| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Mart 21, 2012 | 2 teswir | 857 okalan

Bu gün nowruz. Ertirem. Nowruzdan soň ýaz çykdy hasap edilýär. Dünýe özgerýär. Ýaşaýyşa täzeden jan girýär. Özüm hakynda-da muny aýdasym gelýär. Bolmanda ganymyz täzelense. Gyş çyksa. "Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam..." Gurbannazar. Pikiriň ýagty bolmagy nämäni aňladýar? Optimistlikmi? Durulykmy? Garaňkylygy ýagtyldýan, töweregine ýagtylyk saçýan pikirmi? Özüme pissimistdirin diýip biljek däl. Kinomyzyň ssenarisini gaýtaranlarynda iň soňky gezekde Hydyram el çekipdi. Men welin goýmaly diýdim. Başardygymdan düzedişler girizip gaýtadan tabşyrdyk. Altmyş ýaşabam "Dünýä edebiýaty" diýip işe girýän. Başga biri bolsa pensiýa çykmak üçin dokumentlerini düzetmegiň aladasynda bolardy. Işe ýaş oglan-gyzlar iki sözlemiň başyny zordan çatyp getirenlerinde sizden bir zatlar çykar diýip olary höweslendirmäge çalyşýan.

Durulyk. Ine bu welin mende ýetmezçilik edýän zatlaryň biri. Belki-de şol optimistligim "Akar suwy bulandyrýandyr"? Ýöne durmuşda gelýän kararlarym köplenç dury pikirlenip gelnen karara meňzeýär. Ýogsa men özümde durulygyň ýokdugyny bilýärin.Emma, Alla meniňkini ugruna edýär. (Alla döneýin!) Öňünden taýýarlanman ýeke özüm Garrygala gidýän, baryp şo taýda işlejek diýýän. Ugruna bolýar-da şertler meniň isleýşimdenem gowy bolup çykýar. Işe giremde garaňky ýalydy. Ýöne garaňky bolmaz diýdim, girdim. Ýene edenim ugruna. Emma, dury  pikirlenip, dogry karara gelmekde özümiň ejizdigimi bilýärin. Belki-de nowruz pikirlerimi durlar.

Ýagty pikir. O! Bu-la mende asylam bolmandy. Pikirlenip-pikirlenip bir zat aýtsamam ile - töweregimdäkilere gülki bolýan. Şonuň üçin başarsam pikirimi aýtmajak bolýan. Ýöne pikirlenip bilmeýän akylym, geplemän oturmalydygyma-da çatanok. Boş kelle çeňňegiň poplawogy (şu sözüň terjimesini hiç tapyp bilmän geçdim) ýaly derrew suwuň ýüzüne çykýar. Emma oglum ýaly ýaşdakylaryňammenden akyllylary kän. Özüm ýalylar-a goýaý. Belki bu sadalykdyr? Menem näme diýibem bolsa öz göwnümi aldamalydyryn ahyryn, Ýöne dünýe giň. Maňa meňzeşlerem kändir. Ýene bir gezek Alla şükür edýärin.   

Teswirler (2 sany)

Nazar:
30 Mart, 2012

Esasy ýagty pikir beýleki ýagty pikirlere ýol açyp bilýän pikirdir diýen düşünjede.

Ylýas:
04 Aprel, 2012

Dogry aýdýarsyňyz. Şöhle şöhläniň üstüni ýetirip ýagtyyk emele getirýär.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.