| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Mart 04, 2012 | 1 teswir | 803 okalan

Düýnki duşuşyk, gaty gowy geçdi. Hemişekisi ýaly päk çagalar, çaga ýaly päk şahyryň goşgularyny okadylar. Içimden pikir edýän, Gurbannazar ýyllar meniň ömrümi kesgitlemez, ony kesgitlejek zaman bar diýýär. Hakykatdanam Gurbannazaryň ýaşynyň näçä çenli dowam etjegi belli däl. Biz altmyşdan soň belki 65 ýa-da75 ýaşarys. Şonuň bilenem ömrümiz tamam bolar. Onuň welin 165 ýyllygy bellenmegi hem mümkin. Onuň ömri goşgularynyň ömri bilen deň dowam eder gider oturar. Ony Gurbannazar görmez diýibem bolmaz. Sebäbi meniň görýänimi kim görýär? Büdürämok, ýolumy saýgarýan, adamlary tanaýan - emma bu görmekmi näme? Bir gün men şonam görmerin. Ýöne Gurbannazar näme diýýär: "Bilýän ahyr bir gün ölerin, Ýöne bu meniň öldügim bolmaz". Görüň edebiýadyň güýjüni! Men peýdaly adam hökmünde ölmejek bolsam, ýazanlarym adamlara peýdaly bolsa, meniň sogabymam artar gider oturar. Ýöne peýdalanan bolsa? Şeýdip mekdep okuwçylary ýazanlaryňy ýat tutup olar bilen terbiýelenseler ne ýagşy. Özüň zadyň alnyndan dälkäň nämeleriň arzuwyny edýäň diýsene! Emma, edil biderek zähmedem çekýändirin öýdemok. Uly sözden toba edýän...

Dünýä edebiýaty diýilýän gaty beýik zat. Gije-gündiz işlemek gerekdir, ýöne, ýa gije işlärsiň, ýa-da gündiz. Öňki işleýişiňden birazajyk köp işläp bilersiň. Her gün birazajykdan belli bir çäge çenli ony artdyryp bilersiň, emma, gije-gündiz işlemek bolmajak, gülkünç zat. Dogry, şony höwes edýän, wagtymyň şeýle azdygyny bilýän. Emma, hemme zada hakyky bolşy ýaly seretmeli. Netijeli işlemek diýen bir zadam bar. Etjek işiňi bilmeli. Onuň netije berjegini bilmeli. Netije bermejek zada wagtyňy sarp etmeli däl. Şu wagtky žurnaldaky işlerim netijeli bolsa gerek. Çaltyrak "Ilki ýürek ölýäriň" ssenarisini tamamlamaly. Yzy bilen iki agajyň powestini gutarmaly. Serialy dowam etdirmeli. Wagt meselesinde ýene azajyk ýowuzlaşmaly. Dynjam alnar, işlenerem. Ilden günä gözlemän özümden günä gözlemeli. Boş oturanymy gowy görmek, içimi diňlemek, irräk ýatmak, iş başyna geçip bilmän ýaýdanjyrap ýörmek ýaly häsiýetlerimi goýmaly. Alla jan, güýç ber, gaýrat ber.         

Teswirler (1 sany)

Almaz:
05 Mart, 2012

Pahyr, o gunler sikayat eden Gurbannazar sahyr, bu gunki yetiship gelyan aydyn nesli gorsedi nahili begenerdi. Bu gunki alemi aydynlatmak ucin car yana at salyan gutly capyksuwarlary gorsedi ol bu altyn neslin waspyny ederdi we bu gun biz onun gam-gussadan doly, sikayatly gosgularyny okaman, altyn altyn cagdaky nurana neslin waspyny yerine yetiryan gosgularyny okardyk.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.