| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 27, 2012 | 0 teswir | 848 okalan


Gündelik ýazmadyk günüňi ýaşamadyk ýaly duýýarsyň. Emma, üstünden bir hepde geçäýse, tersine görünmegem ahmal. Degişýän. Sen gündeligiňi ýaz, ýa ýazma günler geçip dur. Öýkeli, galmmaglly, ökünçli, armanly, kä pursatlary gülkä dolup, göwnüň açylyp... geçip dur. Bu günler işiň terjimelerine keýpim düşdi. Edebiýat meni doly öz tarapyna geçirip barýar. Ýene-de aýlawda işlän döwürlerim ýadyma düşdi. Şol wagtlaram şeýledi. Gözüme aýlawyň işinden, aladasyndan başga zat görnenokdy. Toýa baraýyn, ýasa baraýyn çaltyrak turup aýlawa gitmäge howlugardym. Işe ir gidip giç gelýänime başgalar gynanardylar men welin begenerdim. Işde özümi şeýle rahat, suwa gaçan balyk ýaly duýardym. Soň aýlawdan çykanymdan soňam bu duýgy menden esli wagt aýrylmady. Geçensoň welin geçdi gitdi. Aýlawa indi ýöne çapyşyk görmäge-de, barasym gelenok. Aýlawda bile işleşenlerimi görsemem ýene şol köne duýgularyň oýanaryndan çekinýän. Häzirem žurnalyň işi şol derejä tarap barýar. Bu gowumy, gowulygamy - onam bilemok. Näme üçin bu duýgular mende aýlawdakam hem häzir döreýärkä? Şol iki aralykda-da boş gezmedim. Ýadyma düşýär daňdan namazyma turamda kompýuterimi açyp, soň täret almaga giderdim. Çaýymy içip otyrkamam terjime edýän zadymyň pikirindedim. Birdenem... bu duýgy ýitdi. Ynha indem ýene gaýdyp geldi. Ýa bu, adamyň belli ýyllarda ganynyň çalşyşy ýaly, ruhunda bolup geçýän üýtgeşmemikä? Ýaradylyş maňzyňdaky duýgularyň oýanmagymyka?

Tansçylar milletiň öňüne geçip tans edýärler. Soň garransoňlaram, tans bolsa görmän durup bilenoklar. Hatda tans edere ýagdaýy ýogam bolsa, ellerini gerip tans edýäniň şekilini edýärler. Ýogsa, tans manysyz bir zat ýaly. Ýüregiňdäki joşgunyňy daşyna çykarmak ýaly. Şol joş ýokka tans edýänleriňki ýaly eliňi gerjeşdirmek nämäňe gerek? Adam, adam... Menem şolardan biri... Ýürekde joş gutaraňkyrlapmy, ýa ol doly gutarypmy bilemok, ýöne ýaşap ýörüşim şol tansçyň elini gerjeşdirişine meňzeýän ýaly bolup dur. Hemme zat netijesi bilen kesgitlenýär. Hany bir az wagt geçsin, hemmesi belli bolar. Alla jan, boşuna elini gerjeşdirip ýörenlerden bir etmäwergin. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.