| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Mart 02, 2012 | 0 teswir | 845 okalan

Düýn 1-nji martdy. Şol gün işe baranym bilen telefon geldi. Mekdepde bile okan ýakyn dostum Atabaý eken. Bu gün 1-nji martdyr diýdi. Yzyndanam durubyrak gutlaýan diýdi. Menem sag bol diýdim. Hawa, şu gün Gurbannazaryň doglan güni diýdim. Olam şeýlemi diýdi. Men özümi Gurbannazaryň doglan güni bilen gutlanýarmykam diýipdirin. Milli baýramçylykda, mysal üçin, 1-nji maý güni, bu güne hiç birimiziňem dahylymyz ýokka, bir-birimizi gutlardyk. Edil şonuň ýaly boldy. Meniň kellämde Gurbannazar bardy. Gutlaýan diýleni bilenem sag bol, hawa, Gurbannazaryň doglan güni bu gün diýipdirin. Ýogsa dostum meni ýazyň çykmagy, ýazyň ilkinji güni bilen gutlan bolsa gerek. Ýöne ol muny aýtmady, hakykatdanam Gurbannazaryň güni bilen gutlan ýaly gürrüňini dowam etdirdi. Sebäbi bu onuň özünüňem göwnüne ýaran bolmaly. Soň Kab dostuň "Derdiňi enä goýmasaň" diýen setirine "Dogrudanam Gurbannazar enesine dert goýmadyk bolmaly" diýen pikiri aýtmagy maňa hasam gaty täsir etdi. Dogrudanam, Gurbannazaryň ejesiniň 90 ýaşynda ak guş ýaly saýrapjyk oturşyny başga zat bilen düşündirer ýaly däl.

Uzakly gün stolumyň başynda oturasym gelmedi. Wah, 20-30 ýaşlarymda bolsadym, daşarda Gurbannazary ýatlap öz göwünsöýen oglanlarym bilen gezsedim diýdim. Bapba-da ýok, Tokaram ýok, Ahmet neresse-de ýarawsyz, Mämmetnazaram bizden şeýle uzaklaşdy. Beýleki tama edäýjeklerim telefonam etmediler. Gurbannazar neressäň "Bir seretsem dost nire, boşapdyr daşym" diýýäni boldy. Hydyram başga ýerde. Hernä agşam üýşüljek, Hydyram, Baýramgulam, Soltanmyradam, Mergen dagam geljek. Gurbannazaryň ruhuna aýat okarys diýýän. Akmyrat agany agşama çagyrasym geldi. Arman jaý darlyk etjek.

Bolsa-da gün isleýşim ýaly tamamlandy. Üýşdük, tebäregem çykdyk, gowy gürrüňlerem etdik. Ýüregim giňedi. Gaty rahat ýatypdyryn.

Bu gün bolsa 2-nji martam geçdi. Žurnal dili, resmi dil ýadymdan çykyşypdyr. Aman Goşa gelip gitdi. Türkiýeden Hudaýy beý onuň hekaýasynyň çap edilen žurnalyny iberipdir. Bir hili çekinip geldi, gelişi ýalam eglenmän çykyp gitdi. Özüni alyp barşyna geň galdym. Ertir 64-nji mekdebiň okuwçylary bilen duşuşyga çagyrdylar. Gurbannazary ýatlajaklar. Bu barada ertir giňişleýin ýazaryn, gürrüňimiz ýene Gurbannazar hakynda bolar.    

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.