8-maý, ýekşenbe. | Gündelik | Ylýas Amangeldi

8-maý, ýekşenbe.

May 08, 2011 | 1 teswir | 1065 okalan

Her günüm gündelik ýazar ýaly gyzyklymy? Mümkin, ýaşamak üçin, özüme gyzyklydyr. Emma, ol kimdir biriniň okanyna degermikä? Bu gorky bilen başlaýan gündelige. Onuň okaljagyny-okalmajagyny bilmän ýazyp otyryn. Aslynda gündelik şahsy zat. Ony ýazýanlar okalmasa gowy görýärler. Emma, okyjylarda gündelik okamaga uly höwes bar. Şonuň üçin gündelik formasynda ýazylan uly romanlaram bar. Menem bu gündeligi okalsyn diýip ýazyp otyryn. Näme üçin, ol okalmasyn diýeýin? Hatalarymy gizlemek üçinmi? Gaýta ony oakan adam, belki-de meniň her günki goýberýän hatalarymy görüp özi şeýle hatalary goýbermejek bolar. Adamyň nämä begenip, nämä gynanýandygyny biler. Töweregindäkileri azyrak gynandyryp, köpüräk begendirmäge çalşar. Günüňi nähili geçirende adamyň ýaşan gününden razy bolýan ekendigini görer. Bu zatar azmy näme? Mundan öň gündeligi özüme peýdasy degsin diýip, günümi düzetjek bolup ýazmaga çalşan gezeklerim bolupdy. Emma, ol ýazgylarym uzaga gitmedi. Aňry gitse bir hepde töweregi ýazyldy. Özüme-de olardan peýda bolmady. Onsoň, gündelik ýazmak nämäme gerek diýip taşladym. „Ölen günlerim” gündeligim gowudy. Keýp edip ýazýardym. Ýöne onam uzak dowam etdirip bilmedim. Bu gezegem şeýle bolar öýdüp gorkýan. Ýöne bu gezek öňümde belli bir möhlet bar. Bir aý ýazmaly. Hany gaýrat etjek bolaýyn. Çünki, ony ýazmagymyň gerekdigini görýän. Okalsa okalar, okalmasa menden ýadygärlik galar. Hawa, bu gün 8-nji maý. Beýik Ýeňşiň öň ýanyndaky gün. Ýazyň güni. Daňdan ol hasam jana tenekar. Bir sagatlyk gezim etmäge çykdym. Ertiriň howasynda ol maňa gowy ýaraýar. Saý-sebäp bilen şeýdip irden ýöremäge çykmadyk günlerim, dogrusy, bir zadym kem ýaly, özümi ugursyz duýýaryn. Obada ýaşamsoň gezim etmäge çykýan ýerim ekin meýdanlarynyň, miweli baglaryň, tutlugyň, zeýkeşiň, örklenen mallaryň, athananyň deňinden geçýär. Ýöreýän ýolum asfalt däl. Gyşda biraz kyn bolýar. Ýer doňsa hezil, ýöne gar eräp ýer palçyk bolsa, ýörär ýaly bolanok. Ýazda, ýagyşlyk günlerde-de şeýle. Ýöne gowy zady ýer gaty. Ýagyşyň-garyň suwy çalt siňýär. Gezim edýän ýolumyň 50-60 metr gapdalynda beton kerpiçleriň guýulýan meýdançasam bar. Gowsy men öýden çykanymdan, tä yzyma öýüme gelýänçäm geçen ýolumy jikme-jik ýazaýyn. Çünki, ol ýazanyňa degýär. Uzakly günümiň özüm üçin iň gymmatly bir sagady şol ýolda geçýär. Öýden çykamsoň gündogara tarap, kakamyň ady dakylan köçe bilen ýöräp ugraýan. Köçämiz obanyň iň ilerki köçesi. Ýüzüm gündogara. Islesem-islemesem günüň dogup gelýänini, ýa daňyň gowy agaranyny, gijiräge galsam, günüň tilki