| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 22, 2012 | 1 teswir | 884 okalan

Düýn gündeligi ýazmaga oturdymam-da, birden ýazasym gelmedi. Okyjysyz ýazyjy ýok diýilýänini başymdan geçirdim. Her gün 4-5 adam gündelikleri okaýar, sahypa girýär bolany. Dogry, şol 4-5 adam belki maňa has ýakyn okyjylardyr. Şolaryň biri üçinem men ýazaýmaly. Ýene-de şeýtan böwrüme dürtüp goýmady. Ertirçileri saýdyma çagyrdym. Hemmesinden Alla razy bolsun, göwnümi ýykmadylar, saýda girdiler, gutladylar, göwnümi göterdiler. Şolaryň hatlaryna jogap ýazyp wagtymyň nädip geçeninem bilmän galypdyryn. Ýogsa, gaty gowy gün boldy, Hudaýa şükür.

Sungat Gurbangeldi Türkiýeden Aşgabada göçüp gelipdir. Bu gün redaksiýada duşuşdyk. Eger bize işe gelse gaty uly kömek bolardy. Entek belli karara gelmändir. Özüne bähbidi has köp işiň aladasyny etmegi has dogrusy. Bize daşyndanam kömek edip biler. Düýn Ertirçilerden biri ulumsylygyň gürrüňini gozgapdyr. Men jogap bermedim. Jogap berjek bolmagam eýýäm ulumsylykdan nyşan ýaly boldy. Köplenç hakyky ulumsy adamlar "men ulumsy däldirin" diýip dawa salyp başlaýarlar. Men bolsa utanjymdan ýere giräýjek boldum. Näme üçin bize şuny aýdýarlar bilmedim. Ýa bize agyrly bolýanyny bilip edýärler? Dogrusy, biz özümiz  şäherde okan, obamyzyň oglanlarynam tanamyýarys diýen ýaly. Oba oglanlarynyň arasynda tapawutlanýan bolmagymyzam ahmal. Mekdebe gitmänkäk, okap, aýdym aýdyp, şol döwrüň festwallarynda çykyş ederdik. Soň men goşgy ýazan boldum, Hydyr hekaýa. Hydyr at çapardy, dutar çalan bolýas. Kakamyz abraýly adam. Bularyň hemmesi goşulyp bize ulumsylyk getiräýdimikä? Iň ýigrenýän häsiýedim. Allam, men-menligi bir bize ýokuşdyrmawersin. Ýokuşanam bolsa, özüň ondan bizi halas edeweri. Garaz, şol ulumsylyk elime kakdy durdy. Häzirem gündelik ýazan bolup...

Ýok, dowam etdirip biljek däl...

Ýöne Dostoýewskiň bir gowy sözi bardy: Her öňüňden çykan güjüge daş oklajak bolsaň barjak ýeriňe ýetip bilmersiň.

Bu sözde-de ulumsylyk bar.  Ýene bir rowaýat. Şemsiddin Töwrizi obaň içinde selkilläp ýören bir it bieln dar ýerde gabatlaşýar. Töwrizi ite  ýol berýär-de, soň özi geçýär. Ony görenler: Näme gorkduňmy? Bir daş oklap kowup geçiberseň bolmaýamydy? - diýipdirler. Töwrizi: - Ýok, Alla Tagalaň meni adam edip ýaradanyna şükür edip ite ýol berdim. Alla islese menem şular ýaly it edibem ýaradyp bilerdi - diýipdir. Men özümdäki ulumsylygy Allanyň it edip ýaratmanyna şükür etmekden aňry geçirmezlige çalyşýaryn. Diňe ýekeje erbet häsiýedim bar, halamadyk adamymy halamaýan. Ýogsa, olam adam. Bu kemçiligimem ýeňmäge çalyşýan. Allahym, pesligim sebäpli, jennediňe salarlyk görmeseň daşynda gapysyny ýassanyp ýatmaga rugsat et. Sen Adylsyň Allahym.             

Teswirler (1 sany)

Nazar:
26 Fewral, 2012

Ulumsylyk barada köp pikirlenipdim öň. Gelen netijäm şu. Ulumsy bolmajak bolmagyň özi hem ulumsylyk ýaly bir zat ekeni. Iň gowusy şol barada pikir etmän işläp gezibermekdir. Onsoň o zatlary wagt görkezermikä diýýän. Şeýle seretsek menä saýtda ulumsylyk görmedim. Kim nireden çykardy beýle pikiri düşünmedim. Hemme zat gül ýaly.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.