| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Aprel 21, 2012 | 1 teswir | 1122 okalan

Bu gün aýlowda atlary kino düşürdik. Kinomyzda esasy gahrymanlary gördüm. Erbet däl. Kino umuman bolarly.

Adamlar maddy baýlyk bilen ruhy baýlygyň arasyny açyp bilmän, ýagny özüne iň zerurynyň haýsysydygyny kesgitläp bilmän kösenýärler. Ikisem gerek. Dogry. Ýöne haýsysy has zerur? Haýsysyny öňe düşürýän bolsak şoňa görä-de bizi tanasa bolar. Maddy baýlygy nebsimiziň garasy, ruhy baýlygymyzy nebsimiziiň arassasy ýöredýär öýdýän. Mysal üçin, bir gurgun içerä myhman bolsak. Täzeje mebller, kreslo diwan, haly düşekler, üýtgeşik telewizor, maşyn... garaz hemme zat ýerbe-ýerdenem ýokarrak. Birdenem içerde bir edepsizlik bolup geçýär. Aýdalyň goňşy otagdan öýüň bikesi bilen oglunyň galmagaly eşidilýär. Soň ol galmagal koridora, myhman jaýyna golaý ýerden aýyl-saýyl eşdilip dur. Gulagyň eşidýän sözlerinden özüň utanyp gidýäň. Içeriň gurgunlygyndan, ortň ýazylan saçakdaky nygmatlardan lezzet alyp bileňok. Çaltyrak turmak bilen bolýaň. Ýene bir gün başga bir garybyrajyk içerä myhman bolýaň. Öýde üýtgeşik mebelem ýok, saçagam üýtgeşik däl. Emma süýji gürrüňlerden, öýdäki uludan-kiçi hemmeleriň edebinden ýaňa özüň gaty rahat duýýaň. Bu öýleriň birinjisi maddy taýdan, ikinjisem ruhy taýdan baý. Elbetde siz ikinji öýi saýlarsyňyz. Ýöne... ýuwaşjadan birinji öýüň yzyndan ýetmäge çalşarsyňyz. Ýene ruhy baýlyk ösmesini togtadar. ny togtamaz ýaly edip bolmaýarmy? Meniň pikrimçe bolmaýar. Sebäbi birinjide  nebis gara. Ol arassa nebsi hapalamaga has ýakyn. Onuň bir damjsy, päk nebsiň "10 litirini" çüýredip taşlaýar. Emma, ýene-de biraz ýaşaýyşymy gowlaýyn diýesimiz gelip dur. Pygamberimiz ýaly gamyş düşekde ýatmak bize şeýle bir kyn, hatda mümkin däl. Arada biri üýtgeşik ýassyk çykypdyr, ýaman rahat ýatýaň diýip gürrüň berdi. Menem şol wagt oňa höwes etdim. Emma, ol höwes edilmeli zatmyka? Özümi aklajak däl. Birinde gara nebis bar bolsa mende-de bardyr. Aýlyjagym, gonorarym, limojyklaryň puly diýip hasap edip ýörün. gul öýermeli. Ony öýeremsoň maddy baýlygyň asla pikirini etmenem diýýän. Ýöne bu diňe söz bolup galar. Adam pahyryň ganynda bar zat-da. Ýöne halal gazanjyň pikirinde bolmak şo-da gowy zat. Hudaýa şükür harama ýanaşamok. öne halal bolany bilen maddy zat ruhy baýlyga öwrülenok. Ruhy baýlygymy artdyrmak üçin elimden gelenini etmäge çalyşýan. Ýöne maddyça ýogurakda. Aý bolýar, has şahsy gürrüňleri edäýdim öýdýän. Ýöne bu ýüregimdäkijeler. Olary okap, bu agamyza satyn almak aňsat düşer diýip pikir etjekler ýalňyşar. Şu-da esasy zat bolsa gerek.    

Teswirler (1 sany)

Алп Арслан Түркмен:
22 Aprel, 2012

Мениң пикиримче мадды байлыгың я-да рухы байлыгың хайсының өңе дүшйәнлиги дәл-де, оларың деңаграмлыгы мөхүм. Мадды байлык артдыгыча рухы байлык онуң билен «атбурун» гитмесе инжиклер гөтермән башлаяр. Хайсы хем болса бирини сайламалы болса, белки рухы байлыгы сайлажаклар бейлекә гаранда кемрәк болаймагам мүмкин. Йөне, бу байлыкларың икисини эдинмәге- де хич ким чәклендирме гетирмейәр. Гара небис элбетде, мадды байлыгы өз гара ислеглеринде уланмак үчин талап эдер. Эмма газанан мадды байлыгыңы гара небсиң ыгтыярына берип-бермезлик өз элиңдәки эрк. «Арасса небис» барада эшитмәндим. Небсиң иң оңат тарапы онуң үстүне мүнүп билсең, эдил гысылан пружина мунен ялы сени арша ченли гөтерйәнлиги болаймаса. Ынсандакы небис механизминиң гаршысына калп ве выждан механизми чыкыш эдйән болмагы мүмкин.
Элбетде, гурмакдан йыкмак еңил. Гара небсиң гарасы арасса выжданлара өрән чалт ёкяр. Онда биз үчин гымматлы болса, выжданымызың, имана сандыклык эдйән калбымызың дашына «полат галалар» галдырмагымыз зерур. Эгнинден асан хоржунында лаглы-жөвхер гөтерйән ёлагчының гатнав үчин иң ховпсыз ёлы сайлайшы ялы «газаның гарасындан» мүмкин болдугыча узак дурмак герек.
Түркмениң гадымдан тутуп гелйән дин ёлуның ымамы, Ымам Агзам Эбу Ханифе Хезретлериниң бу темадакы деңаграмлылыгы ене-де бизе йөрелге болуп чыкыш эдйәр. Ол Әгирт Ымам барадакы кыссалары Сизиң гүнделиклериңизде хәли-шинди окаярыс. Бейик Ымамдан башга-да бу деңаграмлыгы аңрыяны билен газанан нусга аларлык, әлемлериң Солтаны болмак билен чәкленмән, көңүллериң Солтанлыгына елкен ачан гахрымынларымызы гөркезмек мүмкин.
Өмрүнде гатнашан сөвешлеринде еке гезек еңилмедик Халит р.а. харбы сапарда аманадыны табшыряр. Осман Түркмен Дөвлетини эсасландырыжы Осман Бег аманадыны табшыранда лаглы-зүмерреде безелен тагты ёкды, көшгем ёкды. Еди жахана хөкми йөрән Сүлейман 76 яшында сарайында дәл-де, йөришде чадырында Хака йөрейәр.
Бу нусгалык шахсыетлер, оларың несиллери болан бизе гөтермеси еңил болмадык агыр мирас гоюпдырлар. Бизден соңкы несиллер авторың айдышы ялы бизи (биз өзумузе шейле баха берсек-де) «кагыздан эллиге» меңзетмезлер ялы оларың дикен байдагыны бир гарыш хем болса илерилетмек бизиң бойнумызың боржы болмалыдыр.
«Умыт Гунчаларына...»

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.