| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 18, 2012 | 0 teswir | 806 okalan

Häzir özi hakynda ýazyp oturanyndan habarsyz bir ýazyjy ýaly gündeligimi dowam edeýin.

Ýazyjy hakykatdanam özi hakynda köp syrlary ýazýar. Muny onuň özi bilýän däldir diýseň ýalňyş bolar, bilmesine bilýär, ýöne ýazyjylyk, ýazyp oturan zady başbermezek at ýaly ony alyp gaçýar. Şonda ussatlar ýazýan zatlarynyň hakykylygynyň arkasyna bukulýarlar. Eserdäki waka şeýle bir hakykata ýakyn, ony eseriň gahrymanlary hakykatdan başdan geçirip duran ýaly. Emma, ýazyjy welin, ol wakany birnäçe ýyl mundan öň başyndan geçiripdi, ýa-da onuň şaýady bolupdy. Döredijilikde ýalan baram bolsa ol ýalan şundan aňry geçmeli däl bolsa gerek. Wakalary oýlap tapyp bilersiň, emma olar seniň beýan etmekçi bolýan hakykatyňa hyzmat etmelidir.

Düýn işde edebiýatday ýalany hakynda gürrüň etdik. Edebiýatdaky ýalan edebi tankydyň ýok ýerinde edil garşysyna göreşilmeýän wiruslar ýaly köpelýär. Soňa-baka ol töweregi şeýle bir gurşap alýar, hakyky eserler toslama ýaly görünip ugraýar. Edebiýatda gowy ýazyjylar çykmany bilen ösüş togtamaýar. Sebäbi okyjylar üýtgeýär. Mysal üçin Gurbannazardan bäri gowy şahyr çykmady diýsek, biziň poeziýamyzyň derejesiniň Gurbanazardan soň hiç bir ösüşi geçirmeýär diýildigi bolmaz. Häzirki günüň Gurbannazary geçen Gurbannazardan bir basgançak ýokarda bolup bilmese ony öňki Gurbannazardan pes görerler. Sebäbi halk duran ýerinde duranok. Halk edebiýatdan has güýçli söze garaşýar. Has çynyňy aýtmak gerek. Özem gaty täsin şekilde aýtmaly. Türk edebiýatynda şeýle ösüş başdan geçip gidip otyr. Olarda halkyň, edebiýatçylaryň sanynyň biziň okyjylarymyzyň sanyndanam kändigi her ýerden-her ýerden uly şahyrlaryň çykyp durmagyna mümkinçilik berýär. Üstesine-de olar ösüşiň nämedigini bilýärler. "Sen edebiýat diýilýän zada gara çynyň bilen garaýaň. Ýa-ak senem, bu zatlaryň bary oýun ahryn" diýýänler biziň uly ýazyjylarymyz diýip atlandyrýanlarymyzyň arasynda-da bar. Olar diňe özlerini aldamaýarlar, töweregem ýalana büreýärler. Şeýde-şeýde dogryňy aýtsaň urýarlar diýen atmosfera emele gelýär. Mysal üçin, Mätäji ýalan sözläp bilmez. Kätibi ýalan ýazmaz. Magtymguly-ha ýalana asla ýanaşmazam. Olar şeýdibem üýtgeşik türkmen poeziýasyny emele getiripdirler.

Arseniý Tarkowskiň goşgular ýygyndysyny elime aldym. Onda ýer düzläp ýören traktorlar suratlandyrylýar. Buldozer ýeriň etini syryp süňküne ýetdi diýýär. Göräýmäge ýeriň etem ýok, süňkem. Emma ýer bilen iş salyşýanlar etli - hasylly topragy bilýändirler. Onuň aşagynda süňk ýaly gaty ýeriň bardygynam bilýändirler. Şahyr ony şeýle ýürekden beýan edýär, buldozerler ýeriň däl, okap oturanyň etini goparyp süňküne ýeten ýaly bolup gidýär. Ýa agaçlar hakynda aýdanda "Şahalary gögi sermeýär / Kör dogulan agaçlaryň" diýýär. Bu şahyrlar gaty çynlary bilen dünýä seredýärler, çynlary bilenem ony beýan edýärler. Biz hakykaty ýazmak diýlende kimiňdir kemçiligini ýüzüne basmakdyr öýdýäris. Ýok, beýle däl. Gurbannazar Güýzi ýazyp beýik şahyr boldumy menem güýzi edil şonuň edişi, şonuň detallaryny, ruhuny gaýtalap ýazaýyn, meniňem ýazanlarym bolmanda çap ederlik bolar diýýäris. Özümiziň duýmaýan, bilmeýän güýzümizi Gurbannazara görä  göz öňüne getirýärs-de, ýalan sözlemäge başlaýarys. Okyjy muny derrew bilýär. Goşgyny ahyryna çenli okaman yzyna zyňýar. Bilbil hakynda köp okansyňyz. Emma Mehmet Akif bilbili goşgusynda şeýle ulanýar. Bilbile ýüzlenip sen nämä aglaýaň, aglamak meniň hakym diýýär. Başga bir türk şahyry ýeke setirlik "Gögerçinler" diýen goşgusynda "Gögerçinler penjirämden çapak çarpyp uçdular" diýip ýazýar. Näme üçin olar şeýle setirleri döredip bilýärler çünki gözleri hakykata açyk. Ýasama pikirlenmeýärler, ýasama görmeýärler, ýasama beýan etmeýärler...        
Bularyň hemmesini men özüm hakynda ýazdym.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.