| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Iýun 23, 2012 | 2 teswir | 1206 okalan


Geçen gündelikdäki ýazgyma Döwlet agzadan teswir geldi. Jogapkärçilik, liderlik hakynda ýazýar. Dost bilen doly razylaşýan. Gurbannazar Eziz dirikä lider däldi. Ýazyjylaryň başlygam däldi, gazet redaktoram däldi. Gowy okalýan şahyrdy. Ýogalandan soň 50-ýyl soň ol edebiýadymyzyň liderine öwrüldi. Her kim bir zat diýse oňa salgylanýar. Ýaş şahyrlar özlerini onuň ýazyşy ýaly ýazjak bolup horlaýarlar. Ol hakykatdanam lider. Men lidere dirikä köpçüligiň öňüne düşüp, ýa-da köpçüligi yzyna düşürip bilýän adamlardan başgarak görýän. Köpçüligiň öňüne düşýänler, häzir halk şahyry w ş.m.bolup ýörenlere seredýän-de olaryň lider däldiklerini görýärin. Eger lider diýilýän Messi ýaly birisi bolsa, durmuş futbol däl. Belki-de tutan işiňi essi ýaly başarmak gerekdir. Bu başga mesele. Emma seni Messi diýmezler. Hatda diýselerem ýalandan diýýän bolmaklary mümkin, oýnalýan bolaýmaýyn diýersiň. Edebiýadyň adamlary özgerdýändigine-de ynanasym gelenok. Bir amerkan ýazyjysynyň bu barada aýdanlaryny okadym-da muňa has hem göz ýetirdim. Adamlar bir kitaby okaýarlar, pikirlenýärler, pikirleninde garşylyklar döreýär. Dogrusyny tapdymmykam diýýär. Ýaşamaga başlaýar. Emma öňki Myratlygy. Üýtgän zat ýok. Pikirindäki üýtgeşme näme? Ol bolup biler. Ýöne pikiriňdäki üýtgeşme entek seniň üýtgändigiňi aňlatmaýar. Bar sen üýtgäýem, başgalar üýtgemez, jemgyýet üýtgemez. Jemgyýedi üýtgetmekde finansistler (aýlygymyzy kesgitleýänler, azaldýanlar, köpeldýänler) edebiýatçylardan has güýçlimikä diýýän. Mugallymlarymyz ýaramazlanyp okuwlar gowşadymy ýa-da okuwçylar ýaramazlanyp mugallymlar gowşadymy? Men okuwçylar ýaramazlaşýarmyka diýýän. Sebäbi okuwçyny ýaramazlaşdyrýan bir süri sebäp bar. Mugallym pahyr jan edýär, edýär soňam elini silkip goýberýär. Şeýdibem mekdep ýaramazlaşýar. Soň mekdebiň özem okuwçyny zaýalaýan zatlaryň birine öwrülýär durberýär. Edebiýadam şeýle. Käbir talantly ýazyjylar okyjylaryň islegini kanagatlandyrjak bolup romanyna bolgusyz zatlary goşýarlar. Okyjy ýazyjynyň yzyna düşmeýär. Biz Magtymgulyny okaýadyk. SSSR döwründe. Şol wagtam Magtymguly namaz okaň, halal boluň diýýärdi. Biz diýenini etmeýärdik. Indi namaza ýol açyldy welin Magtymgulyň diýenini edip ýörenler ýaly bolýas. Bu ýerde mesele Magtymguly-da däl ahyryn. SSSR döwründe namaz okamanymyz üçin şahyry günäkärläp boljakmy? Ol aýtdy. Berjaý etmek saňa galýar. Ahyrynda şeýle netijä gelesim gelýär. Biz mal däl. Alla bize maldan-haýwandan tapawutlylykda aň, düşünje beripdir. Diýmek her kim özüne çopan bolup bilýär. Bolmalam. Jogapkärçiligem her birimiziň özümizde. Edebiýat, medeniýet, taryh, bilim we şuňa meňzeş zatlar ýoldaky ýol düzgünleriniň belgileri ýaly bir zatlar. Adam serhoş bolsa olary görmeýär. Halkyň gözi gapylsa hatda polisiýaň işgärinem görmeýär. Onsoň polisiýa işgärem biz ýaly adama (hatda bizçe-de ýoga) öwrülýär, elinden güýji gidýär. Ýol belgilerem garantga ýaly bir zat bolup galýar. Olaryň ýerine edebiýady, ýazylan eserleri arkaýyn goýup bilersiňiz. Alla ýok diýilýärkä Magtymgulyny diňleýän, oňa eýerýän ýokdy. Emma bu Magymgulynyň agramyny pese gaçyrmaýar. Wagty gelýär, halkyň gözi açylýar. Ol Magtymgulysyna-da, Gurbannazaryna-da düşünip başlaýar. Gurbannazar "Halky özgerdýänler şahyrdyr" diýýärkä, edebiýatdan, döredijiliginden uly zatlara garaşypdyr. Emma "Sen näme üçin meniň goşgymy okabam özgereňok. Ýa-da Magtymgulyny okabam özgereňok?" diýmändir. Magtymgula bagyşlan goşgusynda halka "Şeýdip çüýrük merdiwana çykarlar,/ Köňüllerin bir pasyljyk şat edip" diýipdir. Dogry yzky setirlerinde "Han-begler, şazada, şalar ölýärler,/ Halk aglaýar şahyryny ýat edip" diýýär. Emma çüýrük merdiwana münmezlik, bir pasyljyk şatlyga aldanmazlyk halkyň özüne bagly. Gurbannazar "Han-beglerem" ýönelige ýatlamadyk bolsa gerek. Garaz jedelli, emma oýlandyrýan mesele.

