| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 29, 2012 | 7 teswir | 976 okalan

Fewralam gutardy. Täze işde işläp ýörenime 1 aýdanam geçdi. Işi doly göz öňüne getirýän. Kim, näme, nire - düşnükli bolup barýar. Döredeijilik welin dur diýsemem bolýar. Bir aýda üç goşgy hem şu gündelikler. Gündelikleriň maňa peýdasy baram bolup biler. Ýöne häzirä öwrenşipdirin. Tä agşama çenli ony ýazmalydygymam ýadyma düşenok. Ýazmagam kyn görýän. Islendik zatda hakykaty ýazmaly. Hatda, gowy maksat bilenem dogryňy aýtmasaň, syryň ilki özüňe açylýar. Özüň dogryňy aýtmaýanyň üçin etiňi iýip barýaň. Belki gündelikde muny ýazmak dogry bolman biler. Emma, döredijilikde hakykata aralaşmak esere ýitgi getirenok. Mysal üçin adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda men gahrymanlarymy gaty dar saklaýan, öz çyzan çyzygymdan daşyna goýbermeýän. Hakykatda welin adam ýüzüni gapdala sowup ýalan sözläp ýa-da hakykaty ýaşyryp bilýär. Özem iň dogruçyl adamlar. Adamlarda ters hereketini ýaşyrmak üçin müňläp bahana tapylýar. Çynymy aýdasym gelmedi diýseňem bolup dur. Ýalan sözlejegem däldim. Ýalan sözlemek niýetimde ýokdy, ýaşlyk edipdirin, pikirem etmändirin. Şol wagt kellämde başga müň pikir bardy. Şeýtanam ara sokuldy... Gidip otyr, emma netijede ol ýalançylygynda galýar. Her zat diýsin, ýalany örtüp bolanok. Hobel baýragyny almakdan boýun gaçyryp, öz hakykatynda durup bilýän adamlara haýran galýan. Bizde adamlar kämillige ýetensoň kämilleşmelidir öýtmeýärler. Kämilleriň kämilleşişi has uly zat. Her birimiz dilimizde kämilligiň çägi ýokdur diýýäris, emma herimizem özümize görä kämilligimiziň çyzygyny çyzýarys. Soň şol çyzykdan hiç geçmeýäris. Hatda ondanam pese düşýän ýerlerimiz köp bolýar. Kämillige, dogrusy öz kämilligiňe ýetmek gözüň açylmagy. Seniň ýaňy gözüň açyldy. Töweregiňe seret, şu güne çenli görmedik zatlaryňy görýäň, akylyň ýetmedik zatlaryna akyl ýetirip dursuň. Sen hakyky kämilligiň gyrasyndan ýaňy girdiň. Kelläňi işletmek indi başlanýar. Netijelere indi gelmeli. Ýaňy birinji perde açyldy, belki-de olam açylan däldir-de sen ony açmaga has ýakynlaşansyň. Ozal çynyňy ýaşyrmagyň nämediginem bileňokdyň. Hatda ony ýaşyrmalymykam diýerdiň... Şolar ýaly zatlary näçe sanasaň sanap oturmaly. Döredijilige täze göz bilen garap işläp başlamaly. Emma, ondan öň täzeçe görýän zatlaryňy has dury görmeli, has aýdyň, has anyk, her bir nokadyna çenli saýgaryp görmeli. Alla jan, kuwwat ber, ömür ber...       

Teswirler (7 sany)

Almaz:
29 Fewral, 2012

Nace kop bildiginizce, shonca-da az zat bilyandiginize goz yetirersiniz. Nace kamillesseniz, shonca-da kemalyn basyndan hem girip bilmandiginize dusunersiniz. Hic zat etmedik yalnyshmaz, hic zat bilmeyan hemme zady bilyandirin oyder, kamil bolmadyk kamilligin cur depesindedirin diyip pikir eder.

