| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 16, 2012 | 0 teswir | 904 okalan

Bu gün agşam magraç. Hemmäňizi bu baýram bilen gutlaýaryn. Doga-dilegleriňiz, oarza-nmazlaryňyz kabul bolsun!

Pygamberimiziň ymmatym diýip yzyna gaýdan gijesi. Bize-de gören jenneti nesip etsin diýip Serwerimiz yzyna dönüpdir. Onuň ymmaty, sünnetini berjaý edip ýören, Onuň ýoluny tutujylardan bolmak hemmämize nesip etsin.

Gelip-gitme däliňki ýaly, ýene özüm özümden daşlaşyp barýn ýaly bolup durun. Ýazasym gelýär. Makala, hekaýa, roman. Ýogsa ynjalmajagymy duýýan. Ýa işde edebiýat bilen kän iş salyşýanymyzdan şeýle bolýar? Hydyr bilen täze ssenariý başladyk. Olam ýöräberenok. Garaz ýazsam zeýrenç, ýazmasam agy bolup barýar. Ýöne inşalla, ugrugar. Ugruna däldigini bilmegem eýýäm ugrukjakdygynyň alamaty.

Gündelik ýazmaýanymyň esasy sebäbem şu. Özümden göwnüm gçjek bolýarmy nämemi. Yssydan bolmagam ahmal. Irden ýöreýärdim. Olam ökjämi agyrdýar. Ýöremedik günlem agyranok. Özümiňem ýöräsim gelýär. Hany gaýrat edeli. Ýene azajygam bolsa, bir zatlar etmäge ýetişsek gowy.     

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.