky piwohana gitdik. Men nirä barýanymy bilemokdym. Gurbannazardan galman barýardym. Biz iki-çäkdik. Ol özüne piwo aldy. Men içemokdym. "Içmeginem" diýip tabşyrdy. Başga känbir gürrüňem etmedik. Men aşyk oglan ýaly ondan gözümi aýyramokdym. Her bir hereketi gözüme siňipdir. Elindäki bokalyny tutup oturşyna çenli gözümiň öňünde. Sonetler çemenim soň Sowet edebiýadynda çykypdy. 1-nji martda bennäň doglan güni. Ýogalmadyk bolanda ýetmiş iki ýaşamaly. Halypa şahyr bolardy. Belki menem goşgy ýazmagymy beýle seýrekletmezdim...   

Teswirler (4 sany)

Almaz:
23 Fewral, 2012

Yhlasly aga, duyshi ozuniz gorup, ozuniz yoraydynyzmy?

Almaz:
24 Fewral, 2012

Men totanden, endik boyunca, size Yhlasly aga diyip yuzlenipdirin, bu yerinin "ertirler" daldigini unudypdyryn. Dunyade totanlik yok diyyarler. Her totanliginem bir hikmeti bardyr. Goy, bu totanligem sizin duyshunizin yorgudy bolsun !

Dowlet:
24 Fewral, 2012

Edebiýatda "at" nebsi suratlandyrmak üçin ulanylýan eken. Size de edebi dil bilen nebsiňi gamçyla diýýän bolaýmasynlar? Degişýän Yhlasly aga. Ýöne, nebis alymlarda da, welilerde bolýan eken, nebsini ölýänçä gamçylamaly bolýa adam. Düýşleriň dilinde bolsa, "at" dileg bolýan eken. Ata münmek bolsa, ezizlik we uly mertebe, wezipelere ýetmek diýpdirler. Haýyrly bolsun.

kimdirbiri:
25 Fewral, 2012

Ýogalmadyk bolanda ýetmiş iki ýaşamaly. Halypa şahyr bolardy. Belki menem goşgy ýazmagymy beýle seýrekletmezdim...
Pahyr yogalmadyk bolsa, köp kişi goşgy yazmalam bolmazdy,belki sizem onun goşgylaryny okamak bilen çaklenerdiniz. Söz ussady barka, söz sözlema na hajat... Emma durmuş bize boşluklary doldurmak, ya-da doldurmaga çalyşmak pursaty beryar, biri gidyar biri gelyar, gelen gideni gözledyar...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.