Teswirler (2 sany)

Dowlet:
26 Iýun, 2012

Bu meselede ýazýanlaryňyza goşulýan, ýöne bir nokaty bar. Meselem, Magtymguly döwründe adamlaryň köpçüligi namaz okaýardy, soň bu halkyň namazyny taşlamagyna dinden daşlaşmagyna näme sebäp boldyka? Ruslarmy? SSSR my? menimçe däl, sizem beýle pikir etýän dälsiňiz. Ruslan gelen döwründe eýýäm halkyň köpçüliginde agzalalyk we ahlaksyzlyk rowaç alyp başlandygy barada taryh aýtýar. Edil biziň şu wagtky ýaly ýada SSSR döwründeki ýaly hem däldir. Ýöne din kultura hökmünde ýaşalýan bolmagy mümkin. Namaz öňki namazlar ýaly däldir belki. Magtymguly ýaly şahyrlaryň halkyň ýagdaýyndan şekaýat etmekleri hem şondandyr. Indi soramak isleýän zadym. Halk nädip şeýle ýagdaýa geldi? Öz islegi bilen dogry! emma öňki islegleriň başga isleglere öwrülmeginde nämeler sebäp boldyka? Halk umumy seredilende köplenç duýgylary bilen hereket etýär, onyň duýgylaryna goşgy we edebiýatdan güýçli täsir etýän sebäpler az bolmaly. Belki söweşler we ölüm ýitim, bela beterler täsir etýär. Emma bulardan başga halkyň aňynyň şekillenmegi ylym, bilim, edebiýat uly rol oýnaýar. Elbetde bina ýeke kerpiçden ýasalanok. Finansistem, mugallymam, portatçysy hem, bazarçysy hem hemmesi hem kerpiç goýýar. Ýöne edebiýat hem kerpiç goýýar. Goýmaýan bolsa diýmek edebiýatçysy, ussasynda kemçilik bardyr. Ýada halkyň aňy düşinjesi kabul etmeýändir diýp pikir etýän. Umuman siz bilen ylalaşýan. Durmuş ýeke söz bilen däl, ýaşaýan adamlar bilen gurnalýar. M.Akif şeýle manyda bir setiri bardy: Döwür üýtgemez diňe gizlin göz ýaşlar bilen, döwür üýtgär işlemek bilen, jan baş we eller bilen...