Almaz:
29 Fewral, 2012

Ak kagyzyn cakylygy diyen makalada yene bir teswir goshmak islapdim, emma bu teswirimde iki sany edepsizlik gorunjek. Biri edebiyat ehlinden bolmanlygym ucin edebiyat hakda soz acmak, biri hem yashy kici bolup yashuly adama bir zatlar undejek bolmak. Bu iki edepsizligi teswir ya-da maslahat diyip hodurlemek bolsa ucunji bir edepsizlik.

Ylýas:
29 Fewral, 2012

Almaz dost. Ýazgylaryňy okap begendim. Hasam "Hiç zat etmedik ýalňyşmaz, hiç zady bilmeýän hemme zady bilýändirin öýder, kämil bolmadyk özüni kämilligiň çür başyndadyryn diýip pikir eder" diýen sözleriň ýüregime jüňk boldy. Hemmämiziň bilýän, emma öz ýüregimizden geçirmeýän sözlerimiz. Bize zat bilmeýändigimizi, az ýazýandygymyzy, kämilleşmekden daödadygymyz boýun almak kyn düşýän bolmaga çemeli. Teswirleriňe sag bol.

kimdirbiri:
01 Mart, 2012

Almaz dost, sagbol! Makalanyn adyny agzamak bilen ol makalany okamagyma sebap boldun. Ol makala yazan teswirimi uzaltmajak bolup galanyna barde dowam edyarin. Virtual auditoriyanyn agzalaryna bir soragym bar.
Suratkeşlerin kursy bar, adamlar cagalaryny ol kursalara iberyarler. Sazandalaryn kurslary bar, adamlar öz cagalaryny sazanda bolsun diyip ol kurslara iberyarler. Emma, yazyjylyk ya-da şahyrlyk kursuna duşmadym. Eysem, şahyrlary yazyjylary millet mekdebi yetişdiryarmika?

Ylýas:
01 Mart, 2012

Kimdir biri dost, düşünşip ugranymyza begendim. Ýöne munuň gaty yrga düşünişmedigine gözüm ýetip dur. Şonuň üçin sözlerime has syntgy bermäge çalşaryn. Pikirleriňiz üçin sag boluň. Elbetde, ak kagyz gaty päk zat. Çagaň ýüregi ak kagyzdyr, oňa näme ýazsaň şol galar diýip okanym ýadyma düşýär. Hak ýolam päk ýol. Kagyz şeýle ýyrtylagan zat ýalydyr welin, oňa ýazylansoň, orslar aýtmyşlaýyn, ýazgyny palta bilenem çapyp aýryp bolmaýar.

Dowlet:
01 Mart, 2012

Ýazyjylar dogulanda ýazyjy bolup dogulanýandyr, ýöne bir ussadyň elinden geçmedik ussat bolup bilmez diýbem bir söz bar. Ylýas aga, biz ýazyjy bolmasak da, bize de ussatlyk etjek birileri gerek, sebäbi ýazyjy bolmak däl de kitap ýazmak niýetim bar. Adamlar bilen paýlaşmak isleýän sözlerim bar.

Ylýas:
01 Mart, 2012

Döwlet dost, ýazyjy bolup dogulylýandygyna-da mende ynam ýok. Mysal üçin men suwda ýüzüp bilemok. Ýüüji bolup dogulmadyk ýaly. Emma, bir ýüzmegi gowy görýäniň ogly bolan bolsam, mn ýüzüp biledim. Görenler maňa ýüzüji bolup dogulan ýaly diýerdiler. Belki rekord täzeläp ýören ýüzüji bolup bilmsem bilmerin, ýöne olam Allaň elinde. Adam çagaka, soňam 16-25ýaş aralygynda nämäni etmäge höwes etse garaz ugruny belli edýär. Özümi ýazyjy bolup dogulandyryn öýdemok. Maňa ýazyjylygyň ýoluny nesip etdiren Gurbannazar bilen Baýramguly kakam. Eger aýdasyň gelýänleri aýdasyňyz gelýän bolsa bu eýýäm ýazyjylykdan habar berýr. Men size elimden gelen kömegi etmäge taýýar.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.