30.04.12 | Gündelik | Ylýas Amangeldi

30.04.12

Aprel 30, 2012 | 1 teswir | 922 okalan

Geň maglumat eşitdim. Alymlar bihaýarak, wyždansyzrak, namyssyzrak we ş.m. häsiýetli adamlar haýalyrak, wyždanlyrak, namyslyrak, merdiräk we ş.m. häsiýetli adamlardan maddy taýdan gowy ýaşaýar eken. Olar ýokary wezipelere-de, baýlyga-da, şöhrata-da we ş.m. dünýewi maksatlara has bahym, has aňsat ýetýär ekenler. Aslynda, men munuň şeýledigine TW-de işleýän ýyllarym, entek ýaňy 24-25 ýaşlarymda göz ýetiripdim. Biri bardy haýýar heleýiňki ýaly häsiýetlidi. Her kim şoňa galmagyny eşitmejek bolup, ondan gaça durýardy, onuň bilen razylaşýardy. Hiç kimiň poha daş atasy gelenokdy. Ýöne şo wagtlar, aslynda häzirem “Haýaňam, wyždanyňam, gaýratyňam öz dar agajy bardyr” diýýärin. Hakyky akylly adamyň, haýa, wyždan, namyz, ar, iman diýen düşünjelere dogry düşünýän adam beýle gymmatly häsiýetleri şü dünýä gara şaýysyna satmaz. Olar daşyndan utulýan ýaly görünselerem, ahyret olaryňkky. Pygamberimiziň “Istemermiň, ýa Omar...” diýýändir.

Ýöne ynsan şu dünýede-de ýaşamaly ahyryn. Başardygyndan (hiç boljak zat däl ýaly görünse-de) şu dünýäni jennetiň bir bölegine öwürjek bolmaly dälmi? Eýgerdenok, gynanýaň, emma ýeke-täk alajyň Alla razylygy üçin şü dünýäni jennetiň bir bölegine öwürjek bolmak. Bolmanda öz ýüregiňi, bolmanda ýüregiň bölejigini jennet ruhy bilen urduryp bolsa-da bolýar.

Bu zatlary ýazmak nämä geregem diýýän, ýene-de ynsan ýaşaýan bolsa, bir maksady bolmalydyr, senem öz maksadyňy belli etjek bol, ony has gowy, aýyl-saýyl görjek bol, oňa ýetjek bol diýip ýazaýýan, özüm üçin.

Kinodan habar ýok. Bedew baýramçylygam geçdi. Belki, Myradyň ýeke özi almak niýeti bardyr. Ýogsa, men oňa päsgel bermedim. Ol men bolsam-bolmasam edenini, islanini etdi. Alla haýyrlysyny etsin. Ýekeje gorkýän zadym, bolgusyz söýgüni suratlandyryp, ýaşlary özüne çekjek bolmasa, şolara gowy kino eken diýdirjek bolmasa bolýar.

Teswirler (1 sany)

Dowlet:
30 Aprel, 2012

Ahyrzamanyň alamatlary baradaky hadysda aýdylyşy ýaly düşindim men. Ýagny iş ehli bolmadyk adamlara beriler. Erbet häsiýetli adamlar başa geçer. Ýagny işi hak etmedikler işiň başyna geçer. Munyň elbetde sebäpler çägindede sebäpleri bardyr. Meselem gowy niýetli, imanly adamlaryň wezipeden, jogapkärçilikden gaçyp diňe öz rahatyny oýlamagy. Bu tema biraz uzaga çeker. We bärde göni girilmeli däl temalardan diýp hasap etýän. Sebäbi birileriniň guýrugyndan basarmy nämemi. Kino barada, ýaşlaryň köpüsi aslynda söýgi hekaýalaryndan doýdular, üýtgeşik bir senariýa üýtgeşik bir kino isleýäler, isleýäris. Ýöne birileri muňa seretmän ýene söýgini iň esasy tema ýaly edip kino düşirýän bolsa diýmek ýada bilenok, halkdan habary ýok ýada başga çäresi ýokdur diýp pikir etýän

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.