gyýruk bolanyny görýän. Bir ýerde okapdym, güne çokunýanlar güneşe tarap birnäçe ädim ädip dileg edýän ekenler. Hakykatdanam, günüň dogup gelşi gaty owadan hem gudrat. Başga ynanjy bilmeýän bolsaň, bu görnüş hakykatdanam çokundyrjak. Garaňky dünýä ýagtylyp gidip otyr. Görünmeýän zatlar görünip, ukyda ýatan guşlar oýanyp uçuşyp başlaýar. Horazlar bir-birinden öňürti gygyrmaga jan edýärler. Bu olar üçin şeýle keýpli bolmaga çemeli, biri goýsa beýlekisi – hezil edip gygyrýarlar. Edil bagşylaryň jan edip gygyryşlary ýaly. Horaz sesini eşitsem Deňizliň horazy ýadyma düşýär. Onuň gygyraýşyny! Biziň horazlarymyzyňkydan iki-üç, hatda bäş esse uzaga çekýär. Horaz şol gygyryp gidip otyr. Onça gygyrmaga nädip demi ýetýärkä diýip haýran bolup synlapdym. Janawer ahyrky demine çenli gygyryp, soň aýak üstünde-de durup bilmän ýykylyp gidýär. Hernä ölenok, turup silkinýärde gidiberýär. Biraz salymdan ýene gygyrýar, tä ýykylýança. Haýran galaýmaly. Olar dünýäde şeýdip gygyrýan ýeke-täk horaz tohumy diýip aýtdylar. Şolary ýatlap, hem öz obamyň horazlarynyň sesine diň salyp gidip barýan. Ýüz metr töweregi ýörämsoň, birinji çatyrykda ilerligine – daga tarap sowulýan. Dag. Gyşyna gar basanda olar hasam owadan. Häzirem owadan. Ýaňja dogan günüň şöhleleri ilki dagyň depesine düşýär. Eger dagyň başynda ak bulutlar bar bolsa, olaryň gyralary gyzarýar. Özlerem gyzyl öwüsýär. Soň Gün gowy ýokary galandan soň bulutlar agarýan eken. Dagayň başam şeýle, ilki gyzyl öwüsýär, soň öz reňkine gelýär. Ýöne bu gün howa bulutlaşyk. Günüň öňem ala bulut. Edil meniň depämde-hä gara bulutlar has kän. Dag tarap garalyp dur. Ýagyş ýagsa gerek. Diýşim ýaly ýagyş damjyklap ugrady. Kän ýaganogam, käwagt bir damja ýüzüme degýär. Biri meniň bilen oýn edişýän ýaly muňa keýpim göterildi. Çagakak suw sepişip oýnamak iň hezil oýundy. Ökjäm ýere degmän diýen ýaly keýp edip barýan. Ine-de athana. Atbakarlar ýaňy gelipdirler öýdýän. Ýetginjek oglanlar taýly baýtallara bede döküp ýörler. Dört sany taýjagaz eneleriniň daşynda. Biri garaja has owadanja görünýär. Ýolumy mundan aňryk dowam etdirmän olaryň ýanynda duraýasym geldi. Oglanlar maňa salam berdiler. Nähili edepli çagalar. Ala-daňdan öz işleri bilen. Men olaryň adynam bilemok. Olar welin, durup maňa salam berýärler. Münülýän atlar athanaň jaýynyň içinde. Olaryň hokranyşy göz öňüme geldi. Athanadan 20-25 ädim geçeňde beton kerpiçleriň guýulýan ýeri başlanýar. Ol ýerdäki işgärlerem örüpdir. Olar ýoldan biraz daşyrakda. Owadan-owadan kerpiçler. Öň bu meýdança döwülen traktorlaryň, her hili oba hojalyk maşynlarynyň saklanýan howlusydy. Howly bolup daşynyň haýatam