| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 20, 2012 | 3 teswir | 823 okalan

Bu gün kakamyň ruhuna aýat okadyk. Kakamy öňem bir ýatlamda öňümden çykaýjak ýaly bolar durardy diýipdim. Umuman adama özi kaka bolandan soň kakasyz, ejesiz  dünýä inmegemem gowy gürünýän pursatlary bolar eken. Şeýtan seniň men-menligiňi ýokary göterýär, hatda seni kakaňdanam ýokardamykam diýdirýär. Meniň kakam obaň ýaşulysy bolup dünýeden öten adam. Kakaň öýünde-de san ýaly gezip ýören birisi bolaýsa dagy... Estagfyrullah!

Men welin mydamam kakamyň adyny buýsanç bilen tutup gezdim, häzirem şeýle. Hawa men Amangeldi agaň ogly. Diňe bir buýsanjam däl, özümi bu ada mynasyp gezmeli diýen düşünjäm bardy. Ýalňyşan günlerimem şu sebäpden ýalňyşdym. Elimden bir iş gelenem bolsa, ýüregimde şu duýgyň bardygy üçin gelendir. Alla Tagala bizi kakalarmyzyň üsti bilen ýaradandygy nähili beýik gudrat! Entek Alla akyl ýetirerden çagakak, kakamyzdy ýapyşalgamyz. Bizi musulman edip ýaradan Alla, emma musulmançylyk ýoluna salan kakamyz. Kakam maňa bir gezek "Oglum, seň kakaňam bolaýsa iliň kakasy ýalydyr. Alla tanapymdan çekip edenim ugruna boldy. Meniň başga bitiren işim ýok diýdi. Meniň endamym dyglap gitdi. Hernäçe özüme basalyk etsemem kakamy ähli kakalardan ýokary görýärdim. Bu gün welin onuň özi menem hemmeler ýalydyryn diýdi. Ýok, kakam hemmeler ýaly däldi. Ol iline-gününe gerek zady bilýärdi, ilem ony bilýärdi. Ertir il üçin ilden öňürti ondan soraljakdy. Olam jogap berip biler ýaly ýagdaýda bolup bilipdi. Adamyň adamdan göwni galyp biler. Hatda ogulyň kakadan, kakaňam oguldan göwni galyp biler. Emma, muňa aldanmaly däldiris. Eger maňa arak içmäni, çilim çekmäni öwreden kakam bolan bolsa, şonda-da "Kaka jan, sen gynanma, men aragam, çilimem taşladym" diýerdim. Bir oglanyň namaz okamasyna kakasy garşy gidýärmiş. Emma, ursa-sögse-de ogly namazyny okamasyny dowam edip ýör. Gaýta, men okamagymy goýaýsam, kakam hijem namaz okamaz. Men okap ýörsem olam bir gün okar belki diýýär. Alla bizi kaka-ogul edip berk zynjyra baglapdyr. Bir alymlaryň geçiren synagynda kletkasy suwdan dolup gark bolup barýan maýmyn çagasyny aýagynyň aşagyna taşlap, azajygam bolsa, suwdan kellesini çykarmaga çalyşýarmyş. Emma adam oglunyň, ynsanyň özi gak bolup barýan bolsa, çagasyny elinde göterip suwdan ýokarda saklamaga çalyşjakdygyna ynanýaryn. Neneň onsaň kakany söýmejek! Biz hernäçe ýürekden söýsegem kakamyzy elimize alyp galdyryp suwdan halas etjek bolarmykak? Biz kyrk ýaşymyzda bolsak, kakamyzam 80 ýaşynda bolsa muny ederis. Ýöne biz 8 ýaşymyzda bolsak, kakamyzam 40 ýaşynda bolsa, edip bilmeris. Çünki bu mümkinem däl. Bar düşen kyn günlerinde kakalaryny günäkärleýänlere-de duş gelipdim. Men oňa senem kaka bolarsyň, ogluňam edil seniň bolşuň ýaly kakasyny günäkärläp otursa nädersiň diýdim. Günäkär bolsam çapaýsyn diýdi. Kakaňam häzir gelip şu sözleriňi saňa aýtsa çaparmyň diýdim. Ol sesini çykarmady. Şeýtan mundan aňryk geçip bilmedi.

Kaka jan, jenneti bol, Alla saňa jenneti nesip eýlesin. Birden şo taýda ogluňa duşup bilmeseň, günämi geç, kaka. Ýöne men seniň bilen jennetde bolmak üçin elimden gelenini ederin. Galany Allaň rahmetine bagly.        

Teswirler (3 sany)

kab:
21 Fewral, 2012

Ämin! Inşallah!


Kaka bolmagam kynlaşýarmy, nämemi, ýa özümizem kaka bolanymyzdanmy?! Ähtimal, şeýledir... Kaka bolmak hiç haçanam aňsat bolan däldir.

nur:
21 Fewral, 2012

Amin... yatan yeri yagty bolsun, dunyeden otenine nace yyl boldy, entegem Atamyzyn abrayy bilen yasap, yorus... Caga wagtymyz cala bir yalnyslyk etsek, gulagymyzdan calaja cekip, sen Amangeldin agtygy beytmeli dal diylip ulaldyk. Indi ozumiz oz gulagymyzy cekyas, yalnyslyk etsek, Allaha sukur onun yaly sahsyyetin agtygy bolanyma...
Amangeldi agan goyup giden hazynasy, ABRAYY...

kab:
21 Fewral, 2012

Ämin! Inşallah!


Kaka bolmagam kynlaşýarmy, nämemi, ýa özümizem kaka bolanymyzdanmy?! Ähtimal, şeýledir... Kaka bolmak hiç haçanam aňsat bolan däldir.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.