| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Mart 09, 2012 | 0 teswir | 770 okalan

Bu gün işde Hudaýi beýiň sahypasyna girsem mekdepler hakyndaky kitabymyň täze neşiri hakynda habar bar eken. Begendim. Näme üçindir kitabyň daşyna atyň üstündäki türkmen oglanynyň suratyny goýupdyrlar. Gelişmänem duranok welin, bir hili reklam kitaplary ýaly bolupdyr. Öňki kitaplaryň daşy oýlandyrjydy. Ýöne bu-da gowy. Türkmenistan hakyndadygy billirýär. Häzir türkmenler, Türkmenistan hakynda Türkiýede gowy okalýan bolmaga çemeli.
8 mart hakynda ýazjakdym. Şol gün işdenem boş bolamyzsoň öýde boldum. Terjimämi etdim. Howaň ne ýagyp ne açylyp bilmän oturşy depäňden basýan ýalydy. Bir hili yzgytsyz aýallar ýadyma düşdi. Hakyna seredeňde erkekleriň yzgytsyzam ýetik welin, aýal pahyra atylan daş degip dur-da. Iki dogan oňuşmasa-da aýallar günäkärlenýär. Mümkin şeriň başy aýaldyr. Ýöne aýaly şer başy edýäniň özi aýalça-da ýokmuka diýýän. Aýal jylawlanan at ýaly. At bolsa üstündäki bilen tanalar diýen nakyl bar. Ata çykan erkegiň elinde jylaw, aýagynda üzeňňi. ýene gamçysam bar, onsoň aty günäkärlejek bolmak gülkünç. Atymyza at daksak ol bizi barjak ýerimize eltmez. Atyň üstündäki atynyň dilini tapmalydyr. Bu baky mesele. Onam her kim özüçe çözýär. Emma, her bir gybaty edilýän aýalyň enedigini unutmalyň. Her aýalam özüniň enedigini unutmajak bolsun.
Bu gün mekdepler hakyndaky kitabyň türkmençesini size okamaga goýaýyn. Türkmençesi kitap edilip çykarylsa hasam begenerdim. Häzirlikçe internetde goýup okyjylara hödürlemäge mümkinçiligim bar. Şondan peýdalanaýyn. Okap pikirleriňizi ýazarsyňyz diýip umyt edýän.  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.