Ylýas:
26 Iýun, 2012

Elbetde, edebiýadyň jemgyýete täsiri bar. Onda-da häzirki döwürde. Sebäbi adamlar bolmanda telewizor görýär. Telewideniýäň zatlaram esasan edebiýada daýanylyp döredilýär. Olam bşga bir görnüşdäki edebiýat. Emma dünýäň kyüamata barýandygyny, biziňem ahyrky zamanda ýaşaýandygymyzy unutmaly däl. Şonuň üçin her bir edilen işiň Alla razylygy üçin edilmeginiň gymmaty has-da artdy. Türkmenleriň pese gaçmagy orslardan däldir diýjek däl. Olar Gökdepe urşundan öň türkmenleriň ýerine-üurduna göz gyzdyryp başlapdyrlar. Iň güýçli hakykatdan halkyna täsir edip bilýän adamlary öldüripdirler. Biziň bilýän taryhy şahslarymyzdan başga-da, adamlary azdyrmak üçin eden işleriniňem bolandygyny göz öňünde tutsak olar Orta Aziýa we Kawkaz milletleriniň başyna bela bolupdyrlar. Olar Ýewropalam däl. Ýewropa olary adamhasabyna-da almandyr. Aziýalam däl, dinibaşgadyklary sebäpli. hatda dinsizdikleri sebäpli. Rewolusiýa näme üçin Orsýetde amala aşdy? Fransuzlaram, nemeslerem rewolusiýa etjek boldular, emma tüpeňiň mäşesini gysaýmaly bolanlarynda, ýaragyny kime çeneýändiklerini olar gördüler. Edýän işleriniň telekdigine düşündiler. Orslar welin, patyşasyny çagajygyna çenli öldürdi. Ýöne türkmen näme üçin olara eýerdi? Kaspiň üstünden gelen ýaramazlyklar şol ýerlerde ýaşaýan türkmenlere ilki täsirini ýetirdi. Türkmenler hernäçe goňşy ýurtlaryň täsirine düşmejegem bolsa, bu olara başartmady. Edebiýat sessiz galdy. Sebäbi ony diňleýän azaldy. Wagyzlar ýatdy. Din gowşady. Türkmeniň täleýi başga tarapa üýtgedi. Häzir biz garaşsyz bolduk. Emma hakykatda garaşlylygymyz öňküden kän ýokarlandy. Sebäbi öň SSSR bizi ekleýärdi, daşymyzy goraýardy, ejemiz ýaly ijegimiziň, içjegimiziň aladasyny edýärdi. Dogry ol eje bozuk ejedi. Ýöne şonda-da biz köçä zyňylmandyk. Häzir biz köçede. Öz başymyzy özümiz çaramaly. Edebiýadam täzeden diňlener, okalar ýaly derejä barmaly. Halkyň ahlagyny goramaly. Ýaponlaryňky ýaly biziň daş töweregimiz suwam däl. Tebigy baýlyklarymyzam kän. Oňa bolsa hemmeler eýe boljak. Islendik köçe soýujysy, ýol urüan garakçy biziň boýnumyzdaky gyzylgyzyl zynjyra, goşarymyzdaky gymmatbaha sagada gözüni dikýär. Göni gelip talamaga ýagdaý ýok. Bu gözden çykgynçlyk boljak. Onsoň olar aşaklyk bilen, halkyň aňyny, ahlagyny zaýalamak bilen maksatlaryna ýetmekçi bolýarlar. Biziň muňa akyl ýetirmegimiz, onuň grşysyna nähili göreşmelidigimiz hakynda oýlanmagymyz gerek. Edebiýatçymyň, kinoçymyň, bagşymyň... kim bolsak bolalyň hemmämiziň birinji etmeli işimiz şol bolmaly. Döwür üýtgemez, gizlin gözýaşlar bilen ony üýtgedip bolar diýýän M. Akif döwri üýtgetmegiň agysyna aglamalydygyny aýdýar. Döwür şeýle diýip ýazamyzda gözümizden ýaş akmasa ol ýazanymyz ters netijänem berip biler.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.