| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 19, 2012 | 0 teswir | 1455 okalan

Bu gün baýdak baýramy. Baýdagymyza bagyşlap täze goşgy ýazdym. Çap etdirmek üçin däl, baýdagymyza bolan garaýşymy ýazyp galdyrmak üçin. Soň wagty geler belki çapam ediler. Emma esasy zat halkyň düşünjesi. Baýdak pygamberimizde-de bolupdyr. Yslamyň baýdagy. Ýer ýüzünde baýdaksyz ýurt ýok. Emma, düşünjesinde baýdagy bolmadyk ýurtlar kändir. Bu şol ýurtlaryň esasy betbagtçylygy. Men ogrulyk etsem, ýurdumdan ogrulyk edýän, haramçylyk etsem, öz ýurdumy biabraý edýän, harsydünýälik etsem, ýurdumy satyp bilerin, ylymda-bilimde yza galsam milletimi, baýdagymy masgara edýän, ýurdumy çökerýän diýen düşünje bolmasa ýurdy gowlamak üçin edilen ähli işler jaýyň daşyny bezäp, içini ýaşar ýaly etmezlik ýaly bir zat bolar.  Goşgyny gündeligime goýýan.

 

Baýdak,

Berdaşly agaçda baldak,

Enäň gujagynda balasy bal dek,

Balaň gujagynda ýaşylja baýdak.

 

Ol

Ilimiň ýüzi,

Beren sözi,

Naharymyň duzy,

Ruhumyň ýazy,

Her kimiň özi.

 

Ol

Jaýymda sütün.

Öňüňe tutun,

Ýalňyşsaň ilki

Sen ondan utan,

Dilin uzatmasyn her ýeten.

 

Ol

Çöregimiň uny,

Gözümiň nury,

Asmanymyň Güni,

Metjidiň diňi,

Iliň-günüň dilegi.

 

Ol baýdak!

Berdaşly agaçda baldak,

Enäň gujagynda balasy bal dek,

Balaň gujagynda ýaşylja baýdak.

 

 

  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.