| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 14, 2012 | 0 teswir | 803 okalan


Günler gaty çalt geçýär. Tanpynaryň edebiýat, terjime, gündogar we günbatar hakyndaky ýazgylaryny terjime edipdim. Onçakly şowly bolmady. Häzir üstünde işleýän. Teksti agyr. Kyrkynjy ýyllaryň teksti. Garaýyşlary bize ýat. Ýöne gowy makalalar. Iliniň-ýurdunyň aladasyny ýürekden eden adam. Redaksiýa bilen barha öwrenişýän. Esasy işlerim kän gowy ýöränok. Özüme buýrmak kyn düşýär. Ýa işden ýadaw gelýän şondan bolmagam ahmal. Ýöne ýene 3-4 günden žurnalyň işi gowy ýeňlär,

Adama diliň ýara salýandygy hakynda pikir etdim. Onuň gynyndan çykmasam aňsat, ýara salmasam. Az geplemek mesele-de däl, ýöne ýalňyşman geplemekde iş bar. Bu gürrüň şeýle bir lenç edilen, ýene öz üstüňden geçende pikirini etmän saklanyp bolanok. Gybat meselesinde özüme buýruşym gowlanýar. Diňe gamçy ulanmagy henizem doly başaramok. Ine häzirem, gamçy iýmejek bolup her bahanalar gözläp otyryn. Eh, bu günlerem deňimden geçer. Wah şonda şeýle etsem bolmaýarmy diýerin. Emma, häzir welin etmeli şol işden - özüňden talap etmekden gaçyp otyryn. Bu nähili beýle bolýar?

  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.