ýokdy. Ýöne daşyna sim tor aýlanandy. Içinde-de demir-dümür. Şol demirleriňem garawuly bardy. Garry ýaşuly, Hojam aga. Onuň ýatyp turýan wagony bardy. Soň o garram ýogaldy, howlyň içindäki demirlerem eretmäge, täze açylan metallurgiýa zawodyna äkitdiler. Zada ýaramaýan şol demirleri (ýogsa olar öz döwründe kän iş bitiren däne kombaýnlary, traktorlardy) eredip ýene bir zatlarda ulanar ýaly edendirler. Hojam aga-da indi ýok. O bende-de eräp gidendir ýeriň astynda. Imanly bolsun, jaýy jennet bolsun bendäň. Kerpiç guýýanlardan geçeňsoň daýhan oglanlaň ekin ýerleri başlanýar. Olary gowy tanaýan. Daban azaplary bilen çöreklerini gazanýarlar. Agşam ekinlerine suw düzüp gidipdirler. Hemme joýalary deňje içipdir. Tüweleme tüýs daýhanyň suw düzüşi. Ýöräp barýan ýolumyň çep gapdaly bolsa hapaçylyk. Obaň adamlary, şu töwerekde ýaşaýanlaryň käbiri bu ýere hapalaryny döküp gidýärler. Ýogsa obada hapa ýygnaýan maşynam bar. Bu ýerde ýene ýarylan suw turbasam bar. Ondan akýan suw töweregi batga edip hapalap dur. Gurbagalaryň şalygy emele gelipdir. Olaram örüpdir. Wakda-wak. Öňümde erik baglary. Häzir olar gülden çykypdyr. Ýap-ýaşyl bolup otyrlar. Erikleriň ýakasynda dört-bäş hatar tut bar. Hatarlar 300-400 metre uzap gidýär. Tudanalaram ýaňy bişip başlady. Gaýdyşyn iýerin. Tutçylygyň gyrasy bilen gitmän zeý kanalyna tarap sowulýan. Maksadym – biraz ýolumy uzaltmak. Bir ýanym ekinlik, bir ýanym zeýkanal, ýüzüm daga tarap. Arman zeýkanal gömülip ugrapdyr. Asyl, gömülen ýerlerem bar. Oňa-da hapa döküpdirler. Adamyň ýaşaýan ýerinde hapa-da bolýar. Ýöne ony çem gelen ýere dökmek nähili aýp! Dünýäň gözelliginiň üstüne tüýküren ýaly. Hapalar keýpimi ýaňy bozanda bir ýerden öýsüz-öwzarsyz güjük çykdy. Maňa tarap ylgap gelşine, ýetişibildiginden jöw-jöwleýär. Onuň ýakynyma gelip bilmejegini bilsemem, çala çekinmänem duramok. Ondan has uly eýesiz itlerem enteşip ýör. Ýöne olar adam gördügi gaçýar. Ýanynda eýesi, arkasynda durjak biri bolmansoň pişikdenem beter gorkak bolýan eken it janawer. Emma, bu kiçijik güjük gözi ýok ýaly ylgap gelýär. Men egilip ýerden daş alan ýaly etdim. Ol sakga durdy. Indem duran ýerinden ürýär. Men ýene egilip ýerden kiçiräk daş aldym-da oňa zyňdym. Ol yzyna gaçdy. Biraz yza çekilip ürmäge başlady. Menem ýolumy dowam etdirdim. Jöw-jöwläp galdy. Bir çöpüň üstüne bilbiljik gonupdyr. Hezil edip saýrap otyr. Ony welin men ürküzmejek, gorkuzmajak, uçurmajak bolýan. Saýramasyny kesenini islämok. Ol edil meniň islegimi bilen ýaly tä deňinden geçýänçäm saýramasyny goýmady. Sag bol bilbiljik. Güjügiň jöw-jöwlemesini ýadymdan çykartdyň. Ýolumuň gutarýan ýeri öwliýaçylyk. „Iner kelle weliniň” mazary bar. Bu mazarda ýatanyň bir weli bolandygy hakyna il içinde rowaýat aýdylýar. Emma ol weliň adyny bilýän ýok. Iner kelle weli diýýärler. Iner kelle adynam men-ä soň eşitdim. Kakam pahyr oňa bir weli, şol ýerdäki çöketlige-de „bir weliň oýy” diýerdi. Soň bir weli diýmän „büreli” diýipdirler. Büreliň oýy. Mümkin bolşewikler gelensoň bu ady tapandyrlar? Bilemok. Şol weliň guburyna häli-häzirem zyýarat edýärler. Bäş-alty ýyllykda onuň üstüne gümmez galdyrdylar. Ýagyş-gar üstüne ýagyp durmaz ýaly demirden gümmez etdiler. Ol ýere zyýarat edip, Alladan dileg etseň, kelle agyryňa peýdasy kän diýýärler. Çagasy bolmaýanlar hem bu ýere köp gelýär. Ol ýeri gonamçylyk. Bir weli şol ýeriň gonam başysy. Bu ýerde esasan obamyzda ýaşaýan kürtler ölülerini jaýlaýardylar. Men bu ýere günde diýen ýaly gelýän. Oturdym. Aýat okadym. Dileg etdim. Dilegimi Allaha şükür etmekden başlaýan. Etjegiňe-de sabrym bar diýýärin. Namzymy-rozamy, doga-dileglerimi kabul etmegini dileg edýän. Namarda zar etme, zalyma griftar etme. Müşgil işlerimi aňsat et. Haýyr işlerime rowaçlyk ber. Öz ýoluňdan azdyrma, azaşdyrma Alla jan diýýärin. Soňam maňa beren ukybyňy doly açmagyma kömek et diýýän. Ukybymy açmagy oňarman, elden gelýänimi etmän gitmek meniň iň gorkýan zadymyň biri. Men birine gul boldum diýeliň. Olam maňa bir pil berip ýerimi agdaryp ber diýse, menem ony başarmasam nähili bolar? Allahyň beren ukybyny ulanyp bilmesem hasam erbet. Soň Hak dostlarynyň ýanynda ýüzümi gara etme diýip dileg edýän. Başga kän dilegem bilemok. Iň soňundan Allahym-magfyrlyny okap gaýdýan. Gaýdyşynky ýolum tutlaryň ýakasy. Ýaňy bişen, ertiriň ýaganja ýagyşyna-da ýuwulan tudanalaryň tagamy başga! Allaha şükür, Onuň nygmatyndan nesibäm bar. Tutlugyň gapdalyndan atlylar geçip barýar. Hälki oglanlar atlaryny münüşe çykarypdyrlar. Her günem çykýarlar. Men olara duşmasam gezimim doly bolmadyk ýaly bolup dur. Atlar, üstünde-de ýetginjek oglanlar. Bu görnüşi aňkaryp synlamaga utanamok. Atly oglanlar meniň aty gowy görýänimi bilýärler. Emma, men olaryň özlerinem gowy görýän. Hemme ýetginjeklerimiz şular ýaly bolaýsa diýýän. Öýüme gelýän. Körpe oglum okuwyna gitmäge taýýarlanyp ýör. Ikinjisem birazdan turar, işine gider. Agtyjagymam turupdyr. Dört aýlyjak. Hälki taýçanajyklar ýaly, ýatan ýerinden depirjiklän bolýar. Ine, aýak üstüne galyp, iki-ýana ylgabam başlar. Wagta salym ýok. Men ol günlerimi gündelik edip ýazyp ýetişip bilsem bolýar. Allaha şükür. „Ýalkym” obasy, Türkmenistan

Teswirler (1 sany)

Jennet:
18 Dekabr, 2018

Özüm aylanyp gelen yaly boldum

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.