| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 21, 2012 | 2 teswir | 897 okalan

Ahyry täze bir zada başladym. Ýazmasy kyn bolar öýdemok. Ýöne aňsadam düşmez. Türkmeniň ruhuny açyp görkezmek pikirim bar. Başga milletler bireýýäm stol-stulda nahar iýýärkä türkmen henizem aňbogdaşyny gurup ýerde otyr. Kölegä keçe ataýman oturguçjyk, stoljyk, tapçanjyk goýýan türkmen ýaňy görnüp ugrady. Gelinlerimiz gaýynlaryndan, gaýyn agalaryndan ýaşynyp ýör. Bu tema "Ýuwaş gelin" filminde gülkünç edilip görkezildi. Ýalňyşmaýan bolsam bu filmiň bir gapdalynda ors ýa başga bir millet bar ýaly. Türkmene türkmen bolnup seredilmändir. Seredäýäňde-de bu bolşumyz ýalňyşmy, dogry onam aýtmak kyn. Ýazyjynyň wezipesine muňa kesgitleme bermek girýärmi diňseler, ýok diýip jogap bererdim. Ýazyjy görkezýär. Onda görkezme bermek hukugy ýok. Ýa ýazyjy yzyna eýeriler ýaly birisem däl. Häzir Magtymguly ýaly bir şahyr döräp "Ony eýdiň, muny beýdiň" diýip maslahat berip ugrasa, "Sen kimaý?" diýerler. Magtymguly "ony eýdiň, ony beýtmäň" diýende gaty seresap, "ýaraşmaz", "halkym saňa ýalançylyk, binamazlyk, haramylyk... ýaraşmaz" diýipdir. Diýmek edebiýatçy görkezýär, çukura gaçyp barýanyň görkezilse-de ýoluňy dowam etdirseň (köplenç şeýle-de bolupdyr) halkym düşen günüňi özüňden gör. Görkezmek welin gerek. Emma baş çykaryp görkezmeli. Eger mesele baş çykarardan çökder bolsa näme? Onda ýazyjy şol çökderligi, onuň tragediýasyny görkezer. Meniňem pikirim şol. Çözüp bilmeýän meselelerimden gaça durmak meýlim ýok. Gaýta oňa has ýakyn barasym gelýär. Ýalňyşsam Alla bagyşlasyn. Men ýazýan zadyma ak ýürekden ýapyşýan. Onuň çap edilip edilmejekdigi hakyndaky mesele meni gyzyklandyranok. Men täze işiň mazmunyny gürrüň bermäýin. Ýöne ondaky pikirlerden aram-aram gündeliklerde paýlaşaryn. Belki okanlar pikirini aýdar. Häzir şeýle kitabyň gerekdigi ýa-da däldigi, gerek bolsa nämä gerekdigi hakynda pikirleriňizi ýazsaňyz maňa peýdaly bolar.      

Teswirler (2 sany)

Dowlet:
21 Iýun, 2012

Bu işiň mazmunyny bilmesem gerekmi ýada däldigini nädip pikir edeýin? Ýogsam bu gündeligiň içinde gozgalan meseleler barada bolsa hawa gerek diýp bilerin. Liderler gerek. Lider hökman bir ugurdan däldir. Edebyýat, sungat, bilim, ýada bir ýurdyň ýaşaýjylarynyň ruhy dünýäsi babatda ýagny her bir ugurda liderler bardyr. Eger ýok bolsa, onda tebigat boşlugy bagyşlanok logikasyndan netije çykaryp diýmek bu ýeri "başgalary" doldurýan bolmalydyr diýp bolar. Ýazyjy we şahyrlaryň hem öz ugrunda görkezme bermäne haky bar. Çopanlar goýunlaryna jogapkärdir. Maşgalada ene ata, ýada mekdepdeki mugallym, ýada ýazyjy we sungatçylar hemmesi hem "çopandyr" jogapkärdir.

sallamasyoncu:
09 Mart, 2013

Salam, turkmenin ruhuny acyp gorkezmek pikirin bardygyny aydyan. Bu gowy zat. Turkmencilik ruhuny yitirenler ucin uly gollanma bolup biler. Yone medeniyet babatda aydanlaryny tassyklamok. Medeni an-bilim derejamizi ozge yurtlar bilen denesdirip tankytlamaga calysmak akyllyn isi dal. Milli gymmatlyklaryny yitiren turkmeni goz onune getirmegem islamok. Eger hokmany owrenmeli zatlarymyz bar bolsa (muna subhe yok), onda ona wagt gerek. Yoremani bilmeyan caga ylgamagy owretmage calysmak bolyar munyn. Ileri medeniyetli diyyan halklan taryhyna ser salyp goreli, 21 yylda gelen sepgidimize gelip bilen halk barmy hey? Milli ruhumyza kybapdas medeniyeti onlayan. Bu ugurdaky yagsy niyetinde ustunlikler dileyan!

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.