| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 24, 2012 | 1 teswir | 833 okalan


Düýnki gündeligi şu gün ýazýan. Düýn saýta girýän "Döwlet" düýşüm hakynda gowy pikirler aýdypdyr. Dogrusy, näme diýjegimi bilmedim. Nesiňi gamçylamak meselesi oýlandyrdy. Mende nebis ýokdur diýip biljek däl. Gara nebsimiň bardygyny bilýärin. Limonlarymyň köpräk hasyl bererini isleýän. Ýazan zadyma, çykan kitabyma gonoraryň köpräk bolaryny isleýän. Aýlygymyň gowurak bolmagynam isleýän. Käbirleriň menden iki esse kän aýlyk alýanyny eşidem-de dogrudana ol meniň ikim ýalymyka, ýa-da men onuň ýarsy ýalymykam diýippikir edýän. Garaz gamçylara nebsim bar. At wezipe diýlipdir. Wezipäni welin, halamok.Ony näme üçin halamaýanymy giňişleýin düşündireýin. Men az salymlyk aýlowa direktor boldum. Elimden gelenini edip işledim. Görenime kömek etjekboldum. Şol wagt aýlawa täze traktor berdiler. Menem ony öňki traktorça berdim. Traktorçy hiç bir zat hantama bolman özüne täzeje traktoryň berlenini geň görüpdir. Ol şol traktor bilen jgyllyga (öňki jygyllyk) gelen maşynlar çäge-de batsa, şolary çykaryp bäş manat gazanýan eken. Elbetde, işiň daşyndan. Menem çagasyny hor etmesin, bärde-de işi bökdemesin, haýdabersin diýdim. Ol muňa-da begenipdir. Emma men oňa arkaýyn haýdaber diýip özüne aýtmandym. Biri ony ýamanlap gelen-de şoňa diipdim. Şonda-da birinden eşidendir-dä. Garaz işledim soňam aýryldym. Işden gidenimden soň esli wagt geçipdi. Eýýäm başga ýerde işläp ýördüm. Täze işimdn gelýärdim welin, öýümiň öňünde Türkmen atlarynyň ministriniň orunbasary bilen bir işgäriniň maňa garaşyp duranlaryny gördüm. Şol wagtlaram aýlaw düýpli derňelip ýör diýip eşidipdim. Üstümden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Bir ýalňyşlyk goýberäýdimmikäm, bir zatlar tapyp geldilermikä diýip alada galdym. Geldim. Salamlaşdyk. Seredip otursam, at çapyşygynyň programmasyny çykarmaga kömek etmegimi soramaga gelipdirler. Işlerine kömek etdim hem, içimden Hudaýa şükür diýdim. Barlagyň netijesi bilen menden soňky direktor bolanyň üstünden iş gozgapdyrlar. Ýogsa onuň direktorlyk edeni meňkidenem az döwürdi. Wezipeli adamlaryň  uly aladasy gul hakyny iýmezlik. Bu gaty kyn. Döwletden iýmekdenem aýylganç. Garaz, haramyň nämedigine düşünen aňsat-aňsat wezipäni söýmezmikä diýýän. Ýogsa, başarnygymyň köp wezipelilerçe bardygynam bilýän. Belki-de wezipeli bolmagy, o ýerlere haramlaryň aralaşandan nämede bolsa halallaryň barmalydygyna-da düşünýän. Emma, Alladan dilegim, indi maňa wezpeli bolmagy nesip etdirmesin.

Geçe günüň gündeligini goýamda, gündeliklerimiň işi görüldi. 10 günüň ýazgysy ýitdi. Hatda gündelige başlan günlerimiň ýazgylary ýitipdir. Özüm bilmän pozanam bolsam bilemok. Ýöne esasy zat beýleki ýazgylarym abat galsyn. Düýnki güni işde, terjimeler bilen gyzygyp geçirdim.      

Teswirler (1 sany)

kimdirbiri:
25 Fewral, 2012

"Wezipeli adamlaryň uly aladasy gul hakyny iýmezlik. Bu gaty kyn. Döwletden iýmekdenem aýylganç."
Aslynda döwletden iymek gul hakyny iymekden hem ayylganç, sebabi döwletde pensionerlerin, yetimlerin, mayyplaryn, dullaryn, entek dogmadyk babeklerin... haky bar. Döwleti çürkemegin bir giden naçary çürkemekdigine bir düşünsedik...
Şu yerde kimdirbir dana atanyn wezipa bellenen ogluna nesihaty yadyma düşdi: "Oglum, aç bolsan birinin elinden cöregini alyp iy, yone hergiz il-ulusyn malyna el degriji bolmagyn! Elinden çöregini alanyn bilen razylaşyp bilersin, yöne il-ulusyn ahlisi bilen razylaşmak fiziki taydan mümkin dal."
Döwletin traktoryndan peydalanyp öyune çörek daşanlar we dine munun bilen çaklenmeyanler pikirlensin